Salam hormatly talyplar!Hemme adamyn kellesinde dine soygu soygu diymek name zat? doly bilyanem yok bardyr mana dush gelenok hentak men aytjak bolyanzadymam soygi barada we sizin maslahatynyz gerek.Men adym Maksat men bir gyzy govy gordum 3 yylap govy gordum shu vagtam govy goryan 2 yylap dine dashyndan guwanyadym anyr sony bu gyzy yrdym yran gunum men dunyade in bagtly adamyka oytdim yone men yalnyshypdyryn men shony soymeli dal ekenim bu sozleri nace gaytalasanam bir soysen soyyan ekenin.Sheylelikde bu gyz b.n 1 yyl 8 ay 48 gun shoyushdim shondan son bu gyz mana ne jan etya ne.de gurleshya ozum kan jan etyan yone almaya name u.n men b.n gurleshmeyan diysem mana jogap berenok shu wagta cenli shondan jogap alyp bilemok name etsem govy bolarka? Men ozum olup baryan shol diyip ejem-kakam oydakilerin hemmesem bilya alyp berjegem diydiler yone bu gyza birzatlar bolya name bolyaka aranyzdaky gyzlar gyz mashgala name u.n sheytyaga bilyan bolsanyz aydym mana bir maslahat berin!
In govy maslahatlar gerek mana!
-
dayaw
13 years ago
- Maksat dost men seniň ýagdaýyňa doly düşünýärin. Şol gyz seni taşlanyndan soňra hemme zatdan ünsiň gaçandyr. Edil seniň ýagdaýyň mende hem boldy. Men şonda 3 günläp nahar suw hem edinmändim. Ýöne meniň ýagdaýym seniňkiden hem bäş beterdi. Halan gyzym başga welaýattandy. Ony maňa bermek islemediler. Biriniň ýeke gyzydy. Agasy has hem garşy çykdy. Meniň ejem kakam hem birki gezek gudaçylykdan kowulansoňlar ol gyzy islemediler. Emma men ol gyzy gaty gowy görýärdim. Ol gyzyň hem meni gowy görýänini bilýärdim. Emma birden aramyzy üzdi oturyberdi. Men hem başda näme bolanyny düşünmändim, gamgyn ýagdaýda we näme etjegimi bilmän öýe geldim. Öýe gelenimde sapak okaýan stolumda Gurbannazar Ezizowuň iki setiri ýazylgy durdy ` Seni söýüp göz ýetirdim bir zada, kynçylyk ýok ejizlik bar dünýäde`.
Şu setirler maňa ruh berdi we men özümi dürsäp hemme kişä garşy göreşip ugradym. Aşakda maddalar halynda bu gyzyň seni näme sebäpli beýle ýagdaýda goýandygyny ýazjak. Bu maddalaryň biri gyzyň seni taşlamagyna sebäp bolup bilendir. Başgada bolmagy mümkin.
1. Gyz başga birini gowy görmäge başlan bolmagy mümkin. Bu ýagdaýda sen hiç bir zat edip bilmersiň. Diňe gyzyň özi saňa dolanyp gelmeli bolýar.
2. Gyzyň maşgalasy seni islemän onuň kellesine her hili pikir salýan bolmagy mümkin. Bu ýagdaýda sen gyzy görüp ony hakykatdan hem söýýändigiňe ynandyrmalysyň. Eger muny başarsaň gyz öz öýündäkileri razy eder. Ýöne telefonda gürleşmän diňe ýüz ýüze gürleşmeli. Sebäbi telefon adamynyň hemme duýgusyny garşydaky adama eltip bilmeýär.
3. Gyzyň ýakyn joralaryndan saňa ýada gyza görip biri bar bolsa şol hem araňyzy bozmak üçin gyza gep berýän bolmagy mümkin. Bu ýagdaýda ýene gyzy gürleşmäge çagyryp joralarynyň onuň bagtly bolmagyny islemeýändigini, ikiňiziň birlikde hemme kynçylyklary ýeňip geçjekdigiňize ynandyrmaly.
4. Gyza görip birisi ýada gyzyň maşgalasyna görip birisi halaşýanyňy dogalan bolmagy mümkin. Bu ýagdaýy hem gyzyň özüne aýtman barladyp görmeli we çözmeli borsuň. Gyza aýtsaň dogaň täsirinde bolandygy üçin muňa ynanman biler.
Şeýle maddalaryň birnäçesini ýene sanamak bolar. Emma esasylary şular. Meniň başyma şu 1njy maddadan başgasynyň hemmesi geldi ýöne umyt bilen hemmesiniň hötdesinden gelip Allanyň kömegi bilen öýlendim. Hudaýa şükür oňat maşgala boldyk.
Ýöne Maksat dost ýadyňdan çykarma bu aladalaryň baryny men bu aladalary etmäge laýyk gyz üçin etdim. Eger bu aladalara laýyk gyz bolmasa biderek özüňi horlanyň peýdasy ýok. Öňi soňy bir problema çykar.
Halaşýan gyzyň hakykatdan hem saňa ömür boýy ýanýoldaş boljakdygyna, çagalaryň ejesi bolup saňa wepaly boljakdygyna ynanýan bolsaň onda umyttan düşmän sabyr bilen ugrunda ylga. Maksat unutma demiri posuň çüýredişi ýaly umytsyzlyk hem adamyny ýykýandyr. Şonuň üçin umyttan düşmän akylly we planly hereket edip bagtyňa ýetip bilersiň.
`SENI SÖYÜP GÖZ ÝETIRDIM BIRZADA,
KYNÇYLYK ÝOK EJIZLIK BAR DÜNÝÄDE`
-
ruslanjan
13 years ago
- beh
-
Djdawid
13 years ago
- baybaaaa
-
Happy
13 years ago
- Sagbol dayaw aydan sozler govy soz onam barlap goreris sagbol dost maslahatyn u.n
-
Jahanjan
13 years ago
- Men pikirimce gyz basga oglan bn gurlesyandir
-
Jahanjan
13 years ago
- Men pikirimce gyz basga oglan bn gurlesyandir
-
Jahanjan
13 years ago
- Men pikirimce gyz basga oglan bn gurlesyandir
-
Bravo
13 years ago
- =D
-
Bravo
13 years ago
- =D
-
Bravo
13 years ago
- Oho menem 2 gezek gulpdrn! :P
-
Bravo
13 years ago
- Happy aga salam! Soyga ucrapsynow gynandm!
-
Sermash
13 years ago
- Meñ pikimçe gyzyñ ba$ga geple$ýäni,dogrysy hala$ýany bar.
-
eflatun
13 years ago
- Oklapdyr seni! Senem sakyrtga yali bolup, ayrilanok. Okladymy, geziberde shooool mullugunu oynap yorsun))
Happy 13 years ago- Talyplar jogab garashyan men yatjak ertir jog okaryn eger mana doly we dogry dushunen bolsa aranyzdaky gyzlar komek edesi gelse oglanlarda pikir bar bolsa yazsyn ozum kan oturyan agentda eger komek edesiniz gelse yagdayyma dushunen bolsanyz rob.msh@mail.ru durujba ugradyn agentda yazysharys gijaniz rahat bolsun talyplar.