Orazanyz kabul bolsun!men bizada dushunemok bizin yashullamyz orazada dine sogap gazanmaly diyya bu dowrun adamlary name orazada edenlerini edip yorler gunduza etjeklerini etyaler agshamam tarawa mejide namaz okamaga gityaler name u.n beytyaler orazada agzyny beklemelimi dine 5 wagt namazyny okap yoresen bolmayamyka beklemek kyn dal yone dine suwsayan shon u.n kop adam beklanok bu dowrun gyz-oglanlary uytgapdir oz kelleleri b.n i6leyaler etjeklerini etyaler name u.n onku dowurde bular yaly zat bolmandyr?
Orazanyz kabul bolsun!
-
NB
14 years ago
- Orazanyň nebse täsiri
Ynsanyň nebsi hemişe erkinligi isleýär. Edenini etmek islegi onuň asyl durkunda bardyr. Ol ýaradylyşyndaky bu ejizligini, hatadyr günälerini görmek we kabul etmek islemeýär. San-sajaksyz nygmatlar içinde ýaşaýandygy barada asla oýlanmaýar. Üstesine, güýç-gurby bar mahaly gaflat içinde ilahi nygmatlary açgözlük bilen gysymynda saklap, hamala demirden bedeni, baky ömri bar ýaly, tutuş durky bilen dünýä yşkyna düşýär. Ençeme erbetlikleriň we günäleriň ýesiri bolup ýaşaýar.
Oraza: depseň deprenmez baýa-da, ýarlykly garyba-da, ýörär ýoluny aňlamaz gafyla-da, dünýeden nägile kejire-de, umuman her kese nebsiň hakyky ýüzüni görkezýär. Hiç kimiň nebsine buýrup bilmeýändigini, mälik däldigini, Allahyň emri we rugsady bolmasa, hiç bir zady başarmajakdygyny ýatladýar. Ynsan oraza arkaly nebsiň nä derejede ežizdigini, demirdendir öýdülen bedeniň nä derejede çydamsyzdygyny aç-açan görýär we akyl ýetirýär. Nebsiň tebigatyna doly düşünen ynsan akmaklygyny, tekepbirligini, nebsine tabynlygyny taşlap, hakyky wezipesi bolan şüküre we gulluk borjuna tabyn bolar. Erbet ahlakdan, günä we pis pişelerden saklanýar.
Nebis ruhuň garşysyna işleýän duýgudyr. Şeýtanyň dost bolmaýşy ýaly, nebse hem ynsana dost däldir. Ynsanyň ruhy kämillige ýetmegi üçin nebsiň jylawlanmagy zerurdyr. Şol sebäpli Pygamberimiz «Seniň iň uly duşmanyň iki gaşyň arasyndaky nebsiňdir» diýipdir. Serwerimiz bir söweşden dolanyp gelýärkä, «Indi kiçi jihatdan, uly jihada dolanyp barýarys» diýmek bilen nebsiň öňünde hemişe oýa bolmagymyzy sargyt edipdir.
Berhizli, çäkli naharlanmak arkaly ýogalaryň ruhy taýdan güýç-kuwwat gazanýandygy hemmämize mälim. Käbir mistikleriň nebse yza we jepa çekdirmek arkaly belli bir derejede ruhy kämillige ýetýändigi gadymdan bäri bilinýän zatdyr. Emma ne ýogalaryň ne-de mistikleriň ahyret üçin gazanýan zatlary ýokdur. Çünki, aç-suwsuz galmak we riýazat etmek diňe ybadat niýeti bilen amal edilende sogapdyr. Bu niýet musulmançylykda oraza görnüşinde ýüze çykýar.
Ynsandaky nefsi emmare – Allahy tanamak, Onuň emrine boýun egmek islemeýär, Fyragun ýaly özüni taňry derejesine galdyrmak isleýär. Nebsiň bu damaryny kesmek üçin diňe oraza tutmalydyr. Rowaýata görä, Allah Tagala nebisden:
–Men kim? Sen kimsiň? – diýip sorapdyr. Nebis:
– Men mendirin, sen sensiň – diýip jogap beripdir. Netijede, Allah ony dowzaha atýar. Soň ýene öňki sowalyny berýär. Nebsiň jogaby üýtgemeýär. Haýsy azaby berse-de, nebis tekepbirligini taşlamaýar. Ahyr soňy Allah nebsi uzak wagtlap aç-suwsuz goýýar. Soň täzeden soraýar:
–Men kim? Sen kim?
Nebis bu gezek şeýle jogap berýär:
– Sen meniň Rabbi Rahymymsyň, men bolsam, Seniň ejiz bir guluň.
-
allamurat
14 years ago
- Ahli Musulman doganlarmyzi Mubarek Ramazan ayy bn Gutlayan.
-
gorgon
14 years ago
- salam talyplar
-
gorgon
14 years ago
- Mukaddes Orazalarynyz kabul bolsun
-
gorgon
14 years ago
- kimdir biri barmyka
-
gorgon
14 years ago
- algyr yazda bir zatlar
-
Cwetocek
14 years ago
- Gyzykly maglumatlaryn ucin sagbol nb!!!
-
Gozela
14 years ago
- Hemmanizin orazalarynyz ALLA TAGALLANYN dergahinde kabul bsun!
-
AKG
14 years ago
- Bular zatlaryn bolmagynda menä ene-atalary günäkärleýän, sebäbi ene-atalar $u zatlary cagalaryna kicilikden añyna gu¥up dü$ündirseler $eýle bolmaly däl!
akwa 14 years ago- dowur seyle dowur!