Bir belany görmedik bolsam, bu «söýgi» hem «kürsi» sözüniň biri-birine garşy zatlygyna asla ynanmazdym. Ýazgül atly joram bardy. Ýazgül diýseň, Ýazgül. Hut aýazly gara gyşdan soň gül-gülälekden boşap galan takyr meýdanda gögerip, owadan keşbi bilen hemmelerde ýakymly duýgy döredýän ýaz güli ýaly, meniň joram Ýazgül diýseň özüne çekijidi. Şadyýandy. Ýazgül özüniň görki bilen klasdaş hem obadaş gyzlarynyň owadanlaryndan-da saýlanyp durardy. Onuň ne boýunda kem bardy, ne syratynda. Orta mekdebi tamamlap barýan uçurlarymyzdy. Bir gün agşam Ýazgül bize oturmaga geldi. Nämedir bir zada onuň ýüregi böküp durdy. Birsyhly ýylgyrýardy. Süňňüýeňil gopýardy. Ol ep-esli gürrüňleşip oturanymyzdan soň, öýlerine gaýtmakçy bolanda özüne klasdaşymyz Myradyň söýgi hatyny ýazandygyny gürrüň berdi. Şol günden soň Ýazgül bilen Myradyň söýgüsi ugrugyp gitdi. Ýazgül her sapar Myrat bilen duşuşanda aralarynda bolýan gürrüňi gelip, maňa aýdýardy. Süýji-süýji arzuwlara batyp, bagtly geljek hakda umyt edýärdi. Orta mekdebi tamamladyk. Myrat ýokary okuw jaýyna okuwa girdi. Ýazgül bolsa öýde galyp, köýnek tikme, ýaka bejerme ýaly, türkmen gyzlarynyň köpüsiniň edýän el işine güýmendi. Nagyş tikmä-de gaty ökdedi. Ol şeýle gowy gyzdy. Durmuşda her hili ýagdaý bolýar. Men köplenç «Myrat Ýazgüle öýlenip bilmese-hä gaty gynanar» diýip, pikir edýärdim. Myradyň talyp ýyllarynda hem Ýazgül mydama onuň bilen duşuşyp, gepleşip, hatlaşyp gezdi. Olar biri-birlerini şeýle gowy görýärdiler. Ýazgül häli-şindi özüni Allanyň Myratdan aýyrmazlygyny dileýärdi. Myratdan aýrylaýsa, özüniň ýaşap bilmejekdigini aýdyp, käteler gözlerine ýaş aýlaýardy. Men ony ikisiniňem biri-birini gowy görýändigini aýdyp, ikisiniň aýrylmagyna hiç hili päsgelçiligiň ýokdugyny nygtap, köşeşdirýärdim. Ýazgüle orta mekdebi tamamlanymyzdan soňky bäş ýylyň içinde örän köp ýerlerden gudaçylyga geldiler. Sebäbi gowy gyzyň hyrydary köp bolýar. Gudalaryň biri gitse, biri gelýärdi. Ýazgül olaryň hiç biriniň sözüni aldyrmady. Ol Myrada garaşdy. Myrat ýokary okuwy tamamlady. Ýazgül bir gün onuň işe girjek bolýanyny aýtdy. Soň bolsa her gün diýen ýaly gelip, Myratdan hiç hili habaryň ýokdugyny gürrüň berip, nalap başlady. Men oňa Myratdan özümiziň habar tutup biljekdigimizi, islese, özümiň oňa ýoldaş boljakdygymy aýtdym. Jaň edip bermäge, öýünden habar tutup bermäge söz berdim. Ýazgül meniň teklibimi kabul etmedi. «Gyz halyma onuň üstüne atylyp durmaýyn, ahyr bir ýerden çykar» diýdi. Hemme zat manysyn ýitirdi birden... Şol gürrüňden soň aradan iki aý wagt geçmändi. Gün batsa-da, heniz garaňky düşmändi. Ýüzüni ak tam edip, Ýazgül geldi. Diri adamyň ýüzüniň şeýle reňksiz wagtyny hiç wagt görmändim. Ýazgülüň ýüzünden adam reňki uçupdy. Ol ölüp barýan adamyň pyşyrdysy bilen maňa Myradyň öýlenýändigini, toýuna ähli klasdaşlary çagyryp, Ýazgül ikimize hiç hili habar ibermändigini aýtdy-da, yzyna öwrüldi. Ýazgül Myradyň öýlenýänini toýa gitmek üçin ýygnanyşýan klasdaşlar jaň edende bilip galypdyr. «Eý, toba! Myradyň kellesi üýtgedimikä? Onuň bu bolşuna nähili düşünmeli?» diýip, men bu bolýan işlere haýran galyp, içimi gepletdim. Myradyň näme üçin beýdenine hiç akyl ýetirip bilmedim. Yzyma dolandym. Ýaňy saçak-supra ýazyp, agşamlyk naharynyň başyna üýşeli diýip otyrkak, jaň geldi. Maňa Ýazgülüň öz janyna kast edendigini, bir guty derman içip, zäherlenip ölendigini habar berdiler. Ol waka meniň ýeke salym-da ýadymdan çykanok. Şol gün Ýazgül-ä dünýäni taşlap gitdi, Myrat bolsa öýlendi. Özem meniň şu diýýän zatlarym hiç hili oýlanyp tapylan zat däl-de, hakyky bolup geçen waka. Bu wakadan ýarym ýyla golaý wagt geçipdi. Men bir iş bilen şähere gitdim. Uly ýoluň gyrasy bilen ýöräp barýarkam, ýerden çykan ýaly bolup, maňa Myrat pete-pet gabat geldi. Akja köýnek, garaja penjek, galstuk… Misli, ütüklenen ýaly bolup dur. Ol maňa salam berdi. Men onuň salamyny-da alman, deňinden sessiz geçiberdim. Ýüzüne ýigrenç bilen seretdim. Ol menden ýekeje salym durmagymy haýyş etdi. Men aýak çekdim. Ol Ýazgülüň başyna düşen ykbal sebäpli Ýazgüli günäledi. Söýüşýänlerinden aýrylýanlaryň köpdügini, olaryň hemmesiniň öz janlaryna kast edip durmaýandygyny, Ýazgülüň hem özünden aýrylany üçin gynanyp durmaz öýdüp pikir edendigini, öň-soň özüniň oňa öýlenip bilmejegini gürrüň berdi. Sebäbi Myrat Milli howpsylyk komitetine işe giripdir. Beýle jogapkärli edaralara işe girilende öýlenen bolsaň, aýal tarapyň ýedi arkasy barlanýan eken, eger öýlenmedik bolsaň, öýlenjek bolýan gyzyň ýedi arkasy barlanýan eken. Ýazgülüň kakasy müň dokuz ýüz ýetmişinji-segseninji ýyllarda magazinde satyjy bolup işlände harydy kem çekeni üçin sud jogapkärçiligine çekilipdir hem-de azatlykdan mahrum edilip, türmede oturyp gelipdir. Şeýle bolansoň, Ýazgülüň arkasynda sud edilen hossary bolanlygy üçin ýurduň abraýly edarasynda işlejek oglana Ýazgüle öýlenmegi gadagan edipdirler. Eger Myrat Ýazgüle öýlenen bolsa, ony agzalan edara işe almajak ekenler. Söýgi mukaddesmi, kürsi? Muny her kim bir hili saýlaýar. Men oňa özüne ýeten täsin kürsi sebäpli başga biriniň ölümine bir sepäp bolmazlygy arzuw edip, hoşlaşyk sözüni hem aýtman, ýolumy dowam etdim. Indi men ony görsem hem ýüzümi öwrüp geçýärin. Her ýyl ýaz gelende Ýazgül joramyň başyna düşen ajy ykbal hakdaky ýatlamalar meniň kalbymda has-da möwç alyp, meni gaýgy-gussa batyrýar. Şol, «ýedi arkany barlamak» diýen sprawkany kim oýlap tapdyka? Durmuşda ýalňyşmaýan adam az. Şol nälet siňen «ýedi arka» barlamak sebäpli ene-atanyň, mama-babanyň, dogan-garyndaşyň bir wagtlar eden ýalňyşlygy üçin günäsiz çagalar jebir çekýärler.
Söýgi hem kürsi...
-
ozik
14 years ago
- gaty gynanchly hekaya. yone gynansakda durmyshda sheyke zatlar gabat gelya. yone, yone her name bolsada oz janyna kast etmek duybunden yalnysh!!!
-
samser
14 years ago
- Ahhh, yazgüliñ ykbalyna gynandym.
-
samser
14 years ago
- Bu hekaya barada kän zat aydyp bilerin. Ilki kürsi sözüni bashga söz bln chalyshan bolsañ gowy bordy. Meselem:halk, watan,...
-
Gozela
14 years ago
- Adamlar son ucinem soyga ynanman myrat yaly aldayan oglanlar kop dush gelya.gyzlar ozumizi oglanlara aldatmalyn!!!yazgule gaty gynandym
-
ozik
14 years ago
- gozela eger sen ka bir oglanlara aldatmaly diyen bolsan yaerlikli bolardy. hemme oglanlary bir chukyra gommek bolmaya!!!
-
samser
14 years ago
- Bärde myradyñ günäsi näme?
-
ozik
14 years ago
- bu hekayada esasan gyzyn yagdayy barada kop gurrun edilya we has anygrak seretyaler emma myradyn yagdayy barada gysgacha aydyp gechyaler. biraz myradyn yagdayynam chunnurrak gurrun beren bolsalar has dushniklirak bordy.
her name bolsada oz janyna kast etmek bolanok! dine ozun barada dalde seni gurshap alyan adamlar baradada pikir etmeli. o gyz yenil gaty ejizlapdir,( yenil kellelik edipdir)
-
DoJiGat
14 years ago
- gaty gynandym.bilyanizmi herkim olmeli yone olimem hil-hil bolyar erbet pursatly olim hic kime nesip etmesin...gynandym wakalara erbet!yone yazguli kosesdirmek mumkincilik bar...myradyn goni ozi aydan bolsa hasam gowy bolardy yenede erbet bolardy ...gynancly...
Ayjemala 14 years ago- men heyle hekaya okadym bunam size okamagy maslahat beryan we sizin dusunjaniz.