Hemmämiziñ bilşimiz ýaly, bilmek üçin soramak gerek, sebäbi soramaýan ýa-da soramakdan çekinyän adam hiçzat öwrenip bilmez. Pygamberimiziñ “Sorag ylmyñ açarydyr” diýen hadysy hem muña aýdyñ şaýatlyk edýär. Beýleki tarapdan bolsa soramak üçinem bir zatlar bilmek gerek. Mysal üçin haýsydyr bir kompýuter programmasy barada bir zat soramak isleýän adam, soragy soramanka ilki bilen kompýuter barada köp zatdan habarly bolmaly. Bolmasa ne sorag soralan adam birzat düşündirip biler, ne-de soragy soran, soragyna jogap tapyp biler. Sebäbi bu ýagdaý sanlardan başy çykmaýan adama algoritma hakda birzat düşündirmek ýali bir zat bolýar. Ýagny bir netije almak mümkin bolmaýar. Muña ýene bir zat goşsa bolar. Bir adamyñ öz-özüne “men näme üçin täze tehniki gural öndürmeli däl, meñ nämäm kem?” diýip soramagy üçin, ilki bilen ol adam dünýäde tehniki gural öndürilendigi hakdaky maglumata eýe bolmaly. Maglumat gaýraty döredýär, gaýrat soragy emele getirýär.. Sorag bolsa hakyky erk bilen bekedilip bilinse täzeden direlmegiñ buşlukçysy bolup durýar. Onsoñam sorag köplenç ony soran adamyñ aklynyñ derejesini hem görkezýär. Adamyñ akly; soran soragyndan bellidir diýlip, köpden bäri agzalyp gelinýän söz hem bu aýdanymyzyñ dogrudygyny görkezýärmika diýýärin. Şol sebäpli-de, sorag sorajak adam soraýmanka, ilki oñatja pikirlenmeli, soñ soramalydyr. Onsoñam soralan sorag adam gatnaşyklaryny has-da ösdürip biler, masgaraçylykly ýagdaýda gutardybam biler. Bu ýerde belläp geçmeli ýene bir zat bar. Sorag diýmek bilesigelijilik diýmek.. Sorag diýmek agtarmak diýmek.. Sorag diýmek öwrenmek diýmek.. Sorag; ylmyñ ýolunda ädilýän ädimleriñ iñ ygtybarlysydyr. Sorag; ýaltalykdan we jahyllykdan essi aýylan adamyñ, beýle zatlardan bizar bolup bat bilen silkinmegidir.. Sorag; bir adamyñ garañky tamyñ içinde gol gowşuryp oturmagy özüne kemlik bilip, ýagta çykýan ýollary agtaryp başlamagydyr meñ gözümde.. Sebäbi bilimsizlik garañkylyk dälmidir eýsem?! Sorag ylma golaýlaşmak dälmidir eýsem?! Soraglar.. Soraglar.. Soraglar.. Bu bölümde biziñ işimiz şol bolar nesip bolsa.. Ýagny din we iman esaslary hakda köp ýerde soralan we jogaplanan meseleleriñ üstünde durarys we sahypamyzyň bukjasy(habarlaş bölümi) arkaly sizde dörän soraglary elimizden geldiginden jogaplandyrmaga çalyşarys. Sizden sorag soramakdan çekinmezligiñizi haýyşt edýäris. Sebäbi, ähli musulmanlaryñ iñ beýik baýlygy bolan imanlaryny sarsýan, jogap tapylmasa bolsa (Allah gorasyn) gitdigiçe şol adamy imansyz ýagdaýa getirýän, aslynda, ýönekeýje soraglardyr. Siziñem bilşiñiz ýaly, imansyz bolsa jennete girip bolmaýar. Wagtynda em edilmese, ýönekeý ýaralaryñ hem erbetleşip, gangrena bolýandygyny bu ýerde ýatlasak, megerem, öte geçmesek gerek. Sebäbi “kiçijikdi, üns bermedim; ulaldy, ýeñip bilmedim” ýaly ýagdaýlara, gynansagam, asrymyzda örän köp duş gelinýär. Soraglarda duşuşmak umydy bilen...
Sorag soramak barada
-
Cwetocek
14 years ago
- sahypan bukjasy ishleyamika?! Yslam!
-
yslam
14 years ago
sahypan bukjasy ishleyamika?! Yslam!φ
Cwetocek | 2010-10-21 23:41:17
Salam CWETOCEK!
yok ishlanok!
-
Bravo
14 years ago
- Salam yslam aga! Sorag soramak babatda mena kan cekinemok!
nobel'i alan 1 alymdan sorapdrlar. Sen nadp su dereja yetding dp. Olam men bilmeyan zadymy soramagy cekinmedm dpdr.
Sorag sorajak bilen oz dusunjang bolmaly...
Thanks yslam aga! Ustunlikler!
-
Goool
14 years ago
- sorag bermeyan adam hicem one gitmez. In bolmanda oz ozune sorag berip gezmeli
-
dowletow
14 years ago
- yazylamlar goshulyan menem
yslam 14 years ago- Allahy kim ýaratdy?
Sorag: Hemme zady Allah ýaratdy. Onda Allahy kim ýaratdy?
1. Soragda bir näsazlyk bar. Soragy soran adam hemme zadyň Allah tarapyn ýaradylandygyna ilki ynanýar, soň bolsa Allahy başga birine ýaratdyrjak bolýar. Aslynda, bular yaly soraglary diňe logika bilenem ýeňse bolýar. Ünsliräk bolmaly. Logika problemasy birinji mesele..
2. Pikir edip görüň: Allah diýmek name diýmek? Allah diýmek hemme zatdan üstün, hemme zada güýji ýetýän we hemme zady ýaradyp bilýän hem-de ýaradan Gudraty Güýçli bir barlykdyr. Älemiň ýeke-täk häkimi şoldur. Bu we muňa meňzeş kesgitlemeleri okap gören adam bu soragy hem soramaly däl. Sebäbi Allahy başga biri ýaradan bolsa, ol eyýäm Allah bolmaz, ahyry. Ol birinji Allahy kim ýaradan bolsa, Allah şol bolar. Sebäbi, birinji Allahdan soňkusy has güýçli bolýar. Yokardaky kesgitlema göra, Birine tabyn, birinden güýji asgyn gelýän barlyk hiç haçanam Allah bolup bilmeýär.
Soragdaky bu näsazlyga täzeden garaly. “Hemme zady Allah ýaradypdyr, Allahy kim ýaradypdyr?” Bu soragdaky logika ters gelýän taraplaryňdan birem, meseläniň zynjyra öwürjek bolunmagy. Diýeli, “Allahy başga bir Allah ýaradypdyr.. Onda ol başga Allahy kim ýaradypdyr?” diýip uzadyp oturmak mesele çözmeýär. Sebäbi ol soraglaryň yzy gutarmaz. Başga bir Allah, başga bir Allah diýip diýip, ahyr soňy bir ýerde gutarmaly bolar. Sebäbi gutarmajak bolsa, ondanam bir mesele bolarmy?! Ana, şol soraglaryň gutaran ýeri niresi bolsa, haysy Güýç hemme zady ýaradypdyr diýlen bolsa, şol hem Allahdyr.
Mysal bilen dowam edeli: Bir otly wagony öz ýoly bilen hereket edip barýar diýeli. Ol wagony kim çekýär? Elbetde, öňündäki wagon çekýär, sebäbi ony çekýän sep öňündäki wagona bagly. Onda öňündäki wagony kim çekýär? Onuňam öňündäki wagon diýip diýip iň soňunda otlynyň lokomotiwine geldik diýeli. Indi biri cykyp: “muny kim çekýär?” diýip sorasa, elbetde, akylsyzlyk bolar. Sebäbi, ony hem başga bir zat çekjek bolsa, onda ol lokomotiw bolmaýar, ahyryn.. Lokomotiwiň işi şol-da: Başga hiç bir güýje bagly ýa-da mätäç bolman wagonlary çekmek..
Edil şeyle-de, soraglary çykgynsyz ýagdaýa sokmagyň manysy düşnüksiz. Allahy hem başga biri ýaratjak bolsa onda ol Allah bolmaýar.. Başga hiçkime tabyn däldigi sebäpli oňa Ýaradan diýilýar, ahbetin!