Kemakyly oýnap bolýar, öýkelegiň üstünden gülüp bolýar, gorkagy köşeşdirip bolýar, batyry keseki bir ýurda urşa iberip bolýar, ynsabyňy tüweleý äkiden bolsa, wyždanyňy sil aparan bolsa, bürgüdi hem tüpeňläp bolýar. Ýone buýsançly kişä degmeli däldir, özüne buýsanýana hiç zat edip bolmaz. Buýsançly adama diňe buýsanyp bolýandyr. Söýgi bir kör bije, utuş bary-ýogy bir gezek paýyňa düşýär. Şonda-da özüňe ýokary baha kesip, tumşugyňy göge tutsaň, tirsegiňi dişlejek bolup azara galyp oturma. Ýumruk salgap kowlan soýgini ýer ýumruklabam yzyna gaýtaryp bolýan däldir. Günä diýlen nägehany biziň özümiz gazanýas. Soňra-da kimden ötünç sorajagymyzy bilmän, Ýokarkydan haraý gözleýäs. Olam: «Kimiň önünde günä gazanan bolsanyz, şondanam ötünç soraň» diýip, beýlesine öwrülip oturyberýär. Ýeke galsak iňňildimiz ýatanok, üýşürseler el çarpyşyp otyrys. Başga birini beýgeltjek bolup özüni kiçeldip ýörenem gyt däl. Indi diňe ykbaldan nalyş edip, öz üstümizden güläýmek, üstesine-de bizden elini ýuwan Taňryny öz gününe goýaýmak galdy. Käbir adam ýurtdan çykyp gaýdýar – millet arassalanan ýaly bolýar, käbir kişi Watany terk ädýär – millet yzynda aglap galýar. Adam başarsa ähli zatda birinji boljak, pellehana hemişe özgelerden önürti geljek. Ýalta kişi bolsun, çus adam bolsun – pellehana her kim özüçe howlugýar, her kimem bir hili ýetýär. Adam diňe bir pellehana howluganok. Çünki o taýyk ugradýan kän, aňyrda garşylaýan ýok. Iki ýana urnup, dyňzap duran duýgulary bogma, goýber olary kalbyňdan. Goý, joşsun, goý, çogsun! Ot alan atýatakda çapalanýan atlary göz önüne getirip gör... Dana kişä kemakyl diýseň, ol gaýdyp saňa görünmez, emma samsyga akylly diýseň welin, ony yzyňdan galdyryp bilmersiň. Adamyň gylyk-häsietini bilesiň gelse; bir-ä oturgyçda, birem kürsüde oturdyp gör. Hiç zat sorajagam bolma, çünki oturgyçda otyrka ähli sowalyňa jogap berer, kürsä geçende, ol senden sorap başlar.
Gysga setirler...
-
hallboy
14 years ago
- Yok bilemok suraty kicheldip.
Eysem suraty kicheldip bolyamy näme?
Men-ä bilemokdym. Öwretmezmiñ... :-D:-D:-D
-
shahyr
14 years ago
- gunca eshekden soray.
-
akwa
14 years ago
- hallboy garalap yazmasyny goyupdyr.
-
Sypayy
14 years ago
- Hallboy señem bilmeýän zadyñ bar ekenow?
-
hallboy
14 years ago
- Men garalap yazyan, yöne shahyryñ bir yerine agyrlyk, nagruzka düshyändir-dä. Üytgetyär-ä. Elinden gudrat gelyän eken, sayt bulashan wagtlar nirelerde otlap-suwlap yördükä!
-
Goool
14 years ago
men garalap yazyan, yöne
shahyryñ bir yerine agyrlyk,
nagruzka düshyändir-dä.
üytgetyär-ä. elinden gudrat
gelyän eken, sayt bulashan
wagtlar nirelerde otlap-
suwlap yördükä!
hallboy | 2010-08-23 11:04:34
ay natdiñay hallboy dushunaydä, shahyr señ beyleki temañda (fakt...) yagdayy dushundiripdirä, özune dalde sayda nagruzka dushyandigini, yagdaya görä bolaysanay.
saytin 80%ini tutyar, men
renkine geplamok. shuwagtky
sistema gara yazilsa bolup
bilmeyar. jogaplaryny yazyber
gara, temalaryny yazma.
shahyr | 2010-08-23 05:39:46
ine beyleki temañdaky shahyryñ aydany.
-
shahyr
14 years ago
- Hallboy, netiquette barada oka. Köp peýdasy deger.
-
hallboy
14 years ago
- Goool, bilip durup yazyañay senem. Rap sahypalaryñ birsinde yazylana biz hakda. Düshünmek kyn chylshyrymly geplere.
Shahyr, men düshündim, bash tema indi garalap yazmaryn.
Yöne jogapda yazan sözlerime bir degme.
Onsoñam achan temam-yñam ady gülküli bolup galypdyr. Menä hayran saña "Türkmen ilim" bolmaly. Olam yok.
Garaz dash-töwerege seret. Menem hapa söz inetde beylede dursun yashayyshdada erkek bilen aydyshasym gelenok. Shonuñ üchin paraller yöräli. Yolumyz kesishmejek bolsun.
-
Mahek
14 years ago
- Hallboy salam. Duýgular barada söz acypsyñ, ol duýgulary goýberseñ nirä baryp ýetjeginden habar tut.
-
Gulshirin
14 years ago
- Mähek diyen ulanyjy ady bashgada biriniñ ulanyandygyny bilmandirin. Adynyz Mahekmi ya shol niky haladynyzmy?
Surat jpg'da bolsa gowrumini kicheldip bolya ahry. Shol programmada resize diyen yerden kicheldilya.
-
shahyr
14 years ago
- Hallboy, turkmen ilim mowzugyň dur-a. Düşünmedim näme zadyň ýokdygyna. Suraty image editor ulanyp kiçeldip bilmeýän bolsaň width diýip duran yerini 355 eday. Owadan görünýä şonda.
-
Gulshirin
14 years ago
- Shahyr aga salamälik. Barsyñyzmow? Menä talyplara köp wagt bäri jyklamokdym-da shu wagt icim gysyp jyklayyn diydim. Sizi gorup begenaydim
-
hallboy
14 years ago
- Yok-la Shahyr oyun edyän. Suraty kicheltmesine kicheltyän. Yöne men tanayan adamlaryñ köpüsi telden giryäni üchin suratlaryñ razmerine degemok. Dogry kompdan girende uly görkezyär.
-
gunperi
14 years ago
- bu gunler kone agzalar gelya welin gowuchylykdyrda?
-
Cwetocek
14 years ago
- gunperi senem onkilerden gerek?!
-
Gulshirin
14 years ago
- Gunperi gowçylykdyrla enshalla :) senem tazeja menzanok :)
-
gunperi
14 years ago
- shu nikima tazeje, entek konelenok :)
-
Crash
14 years ago
shu nikima tazeje, entek konelenok gunperi | 2010-08-24 04:00:06
hovva
-
Feya
14 years ago
- hallboy, dowamynam yetirda?
-
Cwetocek
14 years ago
shu nikima tazeje, entek
konelenok
gunperi | 2010-08-24 04:00:06
ha dushnukli nikin tazeje:-)
-
Crash
14 years ago
ha dushnukli nikin tazeje Cwetocek | 2010-08-24 22:30:03
swet tanansyna???
shahyr 14 years ago- suraty ozun sheyle uly goyyanmy ya suraty kiceldip bilmeyanmi ?