Organiki legolar Lego belli bir sandaky, tapawutly geometrik şekillerden aslyna meňzeş nusgalar ýasalýan bir oýundyr. C, H, O we N elementlerini hem organik himiýanyň legosy diýip hasaplasa bolar. Çünki adam bedeniniň takmynan 95 göte-rimini şu elementler tutýar. Galan 5 göterimi bolsa bedenimizdäki kalsiý(Ca), ftor(F), kaliý(K) ýaly beýleki elementlerden ybaratdyr. Häzir bolsa organiki molekulalaryň tejribehanada nähili alynýan¬dygyna garap geçeliň. Tebigatda bu elementleriň birleşmelerinden dürli-dürli molekulalar emele gelýär. Alymlara tejribehanalarda almak başardan organiki maddalaryň sany bolsa 6 milliona ýetýär. Organiki birleşmeleri ösümliklerden ýa-da haýwanlardan alyp, peýdalanmagyň taryhy irki döwürlerden gaýdýar. Razi 900-nji ýyllarda ilkinji gezek ösümliklerden arassa spirt almagy başarypdyr. Durmuşda örän köp ulanylýan aspirin söwüt ýapragyndan, pensillin bolsa könelen peýnirden alnypdyr. Himiki maddalar 19 asyryň başlarynda organiki we organiki däl diýlip iki topara bölünipdir. Organiki maddalaryň örän çylşyrymly gurluşy bola¬ny üçin we olar diňe janly organizimlerde bolýany üçin, olara “Ýaşaýşyň güýji” diýip at berlipdi. Şol döwürlerde alymlar organiki maddalary tejribeler arkaly asla alyp bolmaz diýip pikir edipdirler. Emma nemes himigi Wýuler ilkinji gezek organiki maddalaryň sintezini amala aşyrdy. Ol 1828-nji ýylda organiki däl (KCN) kaliý sianatyndan organiki madda bolan moçewinany sintezlemegi başarypdyr. Wýuler özüniň bu işi bilen organiki birleşmeleri hem tejribehanada alyp boljakdygyny subut edipdir. Sintezlenen moçewinanyň beýleki organiki birleşmelerden hiç bir tapawudy ýokdyr. Ýöne adamlar bu hakykata köp ýyllap düşünip bilmediler. Adamlar öň organiki birleşmeler diňe jandarlarda bolýar we bu birleşmeler jandarlaryň janlylygyna sebäp bolýar diýip pikir edýärdiler. Emma jandarlarda bolan bu maddalar jansyzlardan hem sintez-lenilýär. Bu sebäpli hem olara asla ýaşaýşyň güýji diýip bolmaz. Şonuň üçin hem organiki maddalara jan beriji diýmek, manysyz bir zatdyr. Şahadan goparylmadyk bir güljagazda bar bolan ähli maddalar goparylan gülja¬gazda hem bardyr. Emma muňa garamazdan, gopa¬rylan güljagazyň ýaşaýşy bir eýýam togtady. Ine bu ýönekeý mysal hem ýaşaýşyň madda bagly däldiginiň aýdyň subutnamasydyr. Çünki ýaşaýşy beren Ýeke-täk Ýaradyjydyr.

Köneler, NB tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir