Itbaraklar hakynda gadymy Oguz Türkmen hem Türk dessanlarynda agzalyp geçilýär. Itbaraklar Turanyň demirgazyk günbatarynda ýaşaýan ''It kelleli adama meňzeş mahluklara'' berilen at bolupdyr.
Efsanalarda ilkinji gezek ''Tüýlek it'' (belki oboroten) manyda getirilýär. Oguz han hakynda aýdylýan ''Oguznama'' dessanynda ''Itbaraklaryň ýurdy demirgazyk - günbatara tarap uzanan garaňkylyk ýurdudyr''. Oguz han Itbaraklara garşy bir gezek çozuş edip ýeňlişe sezewar bolýar. Ol daglaryň arasyndaky bir derýanyň ortasyndaky ada barýar.
Oguz han bu adada söweşde ölen esgerlerinden biriniň aýaly bir perzent dünýä getirmek üçin burgusy tutýar. Ýöne bu ýerde Oguz hanyň ne bir çadyry ne-de öýi bardy. Hatyn (çüýrän) bagyň gabygyna girýär we şol ýerde ogul öerzent dünýä getirýär.
Oguz han bu oglanjygyň adyna Gypjak adyny berýär. Gadymy Türkmen dessanlaryna görä ''Gypjak'' söziniň ''Bagyň (agajyň) gabygy'' diýen manyny berýändigi mälimdir. Bilşimiz ýaly ''Gypjaklar'' Altaý daglarynyň günbataryndan tä Günorta Russiýanyň içlerine çenli uzaýan ýerlere ýaýrap ýurt tutunyp oturýardylar.
Ýöne gürrüň Gypjaklar hakda däl-de Itbaraklar hakda barýar.
Şeýdip Oguz hanyň esgerleri Itbaraklar ýurdyndaky gözel gyzlaryny alyp olardan täze nesil dünýä getiripdirler.
Belki Gypjagyň ejesi hem owadan Itbarak hatynyndan başga kim bolup bilerkä? Soňra Oguzhan Gypjagy bu ýerlere taýyn edip, demirgazyk ýurtlaryň häkimligini oňa berýär.
Gypjaklar hem häzir bir az üýtgän türkmen dilinde gürleşýärler. Ýöne Oguz dessany Gypjagy Oguz hanyň neslinden däl-de esgerleriniň biriniň neslinden edip görkezýär. Gypjak demirgazyk taraplara gidip ol ýerde nesli köpelip ýerliler bilen garyşyp-gatyşyp täze şejereleri emele getiripdirler.
Itbaraklar diňe Oguz han dessanynda getirilýän rowaýat däl, eýsem bu Ýewropalylar tarapyndan ozallaram belli mahluklardy. Ýewropalylar bu it kelleli kowma ''Borus'' diýýärler we olaryň häzirki Finlandiýa bilen Russiýanyň demirgazyk etraplarynda ýaşaýandyklaryny aýdýarlar. Oguz han dessanyndaky geografiki ýerleşişiň özi tötänlik däldir. Oguz han dessanynda hem bu geografiki aňlatma taýyndan Türkmenistanyň giň demirgazyk günbatarlarynda ýerleşýän Russiýa etraplarydyr.
Gürrüňimiziň iň gyzykly bölegi bolsa Piri Reisiň çyzan Günorta Amerika kartasynda hem it kelleli adamlaryň şekilleriniň bolmagydyr.
Belkäm bu mahluklar birwagtlar wagşy basypalyjy Portugallar ýa-da Ispanlar tarapyndan öldürilip ýok edilen bolmaly...



@Jeksparro

Täzelikler, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir