Flasoýa diyyar: belkide kabul bolmayan dileglerimiz uçin gaty az gynanmalydyrys, belkide hich gynanmalam daldiris, gör biz nähili bagtly, şular yaly zatlary pikir edip bilýäs. Din jogap beryar: dur, Allah, Özunden dileyanleri boş goybermez, Allah bermegi islemedik bolsa, islemegi bermezdi. Men dini asla inkar edemok, yone flasofiyada dogry aytyamyka diyyan ? Dostlar, doganlar siz nahili pikirde ?
Ylym diniň miwesi ?
-
NB
14 years ago
- Ýaşaýyş kanunlary we biz
Otagyň içindäki ojakda lowlap ot ýanýardy. Biri dindar, beýlekisi günäkär – iki adam öz aralarynda dawa etdiler. Dindar:
- Men häzir “Ýa Allah” diýip, şu oda elimi soksam, ot elimi ýakmaz... – diýdi.
Günäkär:
- Ýok, sen her näme diýseň-de, bu ataş eliňi ýakar - diýip, oňa garşy çykdy.
Jedel gyzyşdy we dindar adam ýeňlerini çermäp:
- Ýa Allah! - diýip, elini oda sokdy. Şol bada-da, “Eý-wääk” diýip, elini yzyna çekdi. Töweregindäkiler derrew melhem getirip, ýanan barmaklaryna çaldylar.
Bu gezek-de günäkär adam:
- Seniň eliňi ýakan ot meniň elimi ýakmaz - diýip, “Ýa Allah” hem diýmän elini oda sokdy we birnäçe minutlap oduň içinde saklady. Bu hadysany seredip duranlar örän geň galdylar. Dindar adamyň barmaklarynyň ýanandygyna garamazdan, fasyk – günäkär adam sesini çykaranokdy, göýä elini sowuk suwa sokan ýaly örän arkaýyn durdy.
Günäkär adam elini otdan çykardy. Haçan-da töweregindäkiler ýanyk alamatynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin günäkäriň elini siňe synlanlarynda, ataşyň näme üçin onuň elini ýakmandygyna düşünip galdylar.
Dindar adam tebigatda hökmüni ýöredýän Allahyň Ylahy kanunyny; ynançsyz ynsanlaryň “Tebigat kanunlary” diýýän kanunlaryny nazarda tutmandy. Allahutagala oda – ataşa ýakyjylyk aýratynlygyny beripdi. Ataş mugjyzalardan beýleki ähli ýagdaýlarda özüne berlen wezipäni ýerine ýetirmelidi. Bu bir ylahy kanundy. Elini oda sokan musulman bolsa, göýä musulmandygy üçin özüne aýratynlyk berilmegini – ylahy kanunyň musulmanlygy hormatyna üýtgedilmegini isleýärdi. Bu, elbetde, bolup bilmezdi. Allahutagala her kimiň ýerli-ýersiz islegi üçin älemdäki we Ýerdäki ýaşaýşyň, düzgün-nyzamyň esasy bolup durýan “Sünnetullah” ýa-da “Adetullah” diýilýän ylahy kanunlaryny üýtgetmezdi. (Şeýle bolsa, ýagny her musulman, Allaha her ynanýan gul ýaşaýyş kanunlarynyň öz islegiçe üýtgedilmegini islese, ähliumumy kanun bolmaz – munuň netijesinde-de, umumy düzgün we nyzam bolmazdy. Biriniň islegi başga biriniňkä çapraz gelerdi, gapma-garşylyklar dörärdi.) Şol sebäpli-de, ataş dindaryň elini ýakypdy. Dindar Allahyň durmuşdaky kanunlaryna garşy hereket etmegiň jezasyny şol bada çekipdi.
Günäkär adam bolsa, tebigatdaky ylahy kanunlary – sünnetullahy bilýändigi üçin, şoňa görä hereket etdi. Ataşa “Ýak!” emrini berip, ýakyjylyk kanunyny goýan Rebbimiz başga bir madda-da ýanmazlyk sypatyny beripdi. Günäkär adam şol maddany bilýändigi üçin, otda ýanmaýan şol maddadan taýýarlanan elligi geýip, elini oda sokupdy. Ýagny, günäkärdigine garamazdan, belki, Allahy inkär edýändigine garamazdan sünnetullaha laýyk hereket edipdi. Elbetde, bu ýagdaýda, onuň eli ýanmajakdy we dindar adam bilen eden dawasynda ol üstün çykjakdy...
Dindaryň ýeňilmegi dindarlygyň gadyrsyzlygyny görkezmeýär. Günäkäriň üstün çykmagy-da günäkärligiň gadyryna delillik etmeýär. Bar bolan zat, dindar adetullah kanunlaryna görä hereket etmedi. Günäkär bolsa, ylmyň ýüze çykaran ylahy kanunyna görä hereket etdi we sünnetullaha görä hereket etmegiň netijesinde-de, ýeňiş gazandy.
Ynha älemdäki ähli hadysalar, wakalar bu ylahy kanunlaryň çäginde bolup geçýär. Sünnetullaha garşy hereket eden kişi, dindarlygy üçin Ýaradandan ýeňillik ýa-da artykmaçlyga garaşyp bilmez. Üstün çykmak isleýän adam iman eden Allahynyň goýan sünnetullah kanunlaryna uýgun hereket etmäge mejburdyr. Şondan soňra ýeňişe garaşyp biler.
-
Broker
14 years ago
- Salam
hmmm.sagja bol gowja maglumat.
Nb dogan ? 1 sorag sen öňki biz.turkmenhakly.com'daky "nbgm" atly agzaha dalsinda herna ?
Ay borla, temang jogaplaryna garashyan ...
-
Free
14 years ago
- filosofiya ozi adyndanam belli diňe pikir.asyl durmuşdan, praktik akyldan dal de has koprak nazary akyl bilen teoriler bilen hokum beryar.din bolsa hem nazary hem amaly tarapdan hokum berip bilýä sebabi hemme filosoflaryň ylmyny jemleseň olaryň adam zat baradaky bilýän zady Allahyn adam zat baradaky ylmynyň ýanynda damja ýaly.filosofiyanyň aýdýan zatlary dogry bolyp biler ýöne onyň dogrylygy diniň hökmini ýatyryp bilmez beýle ýagdaýda diniň hökmüni asyl edip kabul edilmelidir.sebabi biziň ýagny filosofiýanyň akly o taýlara ýetenok tem bolee islegleriň kabul edilme meselesi gelejek we takdyr bilen degişli bolansoň bu temada filosofiýanyň gözi kör.
-
NB
14 years ago
- Mahmyt Zamahşarynyň Türkmenistanyň milli medeniýet “Miras” merkezi tarapyndan arap dilinden türkmen diline terjime edilen “Ýagşyzadalaryň bahary” atly kitabyndan ylym-bilim bilen baglanyşykly käbir paýhasly pikirler.
Mugaz ibn Jebel Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Ylym öwreniň. Ylym öwrenmek gowulykdyr. Ylym ýolunda bolmak ybadatdyr. Ylym hakda pikir alyşmak ybadatdyr. Ylymda bir meseläni çözmek jahatdyr. Bilmeýäne öwretmek sadakadyr. Mynasyp bolana ylym öwretmek Alla ýakynlykdyr.
Biliň, ylym jennet mekanlaryna barýan ýoldur. Ylym ýalňyzlykda ýoldaşdyr. Mysapyrlykda dostdur. Ýalňyz çagyň syrdaşdyr. Gizlin zatlara delildir. Darlykda kömekçidir. Dostlaryň ýanynda bezegdir. Duşmanlara garşy ýaragdyr. Allatagala milletleri ylym bilen beýgeldýär. Olary gowulyklary ýaýmakda ýolbaşçy eder, dolandyryjy eder. Alymlaryň eserlerinden peýdalanarlar. Işlerine uýarlar.
Perişdeler ylym eýeleriniň dostlukly gatnaşyklaryna uly üns berýärler. Olary ganatlary bilen penalaýarlar.
Ylym eýelerine deňizdäki ähli balyklar, ýer ýüzündäki guşlar, suw we gury ýer jandarlary, öý haýwanlary baş eger.
Sebäbi ylym kalplary nadanlykdan halas eden nur, gözleri garaňkylykdan halas eden aýdyňlykdyr. Bedenleri ejizlikden halas eden güýçdür.
Bende ylym bilen salyh kişileriň derejesine ýetýär. Alladan gorkýanlaryň toparyna goşulýar. Dünýäde we ahyretde belent derejelere ýetýär.
Ylym pikirlenmekdir, ol orazanyň sogaby ýalydyr. Ylym barada pikir alyşmak namazyň ýerine geçýändir. Dogan-garyndaşlara ylym üsti bilen gowuşýarlar. Halal-haram işler ylym bilen ölçenýär.
Ylym ýolbeletdir, beýleki işler hem oňa tabyndyr. Ylym bagtly bendelere berler, günäkär gullar ondan mahrumdyr».
-
NB
14 years ago
- Mahmyt Zamahşarynyň Türkmenistanyň milli medeniýet “Miras” merkezi tarapyndan arap dilinden türkmen diline terjime edilen “Ýagşyzadalaryň bahary” atly kitabyndan ylym-bilim bilen baglanyşykly käbir paýhasly pikirler.
Mugaz ibn Jebel Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Ylym öwreniň. Ylym öwrenmek gowulykdyr. Ylym ýolunda bolmak ybadatdyr. Ylym hakda pikir alyşmak ybadatdyr. Ylymda bir meseläni çözmek jahatdyr. Bilmeýäne öwretmek sadakadyr. Mynasyp bolana ylym öwretmek Alla ýakynlykdyr.
Biliň, ylym jennet mekanlaryna barýan ýoldur. Ylym ýalňyzlykda ýoldaşdyr. Mysapyrlykda dostdur. Ýalňyz çagyň syrdaşdyr. Gizlin zatlara delildir. Darlykda kömekçidir. Dostlaryň ýanynda bezegdir. Duşmanlara garşy ýaragdyr. Allatagala milletleri ylym bilen beýgeldýär. Olary gowulyklary ýaýmakda ýolbaşçy eder, dolandyryjy eder. Alymlaryň eserlerinden peýdalanarlar. Işlerine uýarlar.
Perişdeler ylym eýeleriniň dostlukly gatnaşyklaryna uly üns berýärler. Olary ganatlary bilen penalaýarlar.
Ylym eýelerine deňizdäki ähli balyklar, ýer ýüzündäki guşlar, suw we gury ýer jandarlary, öý haýwanlary baş eger.
Sebäbi ylym kalplary nadanlykdan halas eden nur, gözleri garaňkylykdan halas eden aýdyňlykdyr. Bedenleri ejizlikden halas eden güýçdür.
Bende ylym bilen salyh kişileriň derejesine ýetýär. Alladan gorkýanlaryň toparyna goşulýar. Dünýäde we ahyretde belent derejelere ýetýär.
Ylym pikirlenmekdir, ol orazanyň sogaby ýalydyr. Ylym barada pikir alyşmak namazyň ýerine geçýändir. Dogan-garyndaşlara ylym üsti bilen gowuşýarlar. Halal-haram işler ylym bilen ölçenýär.
Ylym ýolbeletdir, beýleki işler hem oňa tabyndyr. Ylym bagtly bendelere berler, günäkär gullar ondan mahrumdyr».
-
Cwetocek
14 years ago
- Mena dinin aydanlary bilen doly ylalashyan"allah ozunden dileg dilanleri bosh goymaz"diyip pikir etyan...
Hemmanize minnetdar gowy yazgylarynyz ucin...alla sizden razy bolsun!
-
NB
14 years ago
- YLYM
Janly we jansyz ähli barlyklar bir kitapdyr. Bu sebäpli hem Kuran-y Kerimde “Gör, syn et!” diýlip däl-de, “Oka!” diýlip buýrulandyr. Sebäbi kitap okamak üçindir. Barlyklar bilen bezelen bu gözel Älemi, ägirt uly kitaphana meňzetse bolar. Adamdan başga ähli barlyklara diňe “Ýaz¬mak” buýrulypdyr. Adama bolsa hem ýazmak hem-de hökmany suratda “Okamak“ ýaly artykmaçlyk peşgeş berlendir.
***
Ylym, älemde bar bolan nyzamyň we dürli görnüşdäki ylahy öwüşginleriň, bir-birleriniň arasyndaky baglanşygyna aň ýetirip, olardan netije çykarmakdan ybaratdyr. Älemdäki bu nyzama, nyzamdaky inçe sazlaşyga we ölçege tötänden dörändir diýip, parhsyz garamak mümkin däldir. Elbetde, nyzamyň bar ýerinde, şol nyzamy düzüji hem bolmaly.
***
Adam ogly üçin hakyky durmuş, ylym hem-de paýhas bilen baglanyşykly bolmalydygy üçin, ol öwrenmegi, öwretmegi unutmaly däl. Sebäbi adamyň ýaradylyş maksady, görmek, bilmek we öwrenenlerini başgalara öwretmekdir.
***
Bir adamyň dogry pikir ýöredip bilmegi, onuň akyl we mantyk derejesi bilen baglanyşyklydyr. Akyl we mantyk bolsa, ylym we marifet bilen ýagtylyga çykyp, kemal tapar. Şonuň üçin hem ylym hem-de marifetiň ýok ýerinde, akyl, mantyk-düşünje-de ýokdur.
***
Ynsanyň ynsanlyk sypaty, öwrenmek, öwretmek we başgalara hakykaty görkezmek arkaly ýüze çykar. Bilmeýänini öwrenmegiň aladasyny, pikirini etmeýän; öwrenenleri bilen özüni täzeläp, başgalara görelde bolmaýan bende, ynsanyýet merduwanynyň entek ilkinji basgançaklarynda durýar diýmekdir.
***
Öwrenip, öwrediljek zatlar, ynsanyň gadyr-gymmatyny ýüze çykaryp, älemiň syrlaryny açjak zatlar bolmaly. Ynsany ulumsylyk girdabynyň gyrasyna eltýän, garaňky ýerlere nur saçmaýan we üsti basyrylgy hakykatlary açmaýan ylym, ylym däldir.
***
Ylym hem-de marifet bilen ýetilen derejeler, başga ýollar bilen ýetilen derejelerden has ýokardadyr we uzak ömürlidir. Sebäbi ylym eýesini bu dünýäde erbetliklerden daşlaşdyrýar, halal we päk ýaşadýar; munuň netijesinde-de, ahyretde-de ebedi bagtyýarlyga gowuşmagyna sebäp bolýar.
-
NB
14 years ago
- Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kyýamat gününde alymlaryň syýasy bilen şehitleriň gany ölçener. Hiç haýsy beýlekisinden agyr gelmez. Sabanyň säher çaglary ylym öwrenmegiň sogaby ýüz gazawatdan hem has gowudyr. Bir kişi ylym ugrunda sapara çyksa, onuň perişdesi oňa jenneti buşlar. Ýogalan wagty kimiň mirasy syýa bilen galam bolsa, ol jennete girer».
***
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Ylmy pes bolanlar, bahalary pes bolan ynsanlardyr». Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Her bir kişiniň bahasy onuň eden ýagşylygyna görädir».
***
Omar ibn Abdyleziz şeýle diýipdir: «Eger men bir zady bilmegi islesem, ony hökman okap öwrenýärdim. Eger bir zady eşidip we sorap öwrensem, onda kellämde ondan hiç zat galmaýardy».
***
Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Ynsanyň ylma hyýanat etmegi, malyna hyýanat etmeginden has erbetdir».
***
Şagbydan bir meseläni sorapdyrlar. Ol hem:
— Meniň ol ugurdan ylmym ýok — diýipdir.
Oňa: — Sen beýle diýmäge utanmaýarsyňmy? — diýipdirler. Onda ol: — Perişdeleriň utanmadyk zadyndan men näme üçin utanaýyn. Olar hem: «Biziň ylmymyz ýok« diýdiler ahyry — diýipdir.
***
Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Alymyň ybadathondan artykmaçlygy meniň iň aşaky gatlakdan bolan adamdan üstün bolşum ýalydyr».
Başga bir rowaýatda bolsa şeýle diýipdir: «Alymyň ybadathondan artykmaçlygy on dördi gijäniň aýynyň beýleki ýyldyzlardan artykmaçlygy ýalydyr».
***
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Hikmet möminiň ýiten malydyr. Eger ol müşrügiň (butparazyň) agzynda hem bolsa alsyn».
***
Abu Hanypanyň wepat bolandygy barada Şugbä habar ýetipdir. Ol haçanda ony ýatlanda şeýle diýer eken: «Kufaly alymlardan ylmyň nurunyň ýagtylygy söndi. Olar indi onuň ýalyny hiç haçan görüp bilmezler».
***
Bir adam Eflatundan:
— Sen bu ylymlaryň hemmesini edinmäge nädip güýç tapdyň? — diýip sorapdyr.
Onda ol:
— Zeýtun ýagyny çyrada bütin ömrümde içen suwumdan hem köp ýakdym — diýip jogap beripdir.
***
Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Siziň iň ussat bolanyňyz ylym taýdan ussat bolanyňyzdyr».
***
Ylym gowy düşünmek bilen artar, ýat tutmak bilen azalar.
-
NURMURAT
14 years ago
- Salamun Aleykum!!!
Ylym aslynda arap sözi bolup ع ل م harlryndan ybarat bir söz
bolup,birinjisi Aýn- yagny Ylliýin sözüniň ilkinji harpy,Ikinji harp bolsa LAM -ýagny
Latyf sözüniň ilk harpy,uçünji harp bolsa mim -dir bu bolsa MELIK sözüniň ilkinji harpydyr!!!!
bu her sözüň ajaýyp bir manysy bar.............................
-
Cwetocek
14 years ago
- Minnetdar!
-
NURMURAT
14 years ago
- birinjisi YLLIÝIN sözi,onuň şeýlebir manysy bar:Ýagny YLLIÝIN-dereje dereje beýgelmek,ylym alan aslynda ýuwaş ýuwaş köp zady bilýändir, muňa şaýat elbette alymlar-ulemalar ..... ählisi "A" "B" diýip başlaýarlar!
ikinjisi Latyf ýumşak, mylaýym diýlen manyda
eger adamyň ýumuşak mylaýym häýsiýetleri bolmasa onda sen oňa "YLYMLY" diýip bilermiň!!!’Mysal sen mugallymlaryň içinde ýumşak häysiýetlisin gowy diňleýänsiň!
Diýmek YLMYŇ GEREKDIRÝÄN ZADY ÝUMŞAKLYK!!!
GYSGA-GYSGA AÝDÝYN!!!
ÜÇÜNJISI MELIK-DIR BU BOLSA HER ZADA EYE BOLMAK MANYSYNDA.YLYMLY ADAM KOP OKAP PEYDALANDYGYÇA ŞOÇA ZADA EYEDIR!MYSAL UÇIN
BIZIŇ BULANÝAN TEHNIKALARMYZ NÄMÄŇ HASABYNA
BULARY OYLAP TAPAN YLYMSYZA DÄLDIR ELBETTE!!!
EGER BULAR BIR ARADA JEMLENMESE ONDA OL NÄHILI BOLAR!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!
-
NURMURAT
14 years ago
- birinjisi YLLIÝIN sözi,onuň şeýlebir manysy bar:Ýagny YLLIÝIN-dereje dereje beýgelmek,ylym alan aslynda ýuwaş ýuwaş köp zady bilýändir, muňa şaýat elbette alymlar-ulemalar ..... ählisi "A" "B" diýip başlaýarlar!
ikinjisi Latyf ýumşak, mylaýym diýlen manyda
eger adamyň ýumuşak mylaýym häýsiýetleri bolmasa onda sen oňa "YLYMLY" diýip bilermiň!!!’Mysal sen mugallymlaryň içinde ýumşak häysiýetlisin gowy diňleýänsiň!
Diýmek YLMYŇ GEREKDIRÝÄN ZADY ÝUMŞAKLYK!!!
GYSGA-GYSGA AÝDÝYN!!!
ÜÇÜNJISI MELIK-DIR BU BOLSA HER ZADA EYE BOLMAK MANYSYNDA.YLYMLY ADAM KOP OKAP PEYDALANDYGYÇA ŞOÇA ZADA EYEDIR!MYSAL UÇIN
BIZIŇ BU ULANÝAN TEHNIKALARMYZ NÄMÄŇ HASABYNA
BULARY OYLAP TAPAN YLYMSYZA DÄLDIR ELBETTE!!!
EGER BULAR BIR ARADA JEMLENMESE ONDA OL NÄHILI BOLAR!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!
-
Cwetocek
14 years ago
- Gowy dushundiripsiniz kop kop sagbolun!
-
Broker
14 years ago
- hemmanize kop sag bolun
-
DG
14 years ago
- Manyly tema pikirlenmäne
NB 14 years ago- Bulary bilýärsiňizmi?..
Kyrk bäş ýaşynda bu dünýä bilen hoşlaşandygyna garamazdan, Newewiniň soňraky nesillere örän kän eser miras galdyrandygyny... Onuň eser ýazmaga, öwrenmäge we öwretmäge, ybadat bilen meşgullanmaga has köp wagt artdyrmak üçin gije-gündiziň dowamynda diňe säher wagtlary bir gezek iýip-içmegi endik edinendigini...
***
Eş-Şeýh Fahreddiniň: “Allahyň adyna kasam bolsun, naharlanmaly sagadym ylym bilen meşgul bolmakdan üzňe galýandygym üçin örän gynanýaryn. Çünki wagt örän gymmatlydyr” diýip, naharda ýitiren wagtyna gynanandygyny...
***
Jahyzyň kitap satyn alara puly bolmandygy üçin, kitap dükanlaryny gijelerine kireýine sorap, daňdana çenli dürli mowzuklara degişli kitaplary okandygyny...
***
Endülüsli (Andaluziýaly) alym Ýbn Rüşdüň gaty kän kitap okandygyny... Okap-ýazmagy düýpli öwrenenden soň, onuň diňe iki gijesini - öýlenen gijesini hemem kakasynyň aradan çykan gijesini kitap okaman geçirendigini...
***
Fahreddin er-Razynyň saçagyň başynda hem nahar iýip, hem kitap okandygyny... Öýünden mesjide barýança, ulagyň üstünde üç ýüz okuwça ders berendigini... Razy üçin wagtyň örän sarpaly bolandygyny we wagtynyň aglaba bölegini kitap okamaga sarp edendigini...
***
Meşhur alym Ýbn Teýmiýäniň kitap okamaga başlajak wagty biline çenli uzaýan saçlaryny diwara kakylan çüýe baglap, şol halda kitap okandygyny... Ukusy gelende çüýe daňylan saçynyň, onuň uklamagyna päsgel berendigini...
***
Ýbnül Jewziniň: “Men ynsanlaryň köpüsiniň örän ýönekeý, bolgusyz işler bilen meşgullanmak arkaly wagtlaryny öldürýändiklerini gördüm. Bu kişileri, girdaba tarap barýan gäminiň içinde, özlerine garaşýan howpdan bihabar ýagdaýda oturyp, söhbet edýän ýolagçylara meňzedýän. Ömrüň geçen pasyllaryna bir nazar aýlaň! Pursat elden gitmänkä, ondan peýdalanjak boluň. Wagty sarpaly ulanmak meselesinde bir-biriňiz bilen ýaryşyň” diýendigini...
Ýbnül Jewziniň;
- Bilimiň ähli ugurlaryna degişli eserler ýazandygyny,
- Käbiri ýigrimi jiltden (tomdan) ybarat bolan 340-dan gowrak eser döredendigini,
- Günde dört depder doldurandygyny,
- Bir ýylda ýazanlarynyň 50-60 jilte barabar bolandygyny ...
... bilýärsiňizmi?..