Șeýtan Göz bilen görülmeýän, ýöne bardygy anyk bolan, azgynlyk we erbetlikde çenden aşa giden, tekepbir, asy, ynsany azaşdyrmaga çalyşýan jyna şeýtan ady berilýär. Kurany Kerimde ilkinji şeýtanyň Iblisdigi aýdylýar. Iblis Rabbine garşy gidip, Onuň buýrugyna boýun egmedik azaşan jyndyr. «Hany, Biz: «Adama sežde (tagzym) ediň» diýip meleklere emr edipdik. Iblisden başga hemmesi sežde etdi. Ol ýüz öwrüp, gedemlik etdi-de käfirlerden boldy» , (Bakara, 34). Bu aýat Iblisiň melek däldigini görkezýär. «...Iblis jynlardandy. Ol Rabbiniň emrine garşy gitdi», (Kehf, 50), aýaty bolsa, onuň aslynyň jyndygyny anyk görkezýär. Iblis Allaha ybadat edip, derejesini beýgeldip, melekleriň derejesine göterilýär. Soňra bolsa isýan edip, bu mertebesini ýitiripdir. Melek we jyn ýaly, duýgy organlary bilen duýulmaýan, ýöne bardygy Kurany Kerimde we sahyh hadyslarda anyk habar berilýän şeýtan, hezreti Adamyň palçykdan, özüniň bolsa otdan ýaradylandygyny öňe sürüp, ondan has ýokary derejededigini aýdypdyr. Șonuň üçin, ol adama sežde etmän, Allahyň lagnatyna uçraýar we Onuň huzuryndan kowulýar. Șeýdip, Adama we onuň nesline duşman bolýar. Ynsana ýigrençden doly şeýtan ilki Rabbinden kyýamata çenli ýaşamaklyga rugsat soraýar. Allah Tagala Iblise we onuň zürýatlaryna ynsany dogry ýoldan azaşdyrmaga, olary erbetlige ugrukdyrmaga kyýamata çenli rugsat berýär. Rugsat berlenden soň, ol küfrüni aç-açan yglan edýär. Kurany Kerimde onuň bu haly şeýle suratlandyrylýar: «Iblis şeýle aýtdy: «Sen meni (Adamy ýaratmak bilen) azgynlyga uçratdyň , men hem olary azaşdyrmak üçin Seniň dogry ýoluň üstünde duzak gurup oturaryn. Soňra arkasyndan, öňünden, sagyndan, çepinden ýakynlaşyp, olary azdyraryn. Sen olaryň köpüsini şükür edenleriň hatarynda görmersiň», (A’raf, 16-17). Has soňra şeýtan hezreti Adam we ýanýoldaşy Hawwany ýalňyşdyryp, olaryň jennetden çykarylmagyna sebäp bolupdyr. Șeýtan ilkinji ynsandan başlap, tutuş ynsana erbetligi, küfür we günäleri bezegler bilen bezäp olary hak ýoldan daşlaşdyrmak üçin elinden gelenini gaýgyrmaýar. Her ynsanyň bir şeýtany bardyr. Pygamberimize- de musallat bolan bir şeýtan bar eken. Ýöne Allah Tagalanyň kömegi bilen onuň şeýtany musulman bolupdyr. Allahyň görkezen dogry ýolundan daşlaşmak , gadagan eden zatlaryny amal etmek, şeýtana pursat bermek diýmekdir. Allah Tagala şeýtana garşy mü’minleri oýaryp, oňa tabyn bolmazlygy isleýär. Kurany Kerimde şeýtanyň ynsana aç-açan duşmandygy aýdylýar: «Șeýtan şübhesiz, siziň duşmanyňyzdyr. Siz hem oňa duşman boluň. Ol özüne tabyn bolanlary diňe ataş ählinden bolmaga çagyrar», (Fatyr, 6). Ýöne şeýtanyň yhlasly mü’minlere täsir edip bilmejekdigi hem aýdylýar: «Kurany okajak wagtyňyz kowlan şeýtandan Allaha sygynyň. Aslynda ol şeýtan Allaha sygnanlara täsirini ýetirip bilmez. Ol diňe özi bilen dost bolanlara we Allaha şärik goşanlara täsirini ýetirer», (Nahl, 98-100). Dünýäde ynsany hak we hakykatdan daşlaşdyran şeýtan ahyretde hem ony etmişleri bilen ýalňyz goýjakdyr. Șeýtanyň olara berjek jogaby Kurany Kerimde şeýle suratlandyrylýar: «Iş bitirilenden, ýagny, kyýamat gopup, höküm edilenden soň, şeýtan olara şeýle ýüzlener: «Allah size hakykaty wada berdi. Men hem size wada berdim, emma sözümden dändim. Aslynda mende size zor edere güýjüm ýokdy. Men diňe sizi küfür we isýana çagyrdym. Siz hem meniň çakylygyma ylgap geldiňiz. Onda meni günäkärlemäň. Özüňizi ýazgaryň. Ne men sizi, ne-de siz meni halas edip bilersiňiz. Men öňem meni Allaha şärik goşmagyňyzy ret edipdim. Elbetde, zalymlar üçin elemli azap bardyr» , (Ibrahim, 22). Ýer ýüzünde ýagşy bilen erbet, haýyr bilen şer, iman bilen küfür arasyndaky göreş kyýamata çenli dowam eder. Ýagşylygyň ýanynda melek, erbetligiň yzynda bolsa hemişe şeýtan bardyr. Ynsan Allah Tagalanyň özüne bagyş eden erk-irade güýjüni ýagşy ýolda ulanmagy ýüregine düwüp yhlas etse, bu barada Allahyň ýardamy tejelli eder. Ol amaly işlemek üçin özünde güýç we kuwwat tapar. Șer we erbetlik ýoluna düşse, şeýtan derhal onuň ýanynda häzir bolar. Söz

Köneler, ynsan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir