Biziň her bir ukubymyza çäk goýlupdyr. Mysal üçin, näçe kilogram agyrlygy göterip bilýärsiň? Aňry gitse, ýigrimi ýa otuzdyr. Şeýle dälmi? Ýüz kilogramy-ha ýerindenem gymyldadyp bilmersiň. Dogry gerek? Sebäbi seniň eliň we bedeniň myşsalary şoňa laýyklanypdyr. Artykmaç agyrlygy göterjek bolsaň, Hudaý saklasyn, ýa bir ýeriňi agyrdarsyň ýa-da şol zadyň aşagynda galarsyň.



Synpyňda ders geçip duran mugallymyň sesini arkaýyn eşidip oturansyň, emma goňşy synpdaky mugallymyň sesi gulagyňa gelmez.


Ýa bolmasa, näçe gygyrsaň gygyryber, şäherden uzakda – obada ýaşaýan eneň seni eşitjek gümany ýok. Telefondan jaň etseň ýa-da aýagyň bilenjik oba – eneň ýanyna gitseň, ýa bolmasa, eneň özi size gelse, onda başga gürrüň.


Gel indi, aýaklaryň barada gürrüň edeli! Näçeräk tizlikde ylgap bilýäň? Alajagaplaň bilen ýaryşyp biljekmi? Belli bir tizlikde, belli aralyga deňiç ylgarsyň. Ahyrsoňy ýadap durmaly bolarsyň.


Ýogsamam, ajykdyňmy? Süýt içjekmi? Bir oturanyňda näçe käse süýt içerin öýdýäň? Bary-ýogy üç käse içersiň. Sebäbi aşgazanyň hem göwrümi çäkli.


Matimatikany bilşiň nähili? Erbet däl bolsa, ine, saňa şeýle sowal! Üçi bäşe köpletseň, näçe bolýar? «Muny dagy nämejik» diýýämiň? Bäh, derrewjik hasaplaýdyň-aý. Berekella! Ynha, indi şunuňam hasabyny çykaryp ber-dä, göreýin, hany!


2134594×777=


Näme boldy?! Nämä dymýaň?! Hasaplaýjy enjamyň bolmasa, munuň jogabyny tapmak saňa kyn düşse gerek. «Hasaplap bilmedim» diýip, gynanyp oturma. Bu tebigy ýagdaý. Sebäbi adamyň akylynyň hem işleýşi çäklendirilen. Bir meselä derrewjik akyl edýän bolsa, başga bir meseläniň çözgüdini tapmak onuň esli wagtyny alýar. Käbir zatlara özbaşymyza akyl ýetirip bilmeýäris. Bilermenlerden sorap, anygyna ýetýäris. Diýşim ýaly, akylyň hem işleýşi çäkli.
Seniňem çak edişiň ýaly, gezek gözlerimize geldi. Seniň pikiriňçe, gözümiz näçeräk uzaklykdaky we nähili kiçilikdäki zatlary görüp bilýärkä?! Islendik zada şeýle garanymyzda ony doly, hemmetaraplaýyn görmegi başarýamyka?! Dogrusyny aýtsak, görýän zatlarymyzy görmeýänlerimiz bilen deňeşdirsek, kör adyny alarmykak diýýän. Geň galma! Hawa, hawa, bu hut şeýle! Biz radiusy, ýagny merkezden daşyna töwerekleýin aýlawy 15 milliard ýagtylyk ýylyna deň bolan älemde ýaşaýarys. Ýagny 1 ýagtylyk ýyly takmynan 9,5 trillion kilometre barabar bolsa, älem giňişligi ondan hem 15 milliard esse daşdaky alyslara uzap gidýär. 15 milliard ýagtylyk ýyly (matematikanyň dilinde aýtsak, 15 x 109 x 95 x 1011 kilometr) uzaklykdaky älem giňişliginiň 70%-i barada hiç hili maglumat ýok. Sebäbi ony ylmyň iň soňky tehnologiýalary bilenem görüp bilemizok. Alymlar ony «gara energiýa» diýip atlandyrýarlar. Galan 30%-iniň hem 25%-ine bolsa «gara madda» diýýärler. Biz bu gara madda diýen närsäni hem asla görüp bilemizok. Biziň görýän we eşidýän zatlarymyzyň ählisi, ana, şol älem giňişliginiň 70% we 25%-den galanja 5%-iň çägine degişli zatlardyr.


Hiç howlukma! Ynsanyň gözi şol 5%-iň çägine degişli zatlaryň hemmesinem görüp baranok. Onuň gaty az bölegini görüp bilýär.


Aýdyşymyz ýaly, adama «gözli kör» diýilse, tüýs gelşer durar. Bir söz bilen aýtsam, gözümizi giňden açyp, siňe seredenimizde-de, şu älemdäki zatlary görüp bilşimiz şu ägirt Ýer togalagynyň üstünde ýörjen-ýörjen edip ýören bir garynjanyň bir aýagynyň yzy ýaly hem däl.


Ynha, indi özüň oýlanyp gör! Heniz älemdäki zatlary düzüwli görüp bilmeýän şu gözümiziň älemi ýaradan we ýaradan barlyklarynyň hiç birisine meňzemeýän Allany görüp bilmegi mümkinmi eýsem?!

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir