Sen meni gaty gözi gidijilik bilen synlaỳarsyň . Meniň diňe jogapsyz galan söỳgim bar. Men ony hiç kime rowa göremok. Saňa onuň sebäbini düşündirip bilemok. Isleseň sen meni diňle, islemeseň diňleme men barybir gürlärin. Ähli zat üçinem seniň beren wadalkaryň üçin, aỳdan owadan sözleriň üçin, barysy üçin bu ömrümde meniň ähli toplan baỳlygym söỳgi. Men gijäň ỳary oỳanỳan. Ikimiziň aỳlanan ỳerlerimiz göz öňünde kino lentesy ỳaly geçip başlaỳar. Men şol mahal lentany üzesim gelỳär. Arman, ol hakydamyň lentasy, ony nädip üzeỳin. Ah şu mahal başarỳan bolsam seni hem gyz edip, ỳok men edip ỳaradardym. Şonda senem ähli zada düşünerdiň, iň bolmanda düşünmek islärdiň. Sen menden hes beỳikdiň . -Belki men saňa düşünen däldirin. Eger şeỳle bolsa sen meni bagyşla, ỳöne haỳyş edỳän sen maňa beỳle gözigidijilik bilen seretme. Meniň diňe jogapsyz galan söỳgim bar.

Köneler, Broker tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir