Salawmalikim futbol söyüjiler! Hindistanyň, Pakistanyň milli ýygyndylary we Taýwan bilen Laosyň arasyndaky oyunda ýeňiji bolan topar AFK-2012 Kubogy ugrundaky 4-nji bäsleşigiň saýlama oýunlarynda türkmen futbolçylarynyň bäsdeşleri bolarlar. Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurdaky ştab-kwartirasynda geçirilen bije çekişlikde bu toparlar "B" toparyny döretdiler. Olaryň oýunlary 2011-nji ýylyň 20-31-nji mart aralygynda geçiriler. Milli ýygyndylar üçin ähmiýeti boýunça ikinji ýerde durýan yklym baýragy ugrunda 20 topar göreşer. Saýlama oýunlary indiki ýylyň fewralynda badalga alar. Olarda Butanyň we Owganystanyň, Filippinleriň we Mongoliýanyň, Taýwanyň we Laosyň, şeýle hem Kambojanyň we Makaonyň ýygyndylary duşuşarlar. Ilkinji duşuşyklar ady ilkinji bolup görkezilen toparlaryň meýdançalarynda, 9-njy fewralda bolar. Jogap oýunlary bolsa 16-njy fewralda geçiriler. Soňra mart aýynda toparlaýyn ýaryşlar bolar. Toparcalañ yagdayy sheylerak: "A" toparca 1. Mýanma 2. Palestina 3. Bangladeş 4. Butan-Owganystan dushushygynyň ýeňijisi "B" toparca 1. Türkmenistan 2. Hindistan 3. Päkistan 4. Taýwan-Laos dushushygynyñ yeñijisi "C" toparca 1. Täjigistan 2. Maldiw adalary 3. Gyrgyzystan Respublikasy 4. Kamboja-Makao dushushygynyň ýeňijisi "D" toparca 1. KHDR 2. Nepal 3. Şri-Lanka 4. Filippinler-Mongoliya dushushygynyň ýeňijisi "B" toparcada final üçin iki ýollanma ugrunda, görnüşi ýaly, Türkmenistanyň, Hindistanyň we Pakistanyň toparlarynyň özara bäsleşmegi mümkin. Pakistanyň ýygyndysy bilen türkmen futbolçylary diňe bir gezek 1993-nji ýylda ykdysady hyzmatdaşlyga gatnaşyjy - yslam ýurtlarynyň (EKO) Tähranda geçirilen bäsleşiginde duşuşdylar. Şonda Türkmenistanyň topary ynamly ýeňiş gazandy 4:0. Hindistanyň ýygyndysy bilen bolsa biziň futbolçylarymyz 4 gezek duşuşdylar. 1998-nji ýylda Bangkokda (Tailand) geçirilen 13-nji Aziýa oýunlarynda türkmenistanlylar 3:2 hasabynda ýeňiş gazandylar. Dört ýyldan soň, Pusanda (Koreýa) hindiler 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. 2008-nji ýylda Haýdarabatda (Hindistan) ýer eýeleri 2:1 hasabynda üstün çykdylar. Iki ýyldan soň bolsa Şri-Lankada ýeňiş türkmenistanlylaryň tarapynda boldy 1:0. Ýeri gelende aýtsak, soňky ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy finala çykypdy, ýöne ol KHDR-yň toparyndan diňe jerime urgulary sebäpli utulypdy. www.turkmenistan.gov.tm

Köneler, Goool tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir