Ilkinji söýgiIlkinji söýgümi äkitdi ýyllar, Men ony ýatlaýan güneş doganda. Ýatlaýan bossanda açylsa güller, Gül ysyn ýaýradyp atyr saçanda. Aý-aýdyň gijeler akar boýunda, Häzirem garaşýan wadaly ýerde. Ýary taşlap ýarsyz barsam kenara, Tolkunlar näzli ýar nirde diýerler. Arzuwymda adyň aýdym bolsada, Indi saňa ýar diýmäge hakym ýok. Syrly bolup galsyn syrly gijeler, Ony ile duýdyrmaga hakym ýok. Ýaşlykdan joş uryp aýdan aýdymym, Häzirem gaýtalaýar säher şemaly. Ýary ýatlap baksam aýly asmana, Jemalyň ýatlatýar aýyň jemalyn. Aldanyp özgäniň mekir alyna, Sen bolduň söygimden ýalňyz galan ýar. Säherler ýaldyrap güneş doganda, Meni süýji arzuw bilen oýarýaň.
Ilkinji söýgi (aydymdan)
-
akrap05
14 years ago
- Salam goool goldayan bet aydym
-
ozik
14 years ago
- gool gowy aydym, berekella! Agam shu aydymyn klibyny tapyp achan temanda goyan bolsan betinden bordy :-)
-
Goool
14 years ago
- ozik men telefondan giryan, kynrak bolya. Ay ondada goreyin goyjak bolaryn
-
Toty
14 years ago
- gayrat edın manada surat goymany öwredayınow
-
ozik
14 years ago
- (minnetdarlyk bilyan smaylik)
-
nauk
14 years ago
- gowy gool agza
-
bende
14 years ago
- gowy eken dinlap gormdm ya yadma du6meya
-
Leylisa
14 years ago
- Bet aydym gool sagbol
-
shohlejik
14 years ago
- Men shu aydymy gaty gowy goryan sag bol gooolll minnetdar :-)
-
Cwetocek
14 years ago
- menem gowy goryan yatdanam bilyan!
-
Batyr1986
14 years ago
- swet aydyp bersene
-
Cwetocek
14 years ago
- ilkinji söýgümi äkitdi ýyllar,
men ony ýatlaýan güneş
doganda.
ýatlaýan bossanda açylsa güller,
gül ysyn ýaýradyp atyr saçanda.
aý-aýdyň gijeler akar boýunda,
häzirem garaşýan wadaly ýerde.
ýary taşlap ýarsyz barsam kenara,
tolkunlar näzli ýar nirde diýerler.
arzuwymda adyň aýdym bolsada,
indi saňa ýar diýmäge hakym
ýok.
syrly bolup galsyn syrly gijeler,
ony ile duýdyrmaga hakym ýok.
ýaşlykdan joş uryp aýdan
aýdymym,
häzirem gaýtalaýar säher şemaly.
ýary ýatlap baksam aýly asmana,
jemalyň ýatlatýar aýyň jemalyn.
aldanyp özgäniň mekir alyna,
sen bolduň söygimden ýalňyz
galan ýar.
säherler ýaldyrap güneş
doganda,
meni süýji arzuw bilen oýarýaň.
-
Batyr1986
14 years ago
- toba toba aydayypdyr bu gyza.kopyaan jany sag bolsyn ha?
-
ozik
14 years ago
- gynanyaň
käte oýa batyaň durmuşyň hakda,
ýeňişleriň hakda, ýeňlişleň hakda,
ýatlamak nähili agyram bolsa
düzedip bolmajak ýalňyşlaň hakda.
gynanmana sansyz sebäp bolsa-da,
begenýäň dostlaryň barlygy üçin.
ýöne käte ýeke galaýan wagtyň,
gynanýaň hataly ýaşlygyň üçin.
gynanýaň artykmaç gepläniň üçin,
märekeli ýerde, ýa başga ýerde.
gynanýaň howlukmaç kararyň üçin,
garaşmaly ýerde, ýa başga ýerde.
gynanýaň duşmedik azabyň üçin,
okabam gowy ýer almanyň üçin,
ýa ugrunda arman-ýadaman işlap
işiňde in gowy bolmanyň üçin.
gynanýaň söýgiňde ýenleniň üçin,
mert bolup ýaryny söýmaniň üçin,
ýaryň başga birine söz berenini
eşitmezden burun, ölmäniň üçin.
gynanýaň, gynanýaň yene gynanýaň,
herbir şowsuzlyga erksiz gynanýaň.
şonda-da dikelip ýöräniň üçin
dostlaň arasynda çäksiz sylanýaň!
ajysyz ýaşaýyş bolsady eger,
hemmeler bagtly bolardy meger,
ýöne baky dunýä göz ýumýan wagtyň
bir şatlanyp bilseň barsyna deger!
( goshgyny men duzmedim )
-
Batyr1986
14 years ago
- menem.haha
-
Cwetocek
14 years ago
- howwa!
-
ruqaya
14 years ago
gowwyy :)
-
bmw525
14 years ago
- waha
wahawaha
Goool 14 years ago- Menä shu aydymy halayan gowja aydymlay