Maňa seniň gözleriňden gitme ýok. Maňa seniň sözleriňden gitme ýok. Düşün, bu dünýäde soňky güne çen Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men . Seniň ýüpek gijeleriňden gitme ýok . Seniň aýdyň gündizleňden gitme yok. Bu garagol jahyllykdan giderin. Ol hasaly gojalykdan giderin . Çünki men olardan gitmän bilemok . Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok . Men zemin . Sen bolsa ullakan asman . Saçyňy nur edip üstüme dökýäň . Emma ,düşün ,läläm, şeýle gün dogar: Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar . Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme Gararyn belentden ýeriň ýüzüne . Men bir gyzda gözleriňi görerin . Men bir gyzda sözleriňi görerin . Şapakda görerin-ýaňagyn alyn . Gijede görerin –ýaňagyn halyn . Synlap ýapraklaryň ýüzünde deriň , Onda seniň gözýaşyňy görerin . Zemin aylanyp dur , Oňatlyk örän ! Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok . Dünýäň her gülünde men seni görän , Şonuň üçin bu dünýäden gitme ýok .
Inede bet goshgy
-
Yazlale
14 years ago
- Salam Bmw! goshgyna erbet dal.
-
Djdawid
14 years ago
- goshga sozum yok. Yone yzyndaky bet hindi kino name diydigin?
-
Cwetocek
14 years ago
- saher turup,syl yuzune chagany,
pakliginde bolup bilsen shoncha bol.
Sen sanama gara sachyn agyny,
sen sag-aman oqenine moncha bol.
Biz hemmamiz shatlyk uchin doguldyk,
shon uchinem gechdik ine, shuncha yol.
Shat gunlerin kop bolmanna gynanma,
shat gunlerin bolanyna moncha bol.
Gonshyny Gozgama,gochmesin gonshyn,
goy,ochmesin sen olcherme oduny,
ayaklaryn atjek adimin ader,
gorechlerin gorer gorjek zadyny.
Saher turyp,syl yuzune dunyani,
ginliginde bolup bilsen shoncha bol.
Bu dunyane mahsus ahli zatlaryn
senden sowlup gechmeyanne moncha bol.
Erbet bor bu baglar gecse deninden,
bu yagryshlar senin uchin yagmasa.
Bagy ikiyana bulanda tupan,
zerur chygy gul yuzune degmese.
Gykuwlashyp gechip gitse deninden,
durnalaryn yyllar kimin hatasy.
Seni gozgamasa beyik yashayshyn,
chozulen hem chozulmeli mataly.
Shon uchinem syl yuzune dunyani,
ozun hakda,gonshyn hakda pikir et.
Bu dunyane mahsus ahli zatlaryn
senden sowlup gechmeya6e shukur et.
-
Cwetocek
14 years ago
- seni söýdüm
seni söýdüm. söýüp bir gez
beýgeldim
seni söýdüm. has giňedi bu
dünýäm.
öz ýeňles gylygma gazaply
boldym
öz durmuş ornyma indi
düşünýän.
adamlara has ynamly garadym
ýeňiş bilen tamam boldy
gözlegim
kyn pursatym medet berdi
kalbyma
jadyly däl- seniň ynsan gözleriň
kim men? jogap tapman şu
günlere çen
seni söýüp kimdigimi bildim men
ýeňil gopdym başymdaky öýme
dek
diýdim “ejiz bu dünýäni
söýmmedik”
seni söýüp göz ýetirdim bir zada
kynçylyk ýok
ejizlik bar dünýäde.
-
Cwetocek
14 years ago
- söýgi günleriniñ adaty, ine:
her günüñ – açyşdyr,
her günüñ – şatdyr.
onuñ algebrasyn çözersiñ. ýene
birini ýazansyñ, ikisem ýatda.
meniñ söýgim şeýle kämil
çykypdyr,
eger sen dönäýen bolsañam
daşa ,
söýgim gursagyña girip, diýerdi:
“ sen meni ýaratdyñ. indem sen
ýaşa!”
bir gösem-ä, saña elim ýetenok.
bir görsemem, ruhumda sen, sen
golaý.
bir özüme gökde ýyldyz az ýaly,
ikimize welin, ýeterlik olar.
ýatlama-da sary, gussa-da sary.
yşk lezzeti köñli guçýar günsaýy.
-
Cwetocek
14 years ago
- dogmajak ýalydyr güni hem aýy,
aşyk ýigit aýra düşse ýaryndan,
ýöne gam çekmekde, heý, many
barmy?
bu ýeke-täk ýolmy ýollañ
baryndan?
söýgi hasrat däldir.
ýürekde dörän,
hiç mahal guramaz baldakdyr
baldak.
men söýgini belent göterdim
örän,
misli maña tabşyrylan al baýdak.
men ölerin.
şeýdip mazarym dörär.
(alaç barmy – tebigatyñ emri bu).
söýgim gelip mazaryma büdürär
hem bir ädim uzaldar meñ
ömrümi.
söýgim gözýaş döker üstümde
günde,
her hal säher tüm çetinden
jyklanda.
ähli duşan hem duşmadyk
ykballañ
dünýesidir biziñ ümmülmez
dünýä.
duşanlary – bir ýassykda uklarlar,
duşmadyga – bir ýassyk az
görünýä.
şu gün köçämizden bir gözel
geçdi.
kim ol? ady näme? gelipdir
nirden?
ol saña şeýle bir gaty meñzeşdi,
señ adyñy tutman saklandym
zordan.
sen sesimi eşden bolsañ eger-de,
ýüregñi gyýardy ol misli päki.
men nirde ýansam-da, doñsam-
da nirde,
seniñ rahatlygyñ bozmaryn baky.
seniñ rahatlygyñ bar bolsa eger,
üstünden lowurdap tylla gün
dogar.
ine, adamzadyñ iñ zerur bagty:
söýgi bet pygyldan çykýandyr
üstün.
siz şeýle bir söýüñ, şeýle söýüliñ,
goý, gökde ýyldyzlañ gözleri
gitsin.
söýüp – peslik, pislik köküni
gyryñ!
söýgi bilen söýüñ! a söýgi giñdir.
her hal geçmişimden ýokdur
ahmyrym,
çünki meñ geçmişim – seniñ
söýgiñdir.
seniñ aýdyp ýetişmedik sözleriñ,
ýañakda gijeden yz galan halyñ,
seniñ meni gözläp ýören gözleriñ
–
şudur ähli geçen, geljek ykbalym.
gör, eýýäm iñrige gark bolupdyr
ýer,
ömrüñ agajyndan düşüp dur
günler.
-
bmw525
14 years ago
saher turup,syl yuzune chagany,
pakliginde bolup bilsen shoncha
bol.
sen sanama gara sachyn agyny,
sen sag-aman oqenine moncha
bol.
biz hemmamiz shatlyk uchin
doguldyk,
shon uchinem gechdik ine,
shuncha yol.
shat gunlerin kop bolmanna
gynanma,
shat gunlerin bolanyna moncha
bol.
saher turyp syl yuzine chuyshani,
peyan bolup orenine shoncha bol.
Sen sanama chuyshelerin sanyny.
Bolup bilsen alkashlygyna moncha bol.
Yenede yzy kop yazmaga yaltanyan. *smail seredip balet edip dur*
-
Yazlale
14 years ago
- :)
-
bmw525
14 years ago
- swet name gaydyp goshgy yazma diyjek bolyanmy. Sepleshdirip baryanlay
-
bende
14 years ago
- go$gyny yaltanman yazyanlar sagbolsun!gowy setirler
-
bmw525
14 years ago
- bendejan goshgylar kopya edilya, yone shular yaly goshgulary yazmaga mena yaltanamok, yaltanmanam 2-nji kursda yat tutypdym
-
bende
14 years ago
- Bmwjan diymek 2ji kusda a$yk bolupsun oydyan
-
bmw525
14 years ago
- bende men sana name diysemkam, hokman ashyk bolmak dal yone goshgyny gowy gordumde yat tutaydymlay
-
bende
14 years ago
- ay herbirzadyn sebabi barda menem $eyle oyladm,
-
bende
14 years ago
- ay herbirzadyn sebabi barda menem $eyle oyladm,go$gy yatlayan bolsan yatke6lik betdr sende
-
bmw525
14 years ago
- bende of course bet, menin kellema giren maglumatlar chykyp bilman kosenyarda
-
bende
14 years ago
- )))))bet,yone erbetlerini 4ykaryansyna?
-
bmw525
14 years ago
- muna jogap bermayinlay, gaty gorme:-x
-
Cwetocek
14 years ago
swet name gaydyp goshgy
yazma diyjek bolyanmy.
sepleshdirip baryanlay
bmw525 | 2010-11-02 01:32:10
dushunmedm. Yone halayan goshgularmy yazaydm.
-
bmw525
14 years ago
- bolyala onda
-
shohlejik
14 years ago
- tuweleme biri-birinizden manyly goshgulary yazyanyzay... hemme goshularam on okuwda eshdipdim shonda-da tazeden okamak hasam gowy...gowy goshgular...yazan agzalara sag bolsun aydyan!!!
-
azatly
14 years ago
- sen nameler diydin tazeden yazsana
-
Cwetocek
14 years ago
sen nameler diydin tazeden
yazsana
azatly | 2010-11-02 07:15:07
a sen nameler diydin?
-
bluetooth
14 years ago
- ...mana owran-owran diydiler yigit,
sen durmyshy owren,sen durmysha git.
yurdyndan kowylan,bir ashyk deyin
men bulardan gechip nira gideyin.
-
Bagyr
14 years ago
- Gurbannazar Ezizow hakdan icen sahyr men oz pikirim yatan yeri yagty bolsun pahyryn!!!
-
DRV
14 years ago
- Be hich kim maledes diýmändiraý..biriñiz söýüshemde gerek boldy diýdiñiz, biriñiz okapdym,ýat tutupdym diýdiñiz garaz biriniñ üstüni nemes chozana döndürdiñizaý bee...
Ýat tutañyzda näme , menem ýat tutupdym ol go$gulary aram-aram ýatlap durmak,ýadyñ ýüzüni täzeläp dursañ oñat dälmi näme... Ýüzüni täzeläp durmasañ ýatkeshligiñiz näche vagta giderkä siziñ...özüñizden bilibä ýazmansyñyz...
-
DG
14 years ago
- Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,
sada bolsun ogluñyz gyzyñyz,
geçsin ýazlaryñyz hereket bilen ,
bereketli gelsin tylla gùýziñiz.
Töriñizda hemi$elik guralan,
ýum$ak sallançagyñ ýatmasyn bady,
saçagyñyzda çörek duz halta duz,
sönmesin ojakda ojaryñ ody.
Duluñyzdan gelin baksyn aý bolup,
tùýnúñizden gelin bolup aý baksyn,
ýaman niýet bilen i$ikden giren,
ýag$y niýet bilen i$ikden çyksyn!
-
DG
14 years ago
- Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,
sada bolsun ogluñyz gyzyñyz,
geçsin ýazlaryñyz hereket bilen ,
bereketli gelsin tylla gùýziñiz.
Töriñizda hemi$elik guralan,
ýum$ak sallançagyñ ýatmasyn bady,
saçagyñyzda çörek duz halta duz,
sönmesin ojakda ojaryñ ody.
Duluñyzdan gelin baksyn aý bolup,
tùýnúñizden gelin bolup aý baksyn,
ýaman niýet bilen i$ikden giren,
ýag$y niýet bilen i$ikden çyksyn!
-
Gapyrjak
14 years ago
- Sagja bol bmw525,dg beýik shahyry ýatlanyñyza. Okadym manyly goshgular, ýenede aram-aram ýazyp duruñhow shular ýaly goshgulary!
-
Gapyrjak
14 years ago
- Swetka sañada sag bol seni ýañy ýatdan çykarypdyryn!
-
bmw525
14 years ago
- salam bmw. Gowymy yagday. Sen taze geldin oytyan
-
bmw525
14 years ago
- salam gapyrjak Gowymy yagday. Sen taze geldin oytyan
-
pandora
14 years ago
- bu stihlary nirden tapyanyzay?
-
Gapyrjak
14 years ago
- Gowumy bmw525 hawa men täze ýöne kömek gerek, agendi registr edip bilemok. Kömek gerek diýip täze temada açdymlaý ýöne entek kömek edýänä ýok akiyevbegench düshündirýä ýada men ýalñyshýan
-
bmw525
14 years ago
- gapyrjak sen shu wagt nirede. Men komek edeyin tmda bolsan ayt tel nomerimi bereyin dilden komek ederin
-
Gapyrjak
14 years ago
- Bmw sag bol dost mende mobimida bar ynha oñ id nomeri 2866812 shonda habarlashaýarys!
-
bmw525
14 years ago
- sen turkmenistandamy. Haysy welayatdan
-
Gapyrjak
14 years ago
- Mary welaýatyndan bmw525 dost sende mobimit bar bolsa shondan gözläber!
-
Gapyrjak
14 years ago
- Wiý nomer galypdyr id nomeri 2866812
bmw525 14 years ago- gowja uns berip okan, bet hindi kino