Melek, ruh, jyn we şeýtan Bu mahluklaryň barlygy Kurany Kerimiň we Pygamberimiziň beýanlary bilen subut edilýär. Kurany Kerimiň Allahyň kelamydygyny subut edýän ähli deliller, hezreti Muhammediň (s.a.w.) pygamberligini tassyk edýän ähli deliller şol bir wagtda melegiň, ruhuň, jynyň we şeýtanyň bardygy hakynda hem anyk we kesgitli delillerdir. Olary inkär edip bilmedik, bulary hem inkär edip bilmez. Çünki, bu meseleler hem Kurany Kerimde hem Pygamberimiziň mübärek sözlerinde dürli wesileler bilen aýdylyp geçilýär we olaryň bardygy tassyk edilýär. Ynsanyň görüş ukyby ähli barlyk bilen deňeşdireniňde, örän çäklidir. Șonuň üçin hem ynsan görmeýän her bir zadyna «ýokdur» diýip bilmez. Melek, ruh, jyn we şeýtan hem biziň mümkinçiliklerimiziň daşynda bolanlygy üçin olary görüp bilmeýäris. Älemde häkimlik ediji madda däl- de, ruh we magnadyr. Ilki ýaradylan hem madda däl-de, antimaddadyr. Ilki nur bilen ruh we madda üçin galyp bolup biljek zatlar ýaradylypdyr. Barlyk has soň, belli bir wagtyň dowamynda şol galyplara görä şekillenipdir. Barlyklarda kader, matematiki ölçeg, plan we programma häkimdir. Kanun we üýtgemeýän düzgün arkaly barlyk öz durmuşyny dowam etdirýär. Görünýän her bir zadyň aňyrsynda käbir görünmeýän kuwwat duýulýandyr. Meselem: Ýere taşlanan tohumlaryň gögerip ösmegi, şemalyň öwüsmegi, zerreden ýyldyzlara çenli ähli zatlary saklaýan dartyş kanunynyň bolmagy... Mysallary entegem köpeltmek mümkindir. Bu kanunlaryň aňyrsynda olara gözegçilik edýän ruh we melekler bardyr. Olaryň güýç- kuwwaty, esasan, ruha we melege degişlidir. Ol güýç bolsa, Hak Tagaladandyr. Kiçi älem bolan ynsana ruh, uly äleme-de melekler gözegçilik edýär. Gaýyby barlyklar bolan: melek, ruh, jyn we şeýtan barada aýry- aýrylykda durup geçeliň.
Jynlar melekler ruhlar sheytan hakda gysgaja maglumat
-
myahirlim
14 years ago
- Jyn sozi kop agzasan shol ýanyna gelyamish diýip eshitdim, shoń uchinem 3 harply diyyilyarmish bu dogrymy?
-
ynsan
14 years ago
- yrym yrym bolya dogan. Geljek jyn agzamandada geler.
-
Bahbit
14 years ago
- Ynsan sen bu hakda yslamyñ nury atly kitapdan giñisleýin okap bilersin
-
sahett
12 years ago
- bilaymeli zatlar
ynsan 14 years ago- hemmesi hakda ayratyn durup gecjek nesip bolra okayanynyz ucin alla razy bolsyn