Salam dostlar menin yazjak temam masgala barada,sonky dowur bilyan bolsanyz kop masgala ojagy dagayar,ozem uzak yasasman ayrylysyalar munyn sebabi nameka.Menin okan kitaplardan bilsime gora birinjilik bilen yan yoldas saylamakda uly yalnyslyk goyberilyar,das sypatyna guwanyp dine jynsy islegine aldanyp gurylyan masgala dagamak bilen bolyar.ata babalarymyz aydypdyr gyzy goz bilen dal gulak bilen gozle,dogry das sypadynada seretmeli yone esasy zat dine sol diyip bilmeli dal,gynansagam kop masgala muny esas b
Yan yoldas,masgala
-
Yazlale
14 years ago
- Yslam siz gowy zatlar yazypsynyz hokman sheytmeli.
-
Kukolka
14 years ago
- yslam dowamyna sabyrsyzlanyp garaşýan.gowy ýazgy.
-
yslam
14 years ago
- 6- Är-aýal söýgilerini her sebäp bilen hemişe bir-birlerine bildirmelidirler;
7- Gynanja boýun egmezlige gaýrat etmeli, durmuşa hemişe umyt bilen seredip, güler yüzli boluň;
8- Uly ýa-da kiçi säwliklerinde gynandyryjy ya-da göwne degiji tankytlardan ähmiýetlik bilen uzak durmalydyrlar;
9- Özara başlan gohdur galmagaly ilki bada çykanja ýerinde we sebäbinde saklamaga çalyşmaly, şol mowzuga öňden galan başga-da meseleleri goşup, ýagdaýy has hem giňişletmäň! Düşünişmezligi öz elinizde(kontrol) tutuň, çyzykdan çykmagyna rugsat bermäň;
10- Ýersiz we çeşme taýdan takyk bolmadyk gysgançlyk, gaýgy we şübheleriň ýykyjy täsirleri bardyr, zannyňa(çak) we aýdylanlara(gyýbat) görä hereket etmäň;
11- Ýanýoldaşyňa hem özüňe, hem-de özüne guwanmagyny ünde. Oňa guwanýanlygyny görkez;
12- Bagtly bolmak üçin, oňat biri bilen durmuş gurmagyň ýeterlik däldir, özüňiziň hem mynasyp ýanýoldaş bolmagyňyz gereklidir;
13- Tämizlik imanyň ýarysy we mydamalyk söýginiň iň gerekli şetlerinden biridir;
14- Durmuşdaky ýoldaşyň bilen bagtly bir durmuş yaşamak üçin, özüňden bir parça halyna gelen käbir endikleriňizden yüz öwürmeli bolup bilersiňiz;
15- Öz göwnüň üçin isleýan oňat zatlaryňy ýoldaşyň üçin hem isle, özüň üçin edýän aladalaryňy onuň üçin hem et;
yene dowamy bar :)
-
Cwetocek
14 years ago
- dowamyna garashyan peydaly we gyzykly maglumatlar!
-
Cwetocek
14 years ago
- dowamyna garashyan peydaly we gyzykly maglumatlar!
-
yslam
14 years ago
- 16- Almagy bilşiň ýaly, bermegi hem bil. Hemişe öz bereniňden köp mukdarda ýa-da hiç-hili bermän almaga synanyşmaň, özdiýenli(egoist) bolmaň;
17- Her erkek öz aýalynyň hemme ýagdaýlarda öz elinden geleniniň iň oňadyny eden, gyzgyn söýgüsi we hoşamaýlygy bilen özüni razy eden ideal(iň oňat) ýanýoldaş bolmagyny islär; her bir zenan maşgala-da öz äriniň doly ýýagdaýda ynamdar we güýçli häsiýetlere eýe, her-hili mätäçliklerine razy etjek ýagdaýda çäreler tapan biri bolmagyny islär. Her iki tarap hem bu iň oňat ýagdaýa görä hereket etmek üçin gaýrat görkezmelidirler;
18- Durmuşda hemişe bolýan säwlikdir kynçylyklarda derrew ýanýoldaşyňy günäkärleme, ýagdaýa ynsaply serediň;
19- Diňe bugüniňizi ýaşaň, geçen günlerde bolan gynançly wakalary we entäk gelmedik geljekki gaýgylary bugüne getirmäň! Mümkinçilikleriň serhedini geçmän ýaşajak boluň;
20- Nika kanunynyň örän mukaddes bir bag we Allaha berlen bir sözdügini bil! Bu babatda geljekde puşman etjek bir ädimi ätmäkaňiz müň gezek pikir ediň!
hemmesini birden yazmayyn diyyan. bolek-bolek edip yazsan goýy okayarlar
yene dowamy bardyr
-
Cwetocek
14 years ago
- dowamyna garashyan!
-
yslam
14 years ago
- 21- Maşgala ýagdaýy üçin yşk we söýgi möhüm bomak bilen birlikde, maşgalanyň diňe bu ýagdaý bilen aýakda galjagyny pikir etmäň! Ryzyk, terbiýe, ynanç, ynam, her-hili goldaw we ş.m. başga-da birnäçe ýagdaýlaryň hem wajyplygyny ýatdan çykarmaň;
22- Ýanýoldaşyňyza hemişe görelde boljak häsiýetleri görkeziň, oňat adamkärçiligiňizi diňe bir diliň bilen däl, eýsem-de bolsa, özüňizi alyp barşyňyz bilen hem görkeziň;
23- Biderek ýere goňşydyr garyndaşlaryňyzyň araňyza girmeklerine pursat we rugsat bermäň, mümkin boldugysaýyn, maşgala içindäki hoş bolmadyk ýagdaýlary öz araňyzda çözüň;
24- Ýanýoldaşynyzda säwlik hökmünde görýän käbir zatlaryňyzy derrew düzetmäge synanyşmaň, üýtgemegi üçin belli bir wagta mätäç bolunýan häsiýetler bolup biler. Kiçijek säwlikleri bolsa ulaltmaň;
25- Maşgala jogapkärçiliklerini we yüküni göwün hoşlugy bilen kabul ediň we doly ynanç bilen öz üstüňize alyň;
26- Özara düşünişmezlik we goh-galmagaldan mümkin boldugyça uzak duruň;
27- Geljekde örän şat ýatlamalara we öz araňyzdaky bagyň has güýçlenmegine sebäp boljagy üçin, ýanýoldaşynyz bilen bile işler etmäge wagt aýryň;
28- Ýanýoldaşynyza özüni iň oňat ýagdaýýda beýan etme we dürli oňat ukyplaryny ösdürme pursadyny beriň! Hiç bir wagt oňa ýaňsylaýjy sözler aýtmaň;
-
Cwetocek
14 years ago
- minnetdar!
-
umnik
14 years ago
- ay prawila boyun4a ya6amaly dal how '-)
-
Kukolka
14 years ago
- umnik yslamyň ýazanlary maňara ýaraýar.
-
bmw525
14 years ago
- Umnik sen barjak dalmi?
-
Peket
14 years ago
- Sagja bol yslam minnetdar!durmu$a nadip gadam goymaly?gaty gowy yazylan parça.hemme zat dushundirlipdir.ya$lara yagty yol bolar.
-
Peket
14 years ago
- Kasoy21 açan temana sagja bol.senin b/n pikirde$
-
umnik
14 years ago
- bmw na4e ya6ynday sen,4aga menzeyan oza ponyatiyandan baha bersen
-
bmw525
14 years ago
- Umnik yenede 2-yyldan pensiya chykyan.
-
Goool
14 years ago
- p.s.: kasoy sen orginal kasoymay? :D
-
Cwetocek
14 years ago
- umnik akyl bol senden uly shu yerdakilen hemmesem!
-
Goool
14 years ago
- umnik, selwi nireday?
-
Cwetocek
14 years ago
- :-)
-
cvetocek
14 years ago
- :)
-
Cwetocek
14 years ago
- wahaha mana oykunen bolyanmy cvetocek
yslam 14 years ago- Är-aýal söýgilerini her sebäp bilen hemişe bir-birlerine bildirmelidirler. Uly ýa-da kiçi säwliklerinde gynandyryjy ya-da göwne degiji tankytlardan ähmiýetlik bilen uzak durmalydyrlar.
Tejribeleri netijesinde alymlaryň we psihologlaryň maşgalalaryň batgly durmuşa eýe bolmagy üçin belläp geçen käbir çärelerine göz gezdireliň:
1- Gysga aýralyklar maşgala bagyny güýçlendirip biler. Uzyn aýralyklar bolsa, maşgala üçin ýykylyşa sebäp bolup biler, şol sebäpli, uzyn wagtlygyna aýralyklardan uzak durmak has amatly;
2- Şadyýan durmuş üçin her iki tarap bir-birlerini ruhy we pikir taýdan örän oňat bilmeli, duýgy, ynanç, ahlak we häsiýetleri taýdan çuňňur tanamalydyr. Diňe şeýle ýagdaýda maşgalany bozup biljek säwliklerden goranyp bileris;
3- Hiçbir özara düşünişmezligiň uzyn dowam etmegine rugsat bermeli däl . Iň gysga wagtda hoşamaýlyk bilen meseläni çözmeli we taraplar ylalaşmalydyr;
4- Öňki sözlüsi ýa-da ýanýoldaşy-bulardan haýsydyr biri bolsun, tapawudy ýok, olar bilen bolan tejribedir wakalardan hiç-hili söz etmeli däl;
5- Aşa idealist (özdiýenli, hakykatçyl, gözi beýiklerde we ş.m.) bolmaly däl, adaty ýaşamaly we ýoldaşyňdan mugjyzalara (adatdan daşary başarnyk we ýagdaýlar) garaşmaly däl;
dowamy bar!