Gözlerin ýyldyza deňär ýaly däl, Dodaklary bolsa lagly-merjen däl. Açyk gerdenleri ak gar ýaly däl, Saçlarna-da artyk baha berjek däl. Ýaňakda Damaskyň bägül yzy bar diýip, öz göwnümi aldap bilmerin. Teninde bir öz teniniň ysy bar, Müşküni saçanok nepis gülleriň. Üýtgeşik bir kämilligem tapmarsyň, Alkymynda, maňlaýynda, ýüzünde, Asman meleklerniň sallanyp barşyn bilemok, men ýarym dünýäň düzünde Gadam urýar, ýalan söz bilen öwlen, Meleklerden kem däl görmegem

Köneler, vepabet tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir