TÜRKMEN PYGAMBERLERI

"Türkmenler gylyjyñ zoruna musulman boldular" diýen pikiri orta atanlaryñ hakyky niýetini añşyrmak kyn däl. Bu hapa we bölüp-parçalaýjy pikir taryhyñ ähli döwürlerinde dünýä taryhynyñ oñurgasyny düzen bir bitewi türkmen halkynyñ baý we köpöwüşginli taryhy geçmişiniñ üstünde oýnalýan oýunyñ ("Болшая игра") bir bölegidir. Bu gülkünç pikiriñ awtorlary näme üçin görnüp duran açyk-aýdyñ hakykata göz ýetirmek islänoklar? Seredip görüñ: dünýäde zor bilen dinini üýtgedip, mejbury ýagdaýda ynanjyny terk edip, täze giren dinine şular ýaly san-sajaksyz hyzmat eden türkmen ýaly millet başga ýerde barmy? Eýse, şeýle zat mümkinmikä beri? Ýaragyñ güýji bilen bir adamyñ dinini-imanyny üýtgetseñizem, barybir ol adam belli bir wagtdan soñ öñki ynanjyna dolanyp barjagy görnüp duran zat. Ýagdaý şeýle bolsa, "arym köýenden imanym köýsün" diýip, özgäniñ boýunturugynyñ astynda ýaşamagy ölümden ýeg görýän özdiýenli Türkmen aga zor bilen kabul etdirilen täze dininden dänmez öýdýäñizmi? Söweşjeñ häsiýetli we gözsüz batyr, garadangaýtmaz türkmenler babatda bular ýaly gulçulygy kabul edendir diýip pikir ýöretmek - türkmenleri asla tanamazlyk, türkmeni türkmen eden aýratynlyklary we türkmen taryhyny ýeterlik bilmezlik diýmekdir.
(Goşmaça maglumat üçin Osman Ödäniñ "Hezreti Aly we Türkmenistan" makalasyna seret -H.T.)

Türkmenler yslamyñ Gün kimin dünýäniñ depesinde parlap dogan gününden başlap yslam dinine girmäge başlapdyrlar.

1). Türküstandan Mekgä göçüp gelen we Ehli-Beýtiñ (Pygamberimiziñ (s.a.w) maşgalasy) hemaýaty astynda ýaşan "Süreýj maşgalasy" we olardan gelýän türkmenler...
(Süreýj ogullary demir ussaçylygynda we gylyç ýasamakda öñlerine adam geçirmändiler. Şeýlekin aýratynlyklary üçin bu türkmen urugyna "süreýj" lakamy berilipdir).

2). Öz döwrüniñ iñ meşhur aýdym-saz ussatlaryndan bolan Ubeýdullah hem gelip çykyşy boýunça türkmen bolan süreýj taýpasyndandyr...

2). Ýasiriñ maşgalasyndan we yslamyñ ilkinji zenan şehidi Sümeýýa hatyn hem gelip çykyşy boýunça hakyky türkmendir. Mälim bolşy ýaly, hakyky ady Pamyk bolan türkmen gyzy Sümeýýe hatyn yslamyñ ganym duşmany Ebu Jehil tarapyndan zalymlyk bilen öldürilýär.

4). Pygamberimiziñ döwründe Arabystan ýarymadasynda ýaşaýan arap taýpalarynyñ içinde yslamdan öñ çapawulçy häsiýeti, yslamdan soñky döwürde bolsa jomartlygy we amanada hyýanat etmezligi bilen tapawutlanan söweşjeñ häsiýetli Harp ogullary taýpasynyñ hem aslynyñ türki taýpadygy çaklanylýar.

Yslamyñ ilkinji zenan şehidiniñ aslynyñ türkmendigini subut eden päkistanly meşhur ylahyýetçi, professor Muhammet Hamidullah şeýle ýazýar:

"Sümeýýäniñ asly türkmendir. Parslar bilen türkmenleriñ arasynda bolan söweşleriñ birinde onuñ maşgalasy eýranlylaryñ eline düşüpdir. Soñ olar araplaryñ arasyna düşüpdir we birnäçe gezek ýerleri üýtgäp Taife çenli gelipdirler...
Sümeýýäniñ hakyky ady bolan Ýamih ýa-da Baminç sözi hakykatda türkmen sözüdir. Bu söz "pamyk" sözünin ýoýulan görnüşidir..."

Yslamyñ ilkinji zenan şehidi Hezreti Sümeýýe enemiziñ (r.a.) hem türkmenligi sahabalaryñ arasynda başga-da köp sanly türkmeniñ bolandygynyñ açyk subutnamasydyr.
Taryhy maglumatlardan mälim bolşy ýaly, türkmenleriñ köpçülikleýin yslama girmesi Talas söweşinden soñ amala aşypdyr.
Emma bu söweşden öñem türkmenleriñ abbasy döwletiniñ hyzmatyna girip, yslamy kabul edip we yslamy rowaçlandyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmandyklaryny görmek bolýar. Hususanam abbasylar döwründe türkmenler yslam halyflygynyñ esasy güýjüni emele getirdiler. Galyberse-de milletçu emewi häkimiýetini ýykanam Ebu Müslim Horasanly atly türkmeniñ 750-nji ýylda başyny başlan gozgalañy dälmi näme?
Türkmenler bilen yslam halyflygynyñ arasyndaky oñyn gatnaşyklar Hezreti Omaryñ (r.a) döwründe başlanypdyr. Elbetde, şol döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryñ çygrynyñ dar bolandygy sebäpli, özara gatnaşyklarlarda we yslamy köpçülikleýin kabul etme çärelerinde göze ilip duran ösüşler bolmandyr.
Yslam halyflygynyñ emewiler döwründe emewileriñ milletçi we imperialistik syýasaty ýöretmekleri hem-de türkmenleriñ ýaşaýan ýurtlaryna birinji planda dini ýaýratmak däl-de basybalyjylykly, talañçylykly ýörişleri goýmagy bilen iki halkyñ arasynda dostlukly gatnaşyklar kesilýär. Elbetde, Mawerannahra çozan emewilere garşy türkmenler elllerini gowşurup oturman, watan goragy üçin ýaraga ýapyşypdyrlar.
(Goşmaça maglumat üçin prof. Enwer Konukçynyñ "Tarhan Nizek" makalasyna seret, türkmen dilinde., -H.T.)

Onsoñam emewi diktaturasynyñ türkmenleri ýa-da başga halklary öz ýanyna çekmek ýaly pikiri ýokdy. Olar arap dälleri gul hasaplap, yslam dinini we halyflygy öz häkimiýetlerini goramagyñ serişdesine öwren betpäl basybalyjylardy. Eýsem, taryhyñ haýsy döwründe haýsy halk ýurtbasarlaryñ öñünden duz-çörekli çykypdyr?!. Elbetde, gandöküşikli söweşleriñ bolandygyny inkär etmek mümkin däl. Eger türkmenler gylyjyñ zoruna musulman bolan bolsadylar, onda hut şol döwürde - emewileriñ döwründe hemmesi musulman bolup dynardy. Emma şol döwürde ata-babalarymyzyñ köpçülikleýin yslamy kabul edendikleri barada taryhda ýekeje-de maglumat ýok.
Türkmenleriñ köpçülikleýin yslama geçişi abbasylaryñ döwrüne gabat gelýär. Muña bolsa abbasylaryñ yslamyñ häsiýetine gabat gelmeýän asabyýeti (milletçiligi, faşizmi) näletläp, Pygamberimiziñ (s.a.w) döwründäki ýaly yslamy dogry wagyz etmäge üns berendikleri we ähli halklara deñ göz bilen garandyklary sebäp bolupdyr. Ýagdaý şeýle bolansoñ türkmenler derhal yslama meýil bildirip, göktañry dininden kän bir tapawudy bolmadyk täze dine ýüregi bilen ynanypdyrlar.
(Abbasylar bilen türkmenleriñ gatnaşyklary baradaky gymmatly maglumatlar belli taryhçy Kakajan Baýramowyñ işlerinde bar -H.T.)

Türkmenleriñ gadymy ata-babalarynyñ we mongollaryñ häzirki wagtda tengriçilik ady bilen bilinýän tradision ynanjyna ýakyk wagta çenli "türk şamanizmi" diýip at berildi. Emma "şamanizm" adalgasy Sibirdäki halkyýetleriñ ynanç sistemasy üçin däl-de, dünýäniñ ähli başlangyç (paganistik) ynançlary üçin ulanylýandygy üçin, soñky on-on bäş ýyldan bäri günbatarly alymlar "tengrizm" adalgasyny has köp ulanýarlar. Bu ynanç ýekehudaýlylygy ündeýär. Gök Tañry - Uly Beýik - Tañry diýmekdir. Bu diniñ ähmiýeti türki taýpalaryñ aglabasynyñ ynananlygyndadyr. Göktañry dininiñ pygamberleri, mukaddes kutaby, ybadathanasy, dini rituallary we ruhanylary ýok. Olaryñ diñe ýeke-täk Tañrysy bar. Biziñ çöregi, ene süýdüni mukaddes saýşymyz ýaly olaryñ gözünde asman, toprak, suw mukaddesdir.
(Goşmaça maglumat üçin W.Ýanyñ "Çingiz han" romanynda" Otraryñ häkimi Gaýyr han Türkmeniñ oýlanşyksyzlyk bilen öldüren 450 "täjiriniñ" aryny aljakdygy barada Gök Tañrynyñ (Asman hudaýynyñ) öñünde kasam edýän epizodyna seret - H.T.)

Gadymy türkmen dininde ýeke-täk we beýik Tañra, pygambere - Ýalwaç, jennete - uçmah, jähheneme (dowzaha) - tamug, türkmenleriñ dünýä agalygyny berkarar etmek prinsipine - jihat, mukaddes ugur ynanhyna - gündogar-kybla, arassaçylyga berilen ünse - abdest diýlipdir. Din adamlaryna artykmaçlyklar berilmändir, öñe sürülýän käbir nädogry pikirleriñ tersine, türkmenler taryhyñ hiç bir döwründe buta çokunmandyrlar (agaçdan, daşdan ýasalan "hudaýlara" ynanmandyrlar). Ahlak arassaçylyga berilen ýokary derejedäki üns türkmenleriñ yslama giriş prosesini çaltlandyrypdyr.
Mahmyt Kaşgarlynyñ "Diwany lugat et-türk" atly gymmatly taryhy eserinde diýseñ täsin maglumatlar gabat gelýär. "Diwanda" beýan edilýän gadymy türkmen ynanjyna siñen Tañrynyñ aýratynlyklary Gurhanyñ "Yhlas" (Kulhualla) süresiniñ aýatlaryny ýada salýar:

"Bir bolan Mengü, Soñsuz bolan Baýat, Başsyz bolan Mungsyz, Öz-özünden bar bolan (Dogmadyk, dogrulmadyk), Diri, Haýat sahyby Erki, Erada sahyby bolan Ogan, Gudrat sahyby bolan ýaradyjy Törütgen..." we ş.m.

Osmanly türkmen döwletiniñ kämil ylym ojagy Enderin mekdebinde kemala gelen taryhçy Hüseýin Hüsameddin Ependi "Şerh-u Esmai-l Murselin" atly eserinde ýigrimi dört sany türkmen pygamberinden söz açýar.

Türkmenleriñ arasynda Hak ýoly wagyz eden pygamberleriñ atlary türkmen adam atlary bolmak bilen bir hatarda, olar taryhy çeşmelere arap elipbiýinde we okalyşynda şeýle görnüşde geçipdir:
Amun, Anuh, Barah, Josan, Düwil, Gadat, Hamun, Hemudin, Hıjah, Hijil, Katın, Kedük, Kharkyl, Laýju, Narın, Sakun, Salah, Sawıs, Takhym, Tamur, Umyt, Ýahur, Ýasan, Ýewik…
(Belli türkmen ýazyjysy Sapargeldi Annasähet Iner oglynyñ "Almaz teginiñ neberesi" hekaýasy atly hekaýasynda hem Ýafet atly türkmen pygamberiniñ ady agzalyp geçilýär -H.T.)

Bütin bu ýokardaky agzalanlardan netije çykarmaly bolsa, türkmenlere ýeke-täk Tañra ynananlara aýdylýan hanyfylygyñ özeninde hereket eden şanly millet diýip gypynsyz aýtsa bolar.
Yslamyñ gözüniñ nury, ýüzüniñ tuwagy bolan türkmenlerden diñe şeýle belent mertebä garaşmak bolar, şeýle dälmi näme?

Tarkan SUÇYKAR.

Täzelikler, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir