dünýäde söýgi barmy????!!!... bu soragy her bir ynsan ömründe iň bolmanda bir gezek özünden sorandygy ikuçsyzdyr. kimleri derhal jogap berse, kimleri jogap tapmaklykda ejir çekýärler, käbirleri bolsa asliýetinde bu söýgi diýen duýgynyň hijem bolmanlygynyň tarapdarlary! söýgi!!! elbetde ol bar! bu ajap duýgynyň ýoklygyna ynanýanlar samsyklardyr. söýgi bar! bu adamzadyň geçmiş–geljekde syzan we syzyp biljek iň ajaýyp duýgysy, we şol barmana-da, wagtyň geçmegi bilen ömrüni zäherläp, ony ýokluga uçradýan iň elhenç awydyr. kimlere ol bagt hem rahatlyk getirse, kimlere şonçarak gaýgy-hasrat hem-de ejir çekdirýär, käbirlerine bolsa ikisinem bir wagtda syzdyrýar. söýgi- bu duýgy hem syzyş, bu bark ysly bägül gül, bu dünyadaki reňkler alemgoshary hem lezzetlerin in tagamlysy !!! bu dünýädäki bar bolan hemme ajaýyplygyň we gözelligiň birleşmegi… söýgi- bu biziň kalbymyzyň we bedenimiziň bir-biri bilen deňagramlykdaky halydyr. sen daşky dünýä bilen absolýut sazlaşyga girýärsiň we içki dünýäň bolsa rahatlykda ýaýnap, jennet bagyndaky ajaplyk ýaly syzyşyň çür depesine ýetýär. sen özüňi nirä sokjagyňy bilmeýärsiň, seni diňe gowy emosiýalar gaplap alýar, bu dünýa saňa dar bolup, öz içiňden daşary çykasyň gelýär! we şol barmanda hiç hili, hiç hili söygide curt kesik bir kesgitlilik ýokdyr! her gün, her sagat her pursat- täze bir zat, seni endamyň beýnisinden şüňklerine çenli galagolply halda saklap bilyan unudylmajak duýgulary syzdyrýar. sen söýýärsiň we sen ömürlik ýaşaýyş hakynda arzuw edýärsiň!.. söýgi-bu gözel bir baýramçylyk, bu seniň emosiýalaryň karnawaly! söýgi- diňe položitel we diňe položitel syzyşlaryň toplumy! bu iň esasy zat. söýgi- bu ýeňillik! howwa bu ýeňillik, adamzadyň arzuw edýän agramsyzlygy!!! guslar dey ganat yayyp, al asmanda uçmaklyk, perwana bolmaklykdyr. hemme betbagtçylyklara we gaýgy hasratlara gülüp bakyp bilmeklikdir. olar seni aýlanyp geçýärler. söýgi-bu kalbyň baýlaşmagy! söýgi bar!!! bu dilde aýdyp bolmajak, ýazgylarda taryplanmagy iň kyn ruh duýgysy! söýgi- beýik gudratlynyň bize beren sowgadydyr. hemmelere beýle bagtlylyk berilmeýär. beýik gudratly we al-asman hemmeleri sylaglamaýar bu ajap duýgy bilen!!! käbirleri bir taraplaýyn we iki juwanyň ikitaraplaýyn söýgileri diýip ikä bölen bolýarlar bu duýgyny… bu bir akmaklyk!!! söýgi – bu söýgidir! ol öz özünden dem alýär!!! dünýäde iň betbagt adam bu ajap duýgynyň syzmadyk ynsandyr!...

Köneler, imperator tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir