her kim bir dost gozleyar!!!!!!!!!! hakıkı dost kım !!!??? dostlugun syry nırede namede???
Dostluk hakda bilgi vayzn!!!
-
Aylar91
14 years ago
- hakyky dost bashyna agyr ish dushende tanalyandyr
-
Goool
14 years ago
hakyky dost bashyna agyr ish
dushende tanalyandyr
aylar91 | 2010-08-14 10:56:55
menem aylaryñ aydanyna goshulyan!
-
Goool
14 years ago
hakyky dost bashyna agyr ish
dushende tanalyandyr
aylar91 | 2010-08-14 10:56:55
menem aylaryñ aydanyna goshulyan!
-
didar27
14 years ago
- aylar91 sylayan men sen bilen bir pikirde!
-
NB
14 years ago
- Dosty ugrunda janyny pida etdi
Müminleriň arasynda doganlyk we wepalylygyň iň belent nusgalary Asry-Sagadatda görüldi. (Bagtyýarlyk asyrynda – söýgüli pygamberimiz Hz. Muhammet aleýhisselamyň we sahabalarynyň ýaşan döwründe). Olaryň bu nusgalyk häsiýetleri Hakyň kelamynda hem öwülýär: “Özleri mätäç bolsalar hem olara (mümin doganlaryna) kömek ederler” (Haşr süresi, 9.) Kuranyň tefsirlerinde: “Doganlaryňyzyň isleglerini, zerurlyklaryny öz islegleriňizden, zerurlyklaryňyzdan ýokarda tutuň” diýlip düşündiriş berilýän bu hakykatyň müminleriň durmuşyna ornaşandygyna şaýatlyk edýän taryhyň her döwrüne degişli mysal tapmak mümkin.
Babyrlaryň dolandyran döwründe hem şeýle bir waka bolup geçýär:
XVI asyryň başlarynda häzirki Hindistanyň we Päkistanyň çäklerinde höküm süren Babyr şa we onuň yzyny dowam etdirijiler musulman kowumlaryň taryhynda aýratyn orna eýedir.
Şol döwrüň meşhur türkmen serkerdelerinden Baýram han jeňlere gatnaşyp, birnäçe gezek gahrymanlyk görkezýär. Duşmanlar bilen söweşlerde ençeme sapar özüniň başarnygyny görkezen bu serkerde bir gezek ýesir düşýär.
Duşmanlary ilki ady belli bu serkerdä hoşamaýlyk görkezip, ony duşman däl, myhman ýaly hormatlaýarlar. Hatda onuň mertligine sarpa goýýandyklary üçin, azat etmekçi hem bolýarlar. Emma soňra bir düşünişmezlik ýüze çykyp, ony dardan asmaly diýen karara gelýärler.
Öz janyna kast ediljegine göz ýetiren Baýram han bir ýol tapyp, dosty Kasym beg bilen gaçmagy başarýar. Derrew yzlaryndan kowgy ýetip, ýene ele düşýärler.
Olary saklan esgerler özlerine öňden tabşyrylyşy ýaly, Baýram hany öldürmekçi bolýarlar. Emma soňky iberilen esgerler iki gaçgagyň haýsynyň Baýram han, haýsynyň Kasym begdigini bilmeýär ekenler. Has haýbatly görünýän Kasym begi Baýram handyr öýdüp, öldürmäge taýýarlanýarlar.
Öz ýerine dostunyň öldürilmegine Baýram hanyň wyždany çatmaýar. Duşman esgerleriniň serkerdesine ýüzlenip: “Ýalňyşýarsyňyz, Baýram han ol däl, men. Ony meniň ýerime öldürmäň” diýýär.
Kasym beg hem takdyryndan razydy. Sesini çykarman, ölümini boýnuna alypdy. Özi-de Baýram hanyň öldürilmegini islemeýärdi. Ony döwletiniň we halkynyň geljegi üçin özünden has gerekli hasaplaýardy. Kasym beg sowukganlylyk bilen Baýram hany görkezip, duşman esgerlerine ýüzlenýär: “Şu wepaly hyzmatkärimi görýärsiňizmi? Meni halas etmek üçin, özüni meniň ýerime goýmaga çalyşýar. Öz janyny meniň üçin howp astynda goýýar. Sizden haýyş edýän, ony azat ediň. Goý, gitsin. Hakyky Baýram han, ynha, men, ol däl...”
Duşman esgerleri Kasym begiň örän çynlakaý aýdan bu sözlerine ynanýar we Baýram hany azat edýär. Baýram han ýurduna tarap ýola düşende, wepaly dostuny dardan asýarlar. Şunlukda, taryh sahypalarynda ýene bir wepalylyk nusgasy hasaba alynýar.
-
allamurat
14 years ago
- Hakyky dost gyn gununde yanynda durandyr. senin bn bile aglap-gulen hakyky dostdyr.
-
gorgon
14 years ago
- dost-dosdyn aynasydyr.
-
Cwetocek
14 years ago
- Nb minnetdar!
-
NURMURAT
14 years ago
- DOST ISLESEŇ ALLAH YETER,
O DOST BOLSA HER
ZAT DOSTDYR!!!.........................
-
Cwetocek
14 years ago
- Dogry!!!
owreniji 14 years ago- Hakiki dost Alladyr.
________________________________
Deýl Karnegi - Dosty nähili gazanmaly we adamlara nähili täsiriňi ýetirmeli. Okanlar öwýärler...