Jennet «Jennet» sözi – bag-bakja, köşk diýen manyny berýär. Jennet – akyla, hyýala sygmajak maddy we ruhy nygmatlar bilen bezelen, mü ’minleriň ebedi ýaşajak ahyret ýurdudyr. Allah Tagala jennetde her mü’mini iman derejesine, amalyna görä belli-belli mertebelere göterer. Kurany Kerim jenneti we jennetileri şeýle suratlandyrýar: Jennet – gowrujy yssynyň we doňduryjy sowugyň bolmaýan, gökler bilen ýer aralygy ýaly giň ýerdir. Arassa suw, tagamy üýtgemedik süýt we bal derýalarynyň akyp duran ýeridir. Jennetde suwy zenjefil bilen yslandyrylan datly suw gözbaşlary , müşki anbar ysyny saçýan içgiler bardyr, jennet içgisi kelle agyrtmaýan, serhoş etmeýän, içenlere keýp berýän ak gözbaşdan çykýan içgidir. Ol içenleri günä işe iteklemez, samratmaz. Jennetde dürli miweler, hurma we nar baglary, tikensiz sedir agaçlary, hoşalary sallanyp duran banan agaçlary, dürli guş etleri boldur. Jennetileriň eşikleri ýuka we berk, arassa ýüpekdendir, köşkleri bezeglidir, olara hyzmat etmek üçin ýaşlar aýlanyp durar. Olar saýlanan hünji ýaly gözeldir. Ol hyzmatçylar elleri altyn käseli, mejimeli aýlanarlar. Jennetileriň göwünleriniň islän zady ol ýerde taýyndyr. Jennetde olar üçin akdyrylan derýalar, salnan köşkler bardyr. Owadan, arassa ýanýoldaşlar bardyr. Jennetiler ýanýoldaşlary bilen jennetiň saýalarynda gurlan tagtlarynda ýaplanyp oturarlar. Olaryň ýüreklerinden öýke-kine ýuwlup aýrylar, dogan bolup ýaşarlar. Ol ýerde ýadawlyk, zähmet ýokdur. Boş we ýalan söz hem eşidilmez. Käbir aýatlarda jennet şeýle suratlandyrylýar: «Ol gün nygmatlar içinde şadyýan ýüzler bardyr. Dünýäde görkezen gaýratyndan hoşaldyr. Olar jennetiň belent ýerindedir. O ýerde boş gürrüň eşidilmez. Akyp ýatan dury gözbaşlar, beýik tagtlar, taýýar doly käseler, düşelen halylar, per ýassyklar, diwanlar, kürsüler bardyr» , (Gaşiýe, 8-16). «Jennetde zenjefil garylan içgiler hödürlener. Bu içgiler selsebil atly gözbaşdandyr. Töwereginde ebedi jennet çagalary aýlanar. Olary göreniňde ýalkymyndan ýaňa töwerege hünjüler seçilýändir öýdersiň. Haýsy tarapa seretseň nygmat, baýlyk, görkanalyk, beýik soltanat görersiň . Eşikleri ýuka, berk, ýaşyl reňkli ýüpekden, atlasdandyr. Kümüşden bilezikler dakynarlar. Rableri olara arassa içgi hödürläp: «Ynha, bularyň ählisi siziň sylag-serpaýyňyzdyr» diýer», (Ynsan, 17-22). Pygamberimiz bolsa bir kudsy hadysynda ynsanyň akylyna- hyýalyna gelmejek jennet nygmatlaryny şeýle düşündirýär: «Allah Tagala şeýle buýurýar: «Salyh gullarym üçin jennetde gözleriň görmedigi, gulaklaryň eşitmedigi we ynsanyň kalbyna hem gelmejek san-sajaksyz nygmatlar taýýarladym» , (Buhary, Müslim, Tirmizi). Kuranda jennete degişli dürli atlar ulanylypdyr. Jennetiň gatlary bolup biljek bu atlar şulardyr : jennetül-me’wa (şehit we mü’minleriň otagy), jenneti- adn (nygmatlar otagy), firdöws (ähli zady öz içine alýan jennet bagy), darul-huld (ebedilik ýurdy), darus-selam (aman- esenlik ýurdy), darul-mukame (ebedi ýaşaljak ýer), jennatün- na’ym (nygmatlardan doly jennet), makamül-emin (asuda ýer)
Allahyn jennet bagy
-
darkman
14 years ago
- Ynsan dost alla bizin bilip we bilman eden gunalerimizi gechip bizi jennete saljak musulmanlaryndan bolaysakda.
-
Leylisa
14 years ago
- Jenede gitmage nesip etsin
-
Jereen
14 years ago
- Ynsan dogan hemme aydanlarynyza Alla razy bolsun sizden.. Insallah hemmamizede nesip etsin Jennete dusmek, hayirly yoldan yoralin musulman doganlar.. Ol dunyan bagtyny gormek nesip bolsun.. Amin. Insallah.
-
DG
14 years ago
- Jennete dùsmek gowdyr,ýöne adam bu dùnýäni hem ýatdan çykarmaly dåldir
-
Djdawid
14 years ago
ynsan dogan hemme
aydanlarynyza alla razy bolsun
amin
ynsan 14 years ago- «allah tagala şeýle buýurýar:
«salyh gullarym üçin jennetde
gözleriň görmedigi, gulaklaryň
eşitmedigi we ynsanyň kalbyna
hem gelmejek san-sajaksyz
nygmatlar taýýarladym» ,
(buhary, müslim, tirmizi).
Gor biz onun soygisine mynasyp bolsak nameler wada beryar, adamlar gozumizi acalyn, ozumizi tanalyn, haramdan dashlashyp yagsha yakynlashalyn