«Biz her bir ymmat üçin gurban kesmegi emr etdik. Ryzk hökmünde beren mallarymyň damagyny çalanlarynda Allahyň adyny aýtsynlar. Şuny hem unutmaň, hemmäňiziň Taňryňyz ýeke-täk ilahdyr. Onda diňe Oňa boýun boluň. Eý Resulym, sen hem pespällere, ak ýüreklilere we yhlaslylara buşla», (Haj, 34). Bu aýat taryhyň dowamynda ähli dinlerde gurban ybadatynyň bolandygyny habar berýär. Kurany Kerimde hezreti Adam atanyň ogullarynyň Allah ýoluna gurban kesýänlerinden söz açylmagy, gurbanlygyň hezreti Adam atadan bärik dowam edip gelen ybadatdygyny görkezýär. Şeýle hem, ynsanyň ähli mülk we mal baýlygynyň hakyky eýesiniň Allahdygyny ýatladýar. Gurbanlygyň hezreti Ibrahim we ogly Ismail bilen hem ýakyn baglanyşygy bardyr. Hezreti Ibrahimiň düýşünde ogly Ismaili gurban etmek emrini almagy we oňa boýun bolmagy, Ismailiň bolsa kakasyna garşylyk görkezmän, Allah ýoluna gurban bolmaga razydygyny aýtmagy, gurbanlygyň wepalylyk we sadakat nyşanydygyny görkezýär. Mü’minler her gurbanlykda hezreti Ibrahim bilen ogly Ismailiň Allah Tagalanyň uly synagyndan abraýly geçendigini ýatlap, özleriniň hem şeýle tagat-ybadata taýyndygyny görkezýärler. Gurban kesmegiň asyl maksady yhlas we takwalyk bilen Allaha ýakynlaşmakdyr. Bu maksat bolmasa, kesilen gurbanlygyň Allahyň dergähinde gadyr-gymmaty ýokdur. Çünki, Kurany Kerimde Allah Tagala şeýle buýurýar: «Şuny unutmaň, berlen gurbanlygyň eti-de, gany-da Allaha ýetmez. Ýöne Oňa ýetjek ýeke-täk zat ýüregiňizde beslän takwalygyňyz, Allaha bolan tagatyňyzdyr», (Haj, 37).

Köneler, kabe tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir