Ýetginjek Kenny goňşy obadan 100 dolara bir garry adamdan eşek satyn aldy. Eşegiň eýesi puly alyp `eşegi ertir raýonyň merkezine getirip saňa gowşuraryn` diýdi. Ertesi gün Kenny eşegi almana geleninde eşegiň eýesi bardy emma eşek ýokdy. Kenny eşegi soranynda eşegiň eýesi: `Eşek öldi` diýýär. Kenny bolsa `Onda 100 dolarymy yzyna gaýdyp ber` diýýär. Eşegiň eýesi bolsa `Puly sowdum` diýip jogap berýär. Çykgynsyz ýagdaýa düşen Kenny `Onda eşegiň ölüsüni ber` diýip öli eşegi alyp gidýär. Eşegiň eýesi Kenny`ä 1 aý soňra raýonyň merkezinde gabat gelýär. Eşegiň eýesi `Nähili ölü eşek işiňe ýaradymy?` diýip soraýar. Kenny bolsa: `Howa, eşegi lotereý oýnunda sattym. Ýagny eşegi uly sowgat edip goýdum. Soňra bolsa bahasy 2 dollardan 500 bilet satdym. We netijede 898 dolar gazandym` diýip jogap berýär. Eşegiň eýesi bolsa haýran galyjylyk bilen `Eşegiň ölüdügini görüp alyjylar garşy gitmedilermi?` diýip soraýar. Kenny: `Garşy gitdi. Diňe lotereýa utan garşy gitdi. Oňada 2 dollaryny yzyna gaýtaryp berdim` diýip jogap berýär. Bu hekaýa hakyky bolan.
Lotereýadan Näme Çykdy?
-
dayaw
13 years ago
- Hatda şu eşegi satyn alan kişi uly firmanyň eýesi bolýar. ýalňyşmasam ABŞ
-
Maykl
13 years ago
- Dost gaty gowy waka! bagty çüwen kenny
-
dayaw
13 years ago
- ýöne kelläni işledipdir
-
ruslanjan
13 years ago
- men pikirimçede şeyle.adamlaryn puly köp bolup şu oyunlary oynayarmyka yada gyzyklanyp yada olan durmuşda edere işi yokmyka?Yönekey teswir jogap yazmak gerek dal.
-
balochka
13 years ago
- kim loterya oynajak hihihi.utan adam loteryan yanyna barmaz yaly bolupdyrda
-
ruslanjan
13 years ago
- gaty gülkinç hahahahahaa
betjebiri 13 years ago- haysy yurtda dost