Singapurda sportyñ taryhda ilkinji gezek ýetginjekleriň tomusky Olimpiada oýunlarynyň açylyşynyň ody ýakyldy. 14 ýaşdan 18 ýaşa çenli dünýäniň dürli künjeginden bolan 3500-den gowrak sportsmenleriň bäsleşjek bu Olimpiadasy 14-nji awgustdan 26-njy awgusta çenli dowam eder. Marina Bay aýlagynda "ýüzýän" stadionynda bolup geçen yetginjekleriñ tomusky Olimpiadasynyň dabaraly açylyşyna 204 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan hem sportsmenler gatnaşdy. Oduň, Suwuň, Şuglanyň şüweleňine öwrülen bu baýramçylygyň yzyndan stadiondan Olimpiada gatnaşýanlar geçdiler. Münberlerdäkileriň şowhunly garşylamaklarynda Türkmenistanyň milli Baýdagyny 17 ýaşly aşgabatly, boks boýunça Halkara sport ussady Nursähet Pazzyýew göterip geçdi. Türkmen sportsmenleriniň şeýle ajaýyp dabaraly sport baýramçylygyna gatnaşmaklary, Türkmenistanda sporta berilyän ünsüñ yokarydygyna mysal bolup durýar. Türkmenistanly sportsmenler ilkinji gezek geçirilýän ýetginjekleriň bu Olimpiada oýunlarynda sportuň dört görnüşi: agyr atletika, suwda ýüzmek, boks we dzýudo boýunça çykyş ederler. Dünýäniň uly sport forumynda biziň ýurdumyza wekilçilik etmek: agyr atletikaçylar Ihtiýar Matkarimowa (56 kilograma çenli agramda), Baýmyrat Orazdurdyýewe (62 kilograma çenli agramda), boksçy Nursähet Pazzyýewe (69 kilograma çenli agramda), dzýudoçy Jennet Geldibewa (52 kilograma çenli agramda) we yüzüji Jennet Saryýewa (50 we 100 metre çenli erkin ýüzmek) ynanyldy. Ýetginjekleriň Olimpiadasyndaky sportuň görnüşlerinde bäsleşikleriň düzgüni ulylaryň bäsleşiklerinden käbir ýagdaýda tapawutlanýar. Mysal üçin: basketbol aslynda bolmaly meýdançanyň diňe ýarysynda (14 metrlik) oýnalar. Her bir toparda üç oýunçy oýnap, her biri bäş minutdan bolan 2 tapgyr oýnalar hem-de hüjüm üçin 10 sekunt berler. Futbolda oýnuň birinji we ikinji ýarymlarynyň her biri 40 minut dowam eder. Sportuň bäş görnüşi boýunça häzirki zaman bäsleşigi diňe dört görnüşde - fehtowaniýe, suwda ýüzmek, ylgamak we nyşana ok atmak boýunça geçiriler. "-Ýetginjekleriñ olimpiýa Oýunlarynyň hemişelik Oýunlara öwrülmegini umyt edýärin" - diýip, HOK-yň (halkara olimpiya komiteti) Prezidenti Żak Rogge Olimpiadanyň dabaraly açylyşynda aýtdy. Yeri gelende aytsak, ikinji şeýle Olimpiada, yagny, indiki yetginjekleriñ olimpiadasy 2014-nji ýylda Hytaýyň Nankin şäherinde bolup geçer. Bizem bu ýaryşda yaş türkmen türgenlerimize uly yeñişler gazanyp watanmyza döşleri altyn medally dolanmaklaryny arzuw edyaris! Üstünlik hemrañyz bolsun, olimpiaçylar!
Türkmenistanyň baýdagy Singapurda ýetginjekleriñ Olimpiýa oýunlarynda parlady!
-
Bravo
14 years ago
- Howwa howwa akyllyja bolun! :P :P
-
Bravo
14 years ago
- Howwa howwa akyllyja bolun! :P :P
-
Cwetocek
14 years ago
- menem ustunlik arzuw etyan! Baydagmyzy has hem belende galdyryn!!!
-
Gozela
14 years ago
- Gayrat edin oglanlar tm.nyn baydagy hemise belentde parlamalydyr.
-
Bravo
14 years ago
- Bet sms boljak ekeni :D
-
Gozela
14 years ago
- Bravo naman sms.ay dusunmedm
-
Bravo
14 years ago
- Ay tmsmsbox ucin :D
-
Gozela
14 years ago
- Hm.
-
Goool
14 years ago
- Hormatly agzalar! hanymlar we jenaplar!
size bir teklibim bar!
Soñky döwur kan tema acylanok (acylaysada biderekler), gowja manylyja temalar acalyñla please?! Hany öñki günde 6-7 (kawagt ondanam kan) tema acylyan talyplar.com?! Buwagt acylsa günüñ dowamynda 2-3 tema acylya, yada olam yok! Gayrat edeliñda, yogsam sayt pese düshup baryan yaly bolup durlay! Taze gelyan agzalar sizem jyklamañda goshulyñda, gowja temalar acyñ, sizem shu yerde agza! Hany onda gayrat edeliñ!
Öñunden sagbolsun aytyan!
(yazanlarma garshy bolsañyz aýdayyñ, sebapleri bilen bile?!)
-
Goool
14 years ago
- hic kimden ses cykanoklay?!
-
Bravo
14 years ago
- Dost sizem essi etjek bolyalaray! :D
-
Goool
14 years ago
- ay hic borda
-
Bravo
14 years ago
- Gynanma dost. Sogmeseler yrza bol. Ertir sowgatjygama bolar :D
-
Goool
14 years ago
- naman sowgady?
-
Bravo
14 years ago
- Sutka :D
-
Goool
14 years ago
- +bir zat yatdan cykypdyr:
shu butindunya yetginjekleñ olimpiadasynda cykysh etyan sportsmenlerimiziñ icinde turkmen sportynyñ taryhyna adyny altyn harplar bilen yazdyran pälwanymyz altymyrat orazdurdyýewiñ ogly Baýmyrat ORAZDURDYÝEWIÑ hem cykysh etyandigini bellemelidiris!
ihtiýar matkarimow we baýmyrat orazdurdyýew
-
Bravo
14 years ago
- Ohoho ay berekella! Ustunlikler?
-
Goool
14 years ago
- TÄZELIK!!!
Türkmen boksçusy, ýagny, Aşgabatly 17 ýaşly boksçy Nursähet Pazzyýew Singapurda geçen ilkinji Ýaşlar olimpiadasynda bürünç medal almagy bashardy. Ol 24-nji awgustda 69 kilograma çenli agram kategoriýasynda üçünji ýer ugrundaky gecirilen tutlushykda Gyrgyzystanly Yslamjan Dalibaýewi 7:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Erbet netije däl meñ pikirimce!
-
Crash
14 years ago
- doly okamadym. Yone orazdurdyyew men gonshym. Ol altymyradyn inisi.
-
Goool
14 years ago
- men ogly diyip eshtdim, menki yalnysh bolmagam ahmal
-
Crash
14 years ago
- agasynyn ogly
-
Goool
14 years ago
- Bir öz oglam bolmaly o name?
-
Crash
14 years ago
- altymyrat ayrylandan son,ayaly ogluny alyp ashgabada gitdi yashamaga. Ogly o wagtlar kichidi. Ogluny shondan bari goremok. Baymyrat bilen men shtanga gatnayakam bile gatnayadyk. Son men galdym. Ol bolsa dowam etdi.
-
Goool
14 years ago
- oz oglam shtangist diyya, bir gezek tv.da eshtdim, olimda okayamysh, yone yarysha gatnashyshy nahilidigini bilemok
-
Crash
14 years ago
- hm
-
Bravo
14 years ago
- Burunc medal erbet dal dogry aydyanyz!
Gazagystanam vancouverda yekeje gyzyl medala :D garasyas diyadi. 1 kumus aldylar bilmedm son natdiler. Prezidentem gutlady! :)
-
Goool
14 years ago
- olimpiadada turkmen sportsmen ucin burunc medal erbet dalem dal gaty gowy gorkeziji
-
Bravo
14 years ago
- Hazir gowylay name etsenem pul tapyp iberyaler. On wapsedi hic yerede gitmeyadiler.
-
Cwetocek
14 years ago
- howwa gaty gowy!
-
Bravo
14 years ago
- Tassyklanyn ucin minnetdar miss swet! :D
-
Goool
14 years ago
- Yaryshyñ habarlary
14-26-njy awgust aralygynda
Singapurda geçirilen Ýetginjekleriň arasyndaky tomusky Olimpiýa oýunlarynda hytaýly türgenler medallaryň sanawynda 1-nji
ýeri eýelediler.
204 döwletden 3531 türgeniň
gatnaşan Olimpiadasynda sportuň 26 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi. Ýetginjekleriň
arasynda ilkinji gezek gurnalan
Olimpiýa oýunlarynda 202 altyn,
200 kümüş hem-de 221 sany bürünç medal gowşuryldy. Halkara
Olimpiýa Komitetiniň (IOC) gurnan bu Olimpiadasyna gatnaşan
ýetginjekler 14-18 ýaş aralygynda bolup, sportuň käbir görnüşleri professional derejesinden az-owlak üýtgedildi. Ýurdumyzyň
adyndanam 5 sany türgen gatnaşyp, şolaryň biri has takygy boks
çy Nursähet Pazzyýew bürünç
medala mynasyp boldy. Olimpia
dada jemi 98 döwlet sportuň
dürli görnüşlerinde medal gazan
dylar. Ýaryşda ýurdumyzdan baş
ga-da Boliwiýa, Bosniýa, Kipr,
Nauru, Kamboja, Ekwator Gwine
ýasy, Gwatemala, Iordaniýa döw
letleri taryhda ilkinji gezek Olim
piadalarda medal gazandylar.
Wýetnam bilen Wirgin adalary
Olimpiýa oýunlarynyň taryhyn
da ilkinji altyn medallaryna myna
syp boldular. Ýetginjekleriň ara
syndaky Olimpiadanyň ilkinji al
tyn medalyny ýaponiýaly triat
lonçy Ýuka Sato gazandy. Medal
laryň sanawy barada aýdylanda
bolsa Hytaýdan gelen türgenler
30 altyn, 16 kümüş, 5 bürünç je
mi 51 medal bilen 1-nji orny eýe
lediler. 2-nji ýere Russiýa (18 al
tyn, 14 kümüş, 11 bürünç, jemi
43), 3-nji ýere bolsa Günorta Ko
reýa (11 altyn, 4 kümüş, 4 bü
rünç, jemi 19) mynasyp boldy.
Olimpiadanyň açylyş hem ýapy
lyş dabarasyna Bolt, Isinbaýewa,
Felps, Ýang, Bubka ýaly türgenler
gatnaşdylar. Ýene-de dört ýyl
dan (2014) geçiriljek Ýetginjekle
riň arasyndaky 2-nji Olimpiýa
oýunlary Hytaýyň Nanžing şähe
rinde geçiriler.
-
Bravo
14 years ago
- Thanks goool! Hytay eygertmeyalay...
-
Goool
14 years ago
- yene bir begencli habar!!!
16 ýaşly Türkmenistanly dzýudoçy Jennet Geldibaýewa Singapurda geçirilen butundunýa yashlar olimpiadasynda kümüş medala eýe boldy. Bu medal Türkmenistanyñ olimpia oyunlarynyñ taryhyndaky ikinji medalydyr. Turkmenistanyñ ilkinji medalyny 17 ýashly boksçy Nursähet Pazzyýew eyelapdi.
-
Bravo
14 years ago
- Ohohoho maladsy! Ine...{ay suwagt gozume yash indi}.
Yazan ellerine saglyk dost!
-
Bravo
14 years ago
- Ohohoho maladsy! Ine...{ay suwagt gozume yash indi}.
Yazan ellerine saglyk dost!
-
Goool
14 years ago
- hakyky bravo gaty gowy gorkeziji 5 adam gidip 2si medal alsa.
-
Cwetocek
14 years ago
- oho tuweleme!!!
Goool 14 years ago- Gaýrat ediñ oglanlar, diñe ýeñish ücin yaryshyñ! türkmenistanyñ abraýy üçin ýaryshyñ! Hemmäñize dine üstünlik arzuw etýan!