Yslamda haram kylynan iýmitler Kurany Kerimde dört sany iýmitiň haramdygy aýdylýar. «Ol (Allah) size diňe meýtäni (maslygy), damak gany, doňuz etini we Allahdan özgäniň adyna kesilen haýwanyň etini haram kylandyr...», (Bakara, 173). 1. Meýte (maslyk). Kuranyň iýilmegini haram kylan iýmitleriniň iň esasylaryndan biri maslykdyr. Ol iýmek üçin damagy çalynmadyk ýa-da awlanmadyk, özi ölen haýwanyň we guşuň maslygydyr. Näsaglyk ýa-da zäherlenme sebäpli ölen haýwanyň etini iýmek saglyk üçin howpludyr. Maslygyň haram kylynmagynyň iň esasy sebäbi şudur. Damagy çalynman boglup ölen, urlup öldürilen, ýokardan gaçyp ölen, başga bir mal tarapyndan öldürilen haýwan maslyk saýylýar. Ýöne bu mallaryň jany çykmanka ýetişilip, damagy çalynsa halal bolýar. Cuwda özi ölen balyk hem maslyk saýylýar. Maslygyň şahyny, süňküni, ýüňüni peýdalanmak mubahdyr. Derisi bolsa eýlenenden soň, arassa saýylýar. 2. Damakgan. Malyň damagy çalnanda ganynyň köpüsi daşyna akýar. Muny iýmek- içmek haramdyr. Ýöne inçe damarlarda akman galan gan ýa- da dalak we bagyr ýaly agzalarda galan ganyň iýilmeginde zelel ýokdur. Ganyň haram edilmeginiň esasy hikmeti onuň hapalygy, içinde adama zyýanly dürli mikroblaryň we bakteriýalaryň barlygy sebäplidir. 3. Doňuz. Bu jandaryň etiniň haram edilmegi Kurany Kerimde (Bakara, 173; Maide,3; En'am, 145; Nahl, 115) hem-de hadyslarda anyk, kesgitli görnüşde aýdylypdyr. Pygamberimiz bir hadysynda: «Allah we Onuň Resuly hamryň, maslygyň, doňzuň we çokunmak üçin ýasalýan butlaryň alyp- satylmagyny haram edendir», (Buhary, Ebu Dawud, Tirmizi) diýýär. Doňzuň içýagynyň azyk üçin we başga maksatlar üçin ulanylmagy hem haram edilipdir. Doňuz eti ýahudi we hristian dininde hem haramdyr. Töwratda doňzuň murdardygy bellenip, etiniň iýilmegi we maslygyna degilmegi gadagan edilipdir (Tesniýe, 14/8). Häzirki döwre gelip ýeten Injillerde doňuz pes jandar hasap edilse- de, etiniň iýilmegini gadagan edýän anyk maglumat ýokdur. Ýöne hristianlygy giňden ýaýratmak maksady bilen Pawlos doňuz etini gadagan edýän aýatlary Injilden aýryp «Ynsany agzyndan giren däl-de, agzyndan çykan hapalar», (Matta, 15/11,18) we «Bazarda alnyp-satylýan her bir zat iýlip bilner», (Korintoslylara birinji hat, 10/25) diýen ýaly deliller getirip täze düzgün girizipdir. Yslam alymlary doňzuň etini- ýagyny iýmegiň gabanjaňlyk, namysjaňlyk ýaly duýgulary küteldip, ynsanyň ahlagyna erbet täsir edýändigini belleýärler. Șeýle hem häzirki döwrüň ylmy we medisinasy doňuz etiniň ynsan saglygyna zyýanlydygyny subut edýär. Ösen tehniki enjamlar bilen doňzuň eti we ýagy işlense-de, dürli azyk önümleri üçin goşmaça garyndy hökmünde ulanylsa-da, ol haramlygyna galýar.
Haram sayylyan iymitler
-
Leylisa
14 years ago
- Sag bol dost info un
-
watanym
14 years ago
- ynsan:
Cuwda özi
ölen balyk hem maslyk saýylýar.
mana bir hadys aytdylar, ona nahili garayang:
Уа'алейкум ас-салям уа рахматуЛлахи уа баракатуху
Все, что обитает только в воде, является дозволенным. Абу Хурайра рассказывал, что некий мужчина подошел к пророку,да благословит его Аллах и приветствует, и сказал: “О Посланник Аллаха! Выходя в море, мы берем с собой немного воды. Если мы станем совершать ею омовение, то будем испытывать сильную жажду. Можно ли совершать омовение морской водой?” Пророк,да благословит его Аллах и приветствует, ответил: «Морская вода пригодна для очищения и мертвечина ее дозволена».
(абу Дауд 1/83, ат-Тирмизи 1/69, ан-Насаи 1/176, Ибн Маджах 1/386. Имам Ибн Хузайма, ат-Тирмизи, ан-Науауи и шейх аль-Альбани назвали хадис достоверным.)
Имам ас-Сан’ани сказал:
“Из этого хадиса ясно, что любая мертвечина моря является дозволенной, даже если внешне она похожа на собак или свиней”.
(см. “Субулю-Ссалям” 1/23)
Исключением из существ, обитающих как на суше, так и в воде ученые делали крокодила. См. “Тафсир Ибн Касир” 3/197.
Также посланник Аллаха, да благословит его Аллах и приветствует, сказал:
«Нам дозволено употреблять две мертвечины и два вида крови. Что касается мертвечины, то это рыба и саранча, а что касается крови, то это печень и селезенка».
(ибн Маджах, аль-Хаким, аль-Байхакъи. Хадис достоверный. См. «Сахихуль-джами’» 210)
Также кровь, которая остается в жилах животных, заколотых необходимым образом, является дозволенной. См. “Сахих фикъху-Сунна” 2/338.
Сообщается, что ‘Аиша не видела ничего страшного в крови и красноте, которые оста-вались в мясе. ат-Табари 8/71. Иснад достоверный.
-
darkman
14 years ago
- ynsan yazyan yazgylaryn dowamly bolsun!
Alla senden razy bolsun.
kop adam shu zatlary soraya name uchin haram...haramdygyny bilip name uchin haram edilendigini bilmeyanimiz kop.. shu soraglara anyk jogap.
-
darkman
14 years ago
- watanym sen yazanyna doly goldap bilemok. dogrymy aytsam doly dushunmedik bolmagymam mumkin.
-
myahirlim
14 years ago
- Mubah, muztahap, hanefi we sh.m sozlere dushunemokda?!
-
Broker
14 years ago
- gaty gowy jaydar deliller ynsan, sagbol yazyan zatlaryng ucin, Allah razy bolsun senden.
Myahirlim, hanefi olam mezhep bolmaly, shapygy olam, mezhep
ynsan 14 years ago- 4. Allahdan özgäniň adyna
kesilen mal.
Jahyliýet döwründe araplar
çokunýan butlarynyň adyna
gurban niýeti bilen mal soýar
eken. Șonuň üçin Kuran Allahdan
başganyň adyna damagy çalnan
haýwanlary haram hasaplapdyr.
«Eger Allahyň aýatlaryna
ynanýan bolsaňyz, diňe Onuň
adyny aýdyp kesilenlerden iýiň»,
(Engam, 118).
Başga bir aýatda «Allahyň ady
aýdylman kesilen haýwanlaryň
etini iýmäň», (Engam, 121). Șular
ýaly aýatlara daýanyp, malyň
damagy çalnanda «Bismillah»
diýmegi şert goşupdyr. Bu
yslamyň towhyd akydasyna
berlen ähmiýetiň we şirke bolan
ýigrenjiň anyk netijesidir.
Hanefi we Mäliki mezhebine
görä,
«Bismillah» diýmek hökmandyr.
Bilgeşleýin diýilmese, şol
haýwanyň eti iýilmeýär.
Unudylyp diýilmese, hiç hili zeleli
ýokdur. (Buhary, Ebu Dawud).
«Bismillahi Allahu Ekber» diýmek,
mustahap görülýär.
Șafygylar bolsa damak çalnanda
«Bismillah» diýmegiň
sünnetdigini, kesen wagty
besmeläniň aýdylyp-
aýdylmandygy bilinmese,
besmele aýdyp şol malyň etini
iýmek bolýandygyny aýdýarlar.
Haýwanyň damagy çalnanda
besmeläni terk etmek
mekruhdyr. Olaryň daýanýan
delilleri şu hadysdyr:
«Pygamberimiz Mekgede ýaşan
döwründe töwerekdäki
taýpalardan musulman bolan bir
jemagat sowgat hökmünde et
iberýär. Besmele aýdylyp
damagy çalnandygy näbelli
bolan bu eti iýmek meselesi
Pygamberimizden soralanda, Ol:
«Besmele aýdyp iýiň» diýipdir.
(Buhary).
Ymam Șafygy bu hadysa mutlak
many berip, haýwan besmelesiz
kesilen bolsa hem iýen wagtyň
besmele aýtsaň ýeterlik
boljakdygyny aýdýar. Ymamy
Agzam bolsa, «eti iberen
taýpanyň musulmandygy üçin,
besmele aýdylmandygyna diňe
şübhe edilipdir. Allahyň Resuly
(s.a.w.) bolsa, musulman hemişe
Allahyň adyny aýdyp malyň
damagyny çalandyr diýen
düşünje bilen şol etiň
halaldygyny» aýdýar. Ymamy
Agzam: «Bu hadysa besmelesiz
damagy çalnan malyň etiniň
iýiljegine delil däldir» diýip
höküm edýär