icen ýalydyr ỳaman ýagşa ýoldaş bolsa, awylyk içen ýalydyr; aýryla bilse, awysy awysy içinden öçen ýalydyr. adam aýrylsa huşundan, gorkar ýatanda düýşünden, eýýama baksam işinden şu köňlüm geçen ýalydyr. bedasyl ykbaly ýörmek, öýsüz eline mal bermek, akmaga syryňny bermek öz aýbyň açan ýalydyr. öter ömrüň-dünýä seýliň, hak ýoluna bagla biliň, agzy ala bolan iliň döwleti gaçan ýalydyr. aňlamasaň, görde gizlen, akyldyr-iş soňun gözlän, gepin tapyp, ýagşy sözlän misli dür seçen ýalydyr. ärden gitse ygtybarlar, sowar ondan dosty-ýarlar, hünärli, ykbally ärler, maly-pul guçan ýalydyr. magtymguly, yllatly göz, haraba döner degse duz, märekede bir jaýsyz söz, çermenip syçan ýalydyr.

Köneler, nebitchi tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir