Her yyl FIFA tarapyndan gurnalýan "FIFA Klublararasy Dünýä Çempionaty" 8-nji dekabrda bashlanar. ýaryşa yer togalagynyñ 6 kontinentinden 7 klub gatnaşar. Olar: 1. “Seongnam Ilhwa Çunma” - Günorta Koreýa (AFC) 2. “Internasional” - Braziliýa (CONMEBOL) 3. “Paçuka” - Meksika (CONCACAF) 4. “Inter” - Italiýa (UEFA) 5. “Hekari Ýunaýted” - Papua Täze Gwineýa (OFC) 6. “TP Mazembe” - Kongo Demokratik Respublikasy (CAF) 7. “Al Wahda” - Birleşen Arap Emirlikleri (champion BAE, ýer eýesi hökmünde gatnashar) 18-nji dekabrda tamamlanjak ýaryşda ýeňiş gazanan kluba 5 million dollar pul berler. Duşuşyklar BAE-niň paýtagtyndaky iki stadionda: Muhammed Bin Zaýed adyndaky stadionda we “Zaýed Sports City” stadionda oýnalar. Bäsleşigiň geçiş tertibi barada aytsak, pleý-off tapgyrynda ýer eýesi “Al Wahda” bilen Okeaniýanyň wekili “Hekari Ýunaýted” duşuşar. Bu dushushygyñ yeňijisi çärýek finalda AFK-nyň adyndan wekilçilik edýän “Seongnam Ilhwa Çunma” bilen güýç synanyşar. Çärýek finalyň beýleki oýny bolsa “TP Mazembe” bilen “Paçukanyň” arasynda bolup, ýeňiji ýarym finalda Braziliýanyň “Internasionaly” bilen duşuşar. Çempionatyň esasy faworiti “Inter” bolsa ýarym finalda “Seongnam” ýada pleý-offuň ýeňijisi bilen bäsleşer. Final oýny 18-nji dekabrda 49500 adamlyk “ Zaýed Sports City” stadionda bolar. Häzirki ady bilen 7-nji gezek geciriljek FIFA klublararasy dünýä çempionatynyñ yeñijileri: 2000 - Korintians (Brasil) 2005 - Sao Paolo (Brasil) 2006 - Internasional (Brazil) 2007 - Milan (Italy) 2008 - Manchester United (England) 2009 - Barcelona (Spain)

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir