hasy näbilsin? öz gadyrny özi bilmez adamdan, aňlamazlar amu-hasy näbilsin? ne tama bar çakyr içen gedemden, buzahor ýagşyny, ýasy näbilsin? ỳamana ýagşy söz ýokmaz, taşlanar, aňlar äriň aňlamasy güýçlener, it ýalyn topraga dökseň, hoşlanar, topragy, rabagy, tasy näbilsin? butparaz müň kylsa ruza-namazy, aňa nesip bolmaz behişdiň ýazy, älemi göterse ibriň awazy, eşitmez ker pakyr, sesi näbilsin? aňla sözüm, ner zarbyny ner tanar, har bakan har tanar, zergär zer tanar, eý ýaranlar, är ýigidi är tanar, namartlar ýagşyny, pisi näbilsin? magtumguly aýdar: sözlerim hakdyr, emma ki hak söze ten beren ýokdur, bir gözli diýmese: garadyr, akdyr, kör pakyr kümüşi, misi näbilsin?

Köneler, nebitchi tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir