geçer sözi janyňdan deňsiz bilen deň eýleseň özüňni, dert boluban geçer sözi janyňdan; yrak bolma gadryň bilen gardaşdan, her iş tutsaň, ol guwanar yanyňdan. gahra münüp, galdyrmagyn şeýtany, söze uýup, unutmagyn rahmany, kesse aklyň ýagşy bilen ýamany, her bir söze joşup-daşma ganyňdan. sabryn bolsa subhan yeter dadyňa, jeňňi-jedel laýyk däldir adyňa, almaweri ýaman sözi ýadyňa, tiken bolup dürtüp geçer donuňdan. bolan işler barça hakyň işidir, aňa ten bermegen akmak kişidir, her ýaman söz jana ýylan dişidir, soksa, zähri asan çykmaz iniňden. magtymguly, ýalançydyr bu jana, mesde akyl bolmaz, murtatda iman, jaýyn tapsa, garynja-da pis duşman, arslan olup, el götermez şanyňdan.

Köneler, nebitchi tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir