essalamualeykum hormatly agzalar, men size taze goshuldym. ormatly agzalar aranyzda, olumden sonky duyne barada bilyan zatlarynyz bar bolsa maglumat yazayynda sizden uly hayysh, sho mesele menin gaty unsumi cekdi.
Oleninden son name bolyaka ?
-
ynsan
13 years ago
- name ölmek niyetin barmy
senin?
jenneta |
hokman olmek niyetin bolsa owrenmelimi?
Ok hokman yazaryn azajyk sonurak nesip bolsa
-
Cwetocek
13 years ago
ok hokman yazaryn azajyk
sonurak nesip bolsa
ynsan | 2010-11-28 08:27:28
onunden minnetarlygymy bildiryan! shu sorag barada menem gyzyklanyadm.
-
Albanes
13 years ago
- jenneta name sen baky gedinmi ?
-
Cwetocek
13 years ago
- baky gelena yokdurla...
-
Abdulaziz
13 years ago
- Salam. bagyşlarsyňyz, özüm bu ýerde jogabyny bererden has uzagrak tema.
ýöne gyzyklanýan adama Imam Gazzaliniň ýörite şu temadaky kitabyna link bereýin. Kitap okamany söýýänler üçin bahasyz kitap. siziň bu soragyňyza doly kanagatlandyryjy jogaplar berermikä diýýärin.
dini kitaplar barada gyzyklanýanlar abdulazizsadullayev@gmail.com -a ýazyp bilersiňiz. elimizden gelen kömegi gaýgyrmarys inşaAllah. hemmäňize Allanyň salamy bolsun.
-
Abdulaziz
13 years ago
- link ýatdan çykypdyr. şu ýerde: Ölümden soň (IMAM GAZZALI)
-
ynsan
13 years ago
- alla razy bolsyn abdulaziz aga
-
idealman
13 years ago
- adamlar,siz musulman ahyryn.olumden son name bolyanyny biljek bolsan,Gurhany alyp oka!!!!
Galan zatlara ynanma!!!!!
Menin sana maslahatyma sheylerak!!!!!!
Ozun netije chykar!!!!!!
-
italmanambirgorsun
13 years ago
- eğer bu mesele seni çyndan gyzyklandyryan bolsa onda ilki bilen "name üçin yaradyldyň???" şu soragyn jogabyny gözle, galany aňsat sebabi ölümden soňky durmuşumzn name boljakdygy bu dunyade nahili yaşanlygymyza bagly....
-
Ibragimov
13 years ago
- hmmmmmmm
-
ynsan
13 years ago
- Ahyrete iman
«Ahyret» sözüniň – «soň», «soňra bolan», «soňky gün» diýen manylary bar. Allahyň emri bilen Israfiliň (a.s.) suruny çalmagy netijesinde kyýamat gopar we ahyret güni başlanar. Ahyret – ebedi durmuş bolan o dünýäni aňladýar.
Ahyrete iman – her bir zat ýaly şu dünýäniň hem ömrüniň gutarjakdygyna soňra başga bir hala geçjekdigine, ynsanyň täzeden dirilip gabyryndan turjakdygyna, amal depderiniň eýelerine gowşuryljakdygyna, her kim dünýäde eden işleriniň hasabyny berjekdigine, syrat köprüsinden geçilmelidigine, ýagşylaryň jennete, ýamanlaryň jähenneme girjekdigine ynanmak diýmekdir.
Ahyrete iman – iman esaslaryndan bolup, Kuranda «el-ýowmil ahyr» görnüşinde Allaha iman bilen bilelikde zikr edilipdir. Bu ahyret ynanjynyň iman esaslarynyň arasynda möhüm orun tutýandygyny görkezýär.
«... kim Allahy, meleklerini, kitaplaryny, pygamberlerini we ahyret gününi inkär etse, ol doly manyda azaşandyr», (Nisa, 136), aýaty ahyrete ynanmaýan kişiniň käfir boljakdygyny belleýär.
Kurany Kerim ençeme aýatynda dünýä durmuşynyň geçegçi, ahyretiň bolsa ebedidigini, ynsanyň dünýäniň wagtlaýyn keýpi-sapasyna aldanmazlygyny has haýyrly we ebedi bolan ahyret bagtyny gazanmalydygyny nygtaýar. Șeýle hem Kurany Kerim dünýewi durmuşyň ahmal edilmezligini hem belleýär. Çünki ahyretde ýaşaljak bagtly durmuş şu dünýäde gazanylmalydyr. Șu aýatlar muňa mysaldyr:
«Ýöne siz (eý, ynsanlar!) ahyretiň has haýyrly we ebedi bolmagyna garamazdan, dünýä durmuşyny saýlaýarsyňyz», (A’la, 16-17).
«Șübhesiz, şu dünýä durmuşy wagtlaýyn bir güýmenjedir. Emma ahyret hakykatdan ýaşaljak bir ýurtdur», (Mü’min, 39).
«Allahyň saňa berenlerinden Onuň ýolunda harçlap, ahyret ýurduny gazanmaga çalyş, emma şu dünýäden hem nesibäňi unutma», (Kasas, 77).
Kurany Kerimde ahyretiň menzillerini görkezýän ençeme atlar bardyr. Olar: el-ýowmil ahyr (soňky gün, ahyret güni), ýowmül ba’s (diriliş güni), ýowmül kyýame (kyýamat güni), ýowmid-din (sylag – mukafat we jeza güni), ýowmül hisab (hasap güni), ýowmi-itlak (gowuşma güni), ýowmül hasre (hasrat we puşman güni).
Pygamberimiziň ahyret we onuň menzilleri – ýagny, gabyr durmuşy, magşar, hasap, mizan, syrat, şefagat, jennet we jähennem, aýratyn hem kyýamat alamatlary bilen baglanyşykly ençeme hadyslary bardyr.
-
Broker
13 years ago
- kakysh albanes ine gowy maglumatlar,
-
ynsan
13 years ago
- Ahyretiň barlygynyň delilleri
Iň dogry habar «Ahyret bardyr» diýen habardyr. Ýagny, «ynsan ölenden soň, onuň ruhy durmuşynyň dowam edýändigi, belli wagtdan soň, täzeden beden bilen birlikde diriljekdigi, hasaba çagyryljakdygy, ýagdaýyna we amalyna göpä jennete ýa-da dowzaha salynjakdygy» baradaky habar ýalan saýylmagy asla mümkin bolmadyk iň dogry habardyr.
Munuň delilleri şulardyr:
1. Allah Tagala ahyretiň bardygyny wada edip, habar berýär. Onuň esmaýy-hüsnasynyň hemmesi, aýratyn hem, şu dünýäde tejelli eden Kerim, Rahym, Jelal, Jemal, Aziz, Hafyz, Adyl... atlary we rahmet, şefkat, yzzat, adalat, hikmet we ylym ýaly mukaddes sypatlary ahyretiň bolmalydygyny, hasap soralyp, jezanyň ýa-da sylagyň berilmelidigini zerur edýär. Meselem, biz Allahyň mutlak adalatlydygyna ynanýarys. Ýöne bilşimiz ýaly, şu dünýäde her kim eden günäsiniň jezasyny doly çekmeýär. Käbir adalatsyzlyklar bolup geçýär. Ahyretde bolsa, beýle ýagdaý bolmaz. Hökman hak bilen nähak aýyl-saýyl ediler. Allah mutlak adalaty bilen erbetleri jezalandyryp, ýagşylary sylaglar. Șu aýat ýagşy bilen ýamanyň deň bolup bilmejekdigini aňladýar:
«Ýogsa, erbetlik edenler ölenlerinde ýa-da dirikäler özlerini ynanyp ýagşy amal edenler bilen deň hasaplaýarmy? Nähili ýalňyş netijä gelýärler. Allah gökleri we Ýeri ýerbe-er ýaradandyr. Her kim gazananyny alar. Hiç kime adalatsyzlyk edilmez», (Jasiýe, 21-22). Allahyň beýleki atlaryny we sypatlaryny hem şunuň ýaly deňeşdirip bilersiňiz. Allah Tagala atlary we sypatlary bilen mutlak görnüşde ahyretde tejelli etjekdir. Diýmek, Allah bar, elbetde, ahyret bardyr.
2. Hezreti Muhammet (s.a.w.) ýaly, ähli pygamberler ymmatlaryna ahyreti düşündiripdir. Olar azaşyp inkär edenleri dowzah azaby bilen gorkuzyp, tagat kylyp iman edenlere jennetiň garaşýandygyny habar berip buşlapdyrlar. Pygamberimiz hadysynda: «Israfil (a.s.) sury çalmak üçin emre garaşyp, taýýar bolup durka, men neneň keýpi-sapada ýaşaýyn?!» diýipdir.
Pygamberler şeýle adamdyr, olaryň esasy sypatlaryndan biri sydkdyr. Ýagny, ähli pygamberler syddyk, sadakatly we dogruçyldyrlar. Olaryň ähli eden işleri we aýdanlary hemişe dogry çykypdyr. Diýmek pygamberleriň habar beren ahyret älemi hökman bardyr.
3. Kurany Kerim we beýleki Hak Kitaplar her pursatda ynsanyň nazaryny ahyret durmuşyna öwrüp, ilahi adalat we azaby ýatlatmak bilen ynsanyň asylykdan, azaşmakdan, küfürden, pitneden daş durmagyny, ilahi mükafaty ýatlatmak bilen ony imana we ybadata çagyrypdyr.
Kurany Kerim ahyret ynanjy barada şeýle bir köp söz açypdyr, ki, Kuranyň üçden biri ahyrete degişli meseleler bilen baglanyşyklydyr. Hatda Kuranda ahyret gününden söz açmaýan süre ýok diýen ýalydyr.
4. Meläikeýi Kiram ahyretiň bardygyna şaýatlyk edýär. Magşar güni boljak hadysalary häzirden tomaşa edýän, jennet bilen dowzahy göpüp pygamberlere gelip habar berýän melekleriň getiren habarlary ahyret durmuşynyň hökman boljakdygyny görkezýär. Șeýle hem, dünýäden öten käbir ruhlar bilen gatnaşygyň bardygy, Allahyň rugsady bilen bizden olara doga we sogaplaryň ýetmegi, olardan bize feýz we ýardam gelmegi ahyret durmuşynyň bardygyna we dowamlydygyna aýdyň şaýatdyr.
5. Bulardan başga sagdyn oýlanýan kişi adalatlylyk, jogapkärçilik, ebedilik duýgusy, akyly, şeýle hem, ynsan maksatsyz geldi-geçer ýaradylmaz diýen düşünjesi bilen ahyret durmuşynyň bardygyna göz ýetirip biler.
Diýmek, ynsandaky ebedilik arzuwy diňe ahyret bilen kanagatlandyrylyp bilner.
Tomusdan soň güýzüň, güýzden soň gyşyň, ondan soň, diriliş möwsümi – baharyň geljekdigi nähili anyk bolsa, gündizden soň agşamyň, agşamdan soň gijäniň, gijeden soňra-da oýanmak we dirilmek wagty bolan ertiriň gelmegi nähili derejede jedelsiz bolsa, edil şonuň ýaly, ýaşlykdan soň garrylygyň, soňra ölümiň, aýratyn hem dünýäniň ölüminden soň kyýamatyň gopmagy bilen täzeden dirilmek anyk, kesgitli, üýtgewsiz, jedelsiz hakykatdyr.
-
Broker
13 years ago
- eee sagja bol ynsan dost, men bu maglumatlary yitirdim dp yordum kop kop sagbol, mendede ylmy maglumatlar bolmaly. dostum islesen paylashaly, belki owal okansyn belkide okandalsin
-
ynsan
13 years ago
- mana komek edin diyen temada mail adyres badyr meni shondan tapyp bilersin dostd. hokman paylashrs
-
Jereen
13 years ago
- salam hemme musulman doganlara! Ynsanyn bize oran gowy maglumatlary yazdy.. Olum barada yazmana gaty kan zatlar bar, ol dunya baranymyzda seylebyr kop wakalar boljak hatda aydyp gutarar yalak dal.. Bu dunya hemmamiz wagtlayin geldik buny bilmedik adam yokdyr emma bu dunya biz u.n synag.. Bu dunye ol dunyan derejesini gazanmak u.n bir uly mumkincilik.. Cunki ol dunye biz u.n ebediylikdir.. Yone hemme adamlar ynansandy, kop kisi ynanmayar bu zatlara.. Estafurallah. Allahymyz bizi dogry yoldan yoretsin Insallah. Jennete dusmegimizi gazanalyn doganlar, hemmamize nesip etsin Insallah. Amin. Cunki Jennete dusmek uly uly uly bagt. Jennete dusen adam bu dunyani Jahennem yaly gozune goruner.. Bizede nesip etsin. Amin. Adamlar tijenin, gazanyn, howlugyn.. bu gun-ertir name boljagy belli dal. Her bir sogabyn bir sowgady bardyr..
-
ynsan
13 years ago
- swet dogan seni kanagatlandyrar diyip tama etyan sen soragyna men yokardaky yazanlam
-
Cwetocek
13 years ago
- kop kop sagbol ynsan! Doly okadym! Enshalla amal etmage chalsharyn!
-
ynsan
13 years ago
- dini sorag bolsa soraberin bildigimden jogap bererin nesip bolsa
-
Cwetocek
13 years ago
- dini dal yone bir sorag bar.
Gyzlara gozune renk chalmak gunamika? Ya sachyny boyamak? Shu zatlar dine ters gelyamika?!
-
ynsan
13 years ago
- sacyny hyna boyamak guna dal kraska boyamak guna. Men parada sonurak ginishleyin yazaryn
-
Cwetocek
13 years ago
- bolya!
-
darkman
13 years ago
- Ynsan Sana kop sagbol! Aramyzda senyaly oglanlar koprak bolawersin.
-
darkman
13 years ago
- Olumden son gysgacha aydamyzda hasap guni gelyar.
zerreyaly hayyrly ish eden bolsan yalkanarsyn zerre yaly erbet ish eden bolsan onunam jogabyny berersin. garaz parzlaryny yerine yeririp pany dunyan yaly ol dunyanem aladasyny etsen yalnyshmarsyn.
meselem: bu dunyede ishleyas gazanch edyas gowy zatlara gyzyas elitka jay kareyka bmw we s.m zatlara yetip bilsek armanymyz yok edil shonun yaly ol dunyane hayyrly ish edip parzyny kemsiz berjay edip gezsen o dunyedaki jayynam yalanchy dunyan elitkasyna denabem bolmaz.
Jenneta 13 years ago- Name ölmek niyetin barmy senin?