ata-eneleriň käbiri çagasyna dil çykanda oňa biçak begenýär,diline buýsanyp,gödek,ýaramaz sözleri aýtdyryp lezzet alýar.netijede,heniz mana düşünmeýän çagada erbet endik döreýär.çaga ýaramaz sözleri adaty ýaly kabul edip,şol durşuna gaýtalaýar. Kakasy ogluny göterip durşuna: -hany,ejeňe sögüp görkez-diýip,çagasyny gižželeýär.körpejik öňden öwredilen ýakymsyz sözleri aýdyp,ejesine sögýär.är-aýal hezil edip gülüşýärler,çagajyga "berekella" aýdýarlar.çaga meçew alýar.onuň mekdebe,çagalar bagyna çykanda-da ýaramaz endigini gaýtalajagy görnüp duran hakykat. ulalanda şeýle çagadan nämä garaşyp bolar?!ata-enesine wepa bermez,horlar. çagalara diýjek sözümizi öňünden gowja oýlanyp,soň diýeliň.olara ýaramaz sözleri däl-de,hemmeleri begendiräýjek oňat sözleri aýtmagy öwredeliň!

Köneler, Kukolka tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir