Eziz okyjylar! Hijri ýyl hasabynyň ulanylmaga başlanmagynyň taryhy bilen heý gyzyklandyňyzmy? Hijretden 16 ýyl soňra – Hezreti Omaryň halyflyk edýän döwrüdi. Ýagny, milady ýyl hasaby boýunça 638-nji ýyl. Abdylla özüne berlen buýrugy ýerne ýetirmek üçin Medinäniň köçelerini gapy-gapy aýlanýardy... Maslahata ýygnanjaklary birin-birin çagyran Abdylla tabşyrygy tamamlap, dolanyp gelip maslahat binasynyň gapysynda garaşmaga başlady. Köp wagt geçmänkä, maslahata gatnaşjaklar hem birlän-ikilän görnüp ugradylar... Ynha sahabalaryň iň bellilerinden Sad bin Ebi Wakgas... Anha-da Talha... Şu gelýän hem Ymam Aly bolsa gerek... Sähel salymdan uzakdan biriniň howlukmaç ädimler bilen ýetip gelýändigi göründi. Bu-da Halyf Hezreti Omaryň edil özüdi. Maslahat üçin mejlisi çagyrmaklygy buýran hem oldy. Geljekler gelşensoň, Allaha hamd we Resulyna-da salatu-salam getirilenden soňra, derrew asyl meselä geçen Hezreti Omar gürlemäge başlady: - Döwlet işlerini yzygiderli hasaba almakda kynçylyk çekýärin. Maňa iberilen bir resminama şaban aýy bilen senelenipdir. Bu şaban aýynyň haýsy ýylyň şaban aýydygy – bu ýylyňmy ýa-da geçen ýylyňmy – belli däl... Basranyň häkimi Ebu Musanyň hem bu mesele bilen baglanyşykly şikaýatlary bar. Bir-birinden tapawutly wakalara esaslanýan tapawutly senenamalaryň ulanylmagy bizi kyn ýagdaýda goýýar. Mundan soňra, özümize görä bir senenama başlatsak, has göwnejaý boljak. Ynha, sizi şu meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin çagyrdym. Maslahata gatnaşyjylaryň ählisi-de şeýle senenamanyň başladylmagynyň zerurlygyny biragyzdan makullaýardy. Emma, senenamanyň başlangyjy hökmünde haýsy wakany kabul etjekdiklerini kesgitlemek ýeňil däldi. Çünki, Resulallanyň (s.a.w.) ömrüniň her pursaty güni senenama başlangyjy saýylmaga mynasyp hadysalardan doludy. Ahyry, Sad bin Ebi Wakgas: - Men Resuly Ekremiň (s.a.w.) dünýäden öten gününi başlangyç hökmünde saýlamagy teklip edýärin – diýip öz pikirini aýtdy. - Ýeri sen näme diýýäň, eý Talha?.. Sadyň teklibini eşitdiň?.. - Men beýle gynançly hadysany senenama başlangyçy hökmünde kabul etmegi dogry hasaplamaýaryn. Munuň tersine, Alla Resulynyň (s.a.w.) doglan gününi başlangyç hökmünde saýlamagy teklip edýärin. - Ýeri, eý, Aly! Sen nähili pikir edýäň?.. Seni-de diňläli... Edilen teklipleri eşitdiň! - Men bu iki möhüm wakadan hem möhüm başga bir hadysany teklip etmek isleýärin. - Haýsy hadysany? - Hijreti!.. Musulmanlaryň yslamy ýaşamak we ýaýmak üçin ähli zatlaryny terk edip, Mekgeden Medinä hijret edişleriniň yslamyň kökleriniň pugtalanmagynda aýratyn ornunyň bardygyna ynanýaryn. Şonuň üçin-de, ony täze senenama başlangyç hökmünde almaklygy teklip edýärin. - Ýeri, bu teklibi nähili görýäňiz, eý Resulallanyň eziz sahabalary?.. - Men Alynyň bu teklibini örän makul hasaplaýaryn, eý Müminleriň emiri... - Men hem... - Men hem... Şunlukda, Hezreti Alynyň (Alla ondan razy bolsun!) teklibi bilen Resulallanyň (s.a.w.) Mekgeden Medinä hijret eden ýyly Yslam senenamasynyň – hijri ýyl hasabynyň ilkinji ýyly; ilkinji hijret toparynyň ýola çykan aýy bolan we öňden bäri hem mukaddes hasaplanýan Muharrem aýy-da birinji aý hökmünde kabul edildi. Resulallanyň (s.a.w.) hijreti bolsa, Muharremden soňra gelýän Safer aýynyň ýigrimi altysyndan başlap Sewr magarasynda dört gije gizlenişiniň yzysüre, 1-nji Rebiýul-ewwelde başlap, 8-nji Rebiýul-ewwelde Medinäniň golaýyndaky Kubada tamamlanýar. Kubada dört gün bolup ol ýerde mesjit guran Allanyň Resuly Rebiýul-ewwel aýynyň 12-sinde Medinä barýar. Hijretden 16 ýyl soň Halyf Hezreti Omaryň baştutanlygynda maslahat üçin ýygnanan mejlisiň alan bu kararyny gapyda garaşyp duran Abdylla Medinäniň köçelerinde halka yglan etdi: - Eý musulmanlar!.. Mundan soňra Resulallanyň hijreti birinji ýyl, ilkinji hijret toparynyň ýola çykan mübärek Muharrem aýy-da birinji aý kabul edildi. On altynjy hijri ýylyňyz ähliňiz üçin haýyrly ýyl bolsun!..
Hijri ýyl hasaby
-
Goool
14 years ago
biz hem abdyllanyň şol günki
ýagşy dilegine goşulmak bilen,
ähli musulmanlaryň 1431-1432-
nji hijri ýylyny gutlaýarys, ähli
adamzat üçin oňatlyklardan doly
ýyl bolmagyny arzuw edýäris.
nb | 2010-08-23 06:11:34
ilkä temaña minnetdar nb! Soñam aydanlarña menem goshulyan!
-
AKG
14 years ago
- Salam agzalar. Nb sagja bol.
-
toocool
14 years ago
- sagja bol nb! Gowmy agzalar?
NB 14 years ago- Biz hem Abdyllanyň şol günki ýagşy dilegine goşulmak bilen, ähli musulmanlaryň 1431-1432-nji hijri ýylyny gutlaýarys, ähli adamzat üçin oňatlyklardan doly ýyl bolmagyny arzuw edýäris.