ỳekäniň agalar, dünýäniň paýany bolmaz, iş başa düşende dogany gelmez, märekede ohiç göwni galmaz, arman bilen geçer saly ýekäniň. bir ýeke ýigitniň bilinmez işi, elinde mal bolmaz, göwnünde hoşy, ỳassyk çekip ýatsa, agyrsa başy, gözünde ganly ýaş doly ýekäniň. ỳeke-ýetim gaýgy-gamdan gutulmaz, meýlisler gurulsa, ady tutlmaz, onuň üçin hiç alada edilmez, gaýgydyr-külpetdir, haly ýekäniň. barly ölse, uly ile ýaýrandyr, garyp ölse, onuň yzy weýrandyr, bu işlere akyl huşum haýrandyr, goşulypdyr şeýle ýoly ýekäniň. magtymguly, ýalan-ýaşryk sözleme, nogsanyň içinden haýyr gözleme, egisgin derdiňi, diýgin, gizleme, il-ulusdyr dosty-ýary ýekäniň.

Köneler, nebitchi tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir