Maňlaýyndan öp Nämä beýdip tukat otyrsyn şahyr Bu dünýäniň soňy görnüp dur ahyr Ola Zöhre bolsa sen bolup Tahyr Barda onuň edil maňlaýyndan öp Maňlaýda öpeňde seretse aşak Saçyndan öp, boýnun bukaw dek guşap Onsoň her gaşyndan üç gezek ogşap Kem kem aşak süşüp gabagyndan öp Gabakdan öpeňde çytmasa gaşyn Ola çyn magşukdyr senem çyn aşyk Onson burun diýilýän galadan aşyp Nepese maý bermän dodagyndan öp Dodaklar bägül dek pyşyrdaşarlar Demler deme degip pyşyrdaşarlar Eliňde titrände balyk goşarlar Maňlaýyňy degirip dyrnagyndandan öp Gysyp, gysyp,gysyp ýenede gysyp Iç onsoň dil bilen dil deňziň susup Onsoň gapak döşüň ak mämä basyp Ýürek bagryň bilen ýüreginden öp Körpäniň içine çümdürip sagryn Kürük towuk kimin owkala bagryn Demiň bilen syryp ak joýaň ugrun Goşa ternäň bally sapagyndan öp Bagytlysyň,bagytlysyň,bagytlysyň onsoň Niresinden öpseň öpüwer sen soň Hapa ýeri bardyr öýtmersiň soň soň Jorabyny çykarda aýagyndan öp (Kerim Gurbannepesow) ADAMYŇ ÖMRI HAKYNDA OÝUN GATYŞYKLY ÇYN On ýaşyňda owlaksyň sen On bäşiňde toklusyň Bökmägede haklysyň sen Ýatmagada haklysyň Ýigrimide de kürresiň sen Ýigrim bäşde atsyň sen Otuz,kyrkda da çyn bedewsiň Elliiňde-de itsiň sen Hemä hilägirsiň sen Hemem akyllysyň sen Duşman üçin ýaraksyň Dosta ýakymlysyň sen Altmyş,ýetmiş,segsen,togsan Bular özüňe bagly Gaplaňam bolup bilersiň Arslanam bolup bilersiň Möjegem bolup bilersiň Şagalam bolup bilersiň Bolsaňda adam ogly Ýüze ýeteňde welin Borsuň ütülen towuk Ketegiň içem sowuk Ketegiň daşam sowuk Emma özüň adam bolsaň Ýokdur ullakan howp Iliň günüň dost ýaryň Seni horlamaz garaz Ütülen towuk diýip Azaram berip durmaz Gaty gitse diýerler Ganatsyz garry horaz (Kerim Gurbannepesow) SENDEN ULY ÝOK DIÝSELER Senden uly ýok diýseler eselmegiň sen Senden kiçi ýok diýseler peselmegin sen Özüň kiçi bolsaň uly boljak bol Özüň uly bolsaň kiçi boljak bol Sen keçe diýseler haly boljak bol Sen haly diýseler keçe boljak bol Sen köçe diýseler ýoda ýaly bol Sen ýoda diýseler köçe boljak bol Hemä öz ýaşyňdan uly ýaly bol Hemem deň duşuňdan kiçi boljak bol Özüň serdar bolsaň daýhan boljak bol Özüň daýhan bolsaň serdar ýaly bol Gerek bolan güni iliňe baş bol Soň ýene ýer depip agdar ýaly bol Öz gysga ýoluňy ýalňyz ömrüňi Şeýdip ýaşagyn sen şeýdip ötgün sen Baý baý adam bolmak kyn zat ekenow Ýogsa aňsat zatdyr öýdüpmidiň sen (Kerim Gurbannepesow)
Kerim agaň goşgulary
-
Nechka94
14 years ago
- WESÝETLER BOÝUNÇA
Çagakak aglamak utaýç diýdiler
Jahylkak allamak utanç diydiler
Şeýdip endik etdik aglamazlyga
Şeýdip endik etdik allamazlyga
Diýdiler köplükde gägirmek aýyp
Diýdiler köçede sygyrmak aýyp
Diýdiler meýlisde geçmäkäň töre
Hakyň bamy törüň özünden sora
Ýenede diýdiler ulamy kiçä
Öljegiňi bilseňde ýalbarma kişä
Diňe bir adama ýalbar diýdiler
Onuňam adyna Dilber diýdiler
Aýyp däl näzin çekmek diýdiler
Näzden ýüzün sowan akmak diýdiler
Ýene iki merde ýalbarmak bolar
Diýdiler enedir atadyr olar
Ataňa ýalbarsaň galkynar ruhy
Eneňe ýalbarsaň kemeler ahy
Kim etse şolara tagzym diýdiler
Işi rowaç ýaşy uzyn diýdiler
Ýene kän edepleň tutdylar adyn
Diýdiler gabanma özgäň şöhradyn
Gabanma zehiniň ezenligini
Gabanma öz joraň gözelligini
Gabanma öz äriň gerçekligini
Gabanma öz gelniň alçaklygyny
Ne näzlerin nede sözlerin gaban
Diňe oýnaklatsa gözlerin gaban
Diýdiler erkekden belentdir aýal
O name üçin diýip berdiler sowal
Jogabyn berdiler gutaryp ömrüň
Ýagty dünýa bilen hoşlaşsaň bir gün
Aýal är ojagyny haklar diýdiler
Söýgiňi müň kerem haklar diýdiler
Çagalaryn iýdir geýdir diýdiler
Şeýdip ýaş ömrüni köýdir diýdiler
Emma beýdip bilmez erkek diýdiler
Bu babatda pesdir erkek diýdiler
Altmyşdan, ýetmişden geçsede saly
Gözlerin ýumdymy eziz aýaly
Ýatdan çykyp wepa ygrar diýdiler
Ikinjiň gözlegine ylgar diýdiler
Diýdiler, diýdiler, diýdiler kän zat
Käbiri aňsat köpüsi kyn zat
Aňsadyn hemmeler başar diýdiler
Kynyn başarmakda iş bar diýdiler
Kynam bolsa şudur wesýet diýdiler
Dine kyn zat şol mukaddes diýdiler
(Kerim Gurbannepesow)
Kyn zadam durmuşda bagytly bolmak şonuň üçinem ähliňize bagtly bolmagy arzuw edýän
-
Cwetocek
14 years ago
- Sagbol necka wesyet goshgyny haladym dogry aydylypdr
-
Nechka94
14 years ago
- ÝASMASY HAS AGYR DÜŞEN GOŞGY
Ak süýt beren ene gadyrdan gaçýar diýdiler
Sadagaň bolaýyn ene
Sen hakda ýüz gezek ýazypdym öňem
Ýüz birinji gezek ýazaýyn ýene
Ýenede galamy almaga ele
Mejbur etdi meni bir elhenç gürrüň
Diýdiler,üç ogul,üç gyzly ene
Bir ýerlerde haram ölüpdir şu gün
Waka bolupdyr uzak bir ýerde
Ýöne parhy näme ýakynmy uzak
Perzentleň enäni terk edenligi
Enäň bolsa haram ölenligi hak
Men muny ýazmadym belli bir ýerde
Ýazdym dürli ýerde bölekme bölek
Öýde,ýolda,düşde,mazarystanda
Indi bolsa başyn jemlemek gerek
Alty sany çaga dem beren ýürek
Görmändir olardan bir demlik wepa
On aýlap ýatypdyr keselhanada
Kä penjirä bakyp,käte-de gapa
On aýda görnüpdir üç gezek üç gyz
Erkek göbekliden gelmändir hiç kim
Aýaga galypdyr äkitmändirler
Ýygnaň diýip sutdan gelipdir höküm
Bir gyzy ýygnapdyr, olam äkidip
Oglunyň işigne geçipdir taşlap
Ne ene etaza çykyp bilipdir
Ne ogul ýokardan düşüpdir aşak
Şol ýerde sowukdan gatapdyr ene
Niçiksi derejä düşdüň sen ahlak
Bu waka näme hakda,
nirede boldy
Diýip, maňa sorag berýärsiň ýene
Nirede,
nämahal,
näme parhy bar,
Ene hemme ýerde dälmidir, ene
Ene ynsanýetiň tutuş geljegi
Hem şu güni hemem ähli geçeni
Depäňden müň belä inermiş agşam,
Irden birja agladaýsaň ejeňi.
Terjime edipdim Resul şahyry
Matam mürräninde daglaň içini
Meşhur ata soňky demde aýdypdyr
‘’Resul oglum aglatmagyn ejeňi’’
Meşhur bolmasada meniňem atam
Goşgy ýazman çalartsada saçyny
Şol sözdi onuňam iň soňky sözi
Ýalňyz köşek agyrtmagyň ejeňi
Soň soňlaram baryp mazarystana
Bagrym oýkap owradamda içimi
Ses çykýan ýalydy köne mazardan
Agyrtmagyn, agyrtmagyn ejeňi
Ýowuz günde aýlanypdyk bileje
Dykdyrany,gaňňalyny,tejeni
Belki özüm duýman agyrdandyryn
Ýöne duýup agyrtmandym ejemi
Elimden gidende ilkinçi söýgim
Gürrrüň berenimde başdan geçeni
Enem bir aglapdy ine şonda,
Birje gezek agladypdym ejemi.
Şondan başga bilip agyrdan bolsam
Ýada agardan bolsam birje saçyňy
Olam meň günämi ötmedik bolsa
Gaýdyp beriň razy etjek ejemi.
Ýok ýok ol müň kerem razy diýipdi,
Soňam gitdi boşap galdy içeri.
Indi özüm wesýet edýän ogluma
Agyrtmagyn,aglatmagyn ejeňi
Bu wesýet wesýetden wesýede geçip
Gowşup bütün dünýäň ogullaryna
Agtyklaň dilinden çowluga ýetip
Siňsin ýuwluklaryň bagyrlaryna
Hawa,üç ogully üç gyzly ene
Göwsünde bitirip alty ýapragy
Olary saraltman özi saraldy
Şu günem girmeli ene topraga
Bu waka nämahal,
nirede boldy
Diýip, maňa sorag berýärsiň ýene
Daşdamy,ýakynda,näme parhy bar
Ene hemme ýerde dälmidir, ene
Kaspi kenarymy,Wolga ýakasy,
Murgap jülgesimi ýokdur tapawut
Alty balasyna uzak ýaş diläp
Gabrystana barýar eneli tabyt
Tabydy özgeler göterip barýar
Diňe burny çapyk ortanjy ogul
Bir minut göterdi onda derrew götermekden...........
agzalar men bu goşgyny mp3 şeklinden ýazga öwürdim şonuň üçinem mp3 de doly bolmansoň yzyny ýazyp bilmedim nesip bolsa tapsam hökman ýazaryn wagt aýyryp okanyňyz üçin köp sagboluň meniň özüm kerim aganyň goşgularyny halaýan şonuň üçin sizem halarsyňyz diýip ýazdym
-
Cwetocek
14 years ago
- Gowy goshgy nace okasanam aglamaga mejbur etya
-
jambo
14 years ago
- sagja bol ne4ka, aydanyng bolsun!!! sangada uly bagt arzuw edyan!
-
Nechka94
14 years ago
- indiki goşgy ömrüme pent onam basym ýazaryn
-
Cwetocek
14 years ago
- Yzy gaty kop bolmaly bu goshgyn
-
hallboy
14 years ago
Onsoň gapak döşüň ak mämä basyp
ine muña goshgy diyseñ bolyar. Sagja bol!
Ýürek bagryň bilen ýüreginden öp
Körpäniň içine çümdürip sagryn
Kürük towuk kimin owkala bagryn
Demiň bilen syryp ak joýaň ugrun
Goşa ternäň bally sapagyndan öp
Bagytlysyň,bagytlysyň,bagytlysyň onsoň
Niresinden öpseň öpüwer sen soň
Hapa ýeri bardyr öýtmersiň soň soň
Jorabyny çykarda aýagyndan öp
-
jambo
14 years ago
- bizem 6ular yalak go6gy duzsek, okap soyerlermika, aglamak hokman dallay
-
Ayjemala
14 years ago
- hahahaha name soyman sen yurekden duzsen bolmajak zat barmay
-
jambo
14 years ago
- wah manga seng soygung gerek bolsa?........
-
Nechka94
14 years ago
- ÖMRÜME PENT
Şahyr şahyrlygyň çyn bolýan bolsa
Sönüp ýanyp ýene sönüp ýanyp git
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa
Gara ýere çümüp çykyp çümüp git
Hem akyl ber hem iliňden akyl al
Kitapdan däl gara ýerden nakyl al
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al
Soň ýenede ýeriň süýdün emip git
Dag ýoluna çöl ýoluna belet bol
Dag ýolunda çat açmaýan polat bol
Çöl ýolunda tirkeş tirkeş bulut bol
Teşne görseň dodagyna damyp git
Ýol agyrdyr müň ýanylar öçüler
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler
Ýene ýygna şaglap gelse geçiler
Sen öküz dek ýele garşy zyňyp git
Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al
Ylgap baryp saglyk bilen erki al
Ýany bilen çuwal çuwal gülki al
Soň tapylar galan zady zyňyp git
Dost paýlansa äber diýip gysganma
Alaňdan soň gysgaltma hem gysganma
Dileg etse gözleriňide gysganma
Birin berde biri bilen oňup git
Ha çaryk geý, ha çokaý geý ,telpek geý
Parhy ýokdur geýseň bolar erkek deý
Ýone welin şyppyllama çepek deý
Aýna gonuşly ädik ýaly doňup git
Sorosaň aýdaýyn kyýamat nedir
Erkekler oglasa kyýamat şodur
Her başy telpekläp goýmagyn gadyr
Bäş telpegi bir gyňaja daňyp git
Gözelligi sor bagryňa öýkeniňe
Söýülseň söý söýülmeseň sükenme
Söýgide goşgydyr kişä öýkinme
Öz möhrüňi öz köziňi goýup git
Ýeňip ýaşa ahyrda ýeň başda ýeň
Tomusda ýeň ýazda,güýzde.gyşda ýeň
Söýgiňde ýeň,gaýgyňda ýeň, işde ýeň
Bir oguldan ýeňilip hem ýeňip git
Ýeňsin ogul dil bilen däl iş bilen
Seňkä görä has ýitiräk huş bilen
Aýak dälde parasatly baş bilen
Ýeňse ogul gözüň rahat ýumup git
Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna
Bir aglapdyň indi bir aglama
Öz balaňy eliň bilen jaýlama
Nobatyňda mele ýere siňip git
Dünýä gelmegiňde nobaty ýagşy
Ýene ölmegiňde nobaty ýagşy
Men diňe birzatda nobata garşy
Dost öýünde islän çagyň bolup git
Başarsaň köplügiň içine garyş
Tanyşdan dost tutun ýatlardan tanyş
Ziguliň içinden gözleme durmuş
Köplük bilen awtobusa münip git
Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman
Ýary işçi bolsun ýarysy daýhan
Elbetde alymam şahyram höhman
Üýşip çaşyp çar tarapa eňip git
Şeýle dostlar bilen gezseň bir sellem
Ýetersiň iň uly matlaba çenlem
Gadamyň giden bar entekler elleň
Hol öňdele ýaş hakynda dymyp git
Haly wagtyň meňzemegiň pilime
Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme
Öçen wagtyň öýkünmegiň çilime
Içi közli ojar ýaly sönüp git
Ýene bir söz,nygtalmak dal ,öwit dal
Mazaryňa daş oturtmak sargyt däl
Mele ýeriň astyndada daş gyt dal
Bakylyk şol şo daşlara siňip git
soňky setirleri gaty täsirli setirler
-
samser
14 years ago
- 'Kontrast'. onam yazyñda compdan giryänleriñiz.
-
Nechka94
14 years ago
- ÖMRÜME PENT
Şahyr şahyrlygyň çyn bolýan bolsa
Sönüp ýanyp ýene sönüp ýanyp git
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa
Gara ýere çümüp çykyp çümüp git
Hem akyl ber hem iliňden akyl al
Kitapdan däl gara ýerden nakyl al
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al
Soň ýenede ýeriň süýdün emip git
Dag ýoluna çöl ýoluna belet bol
Dag ýolunda çat açmaýan polat bol
Çöl ýolunda tirkeş tirkeş bulut bol
Teşne görseň dodagyna damyp git
Ýol agyrdyr müň ýanylar öçüler
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler
Ýene ýygna şaglap gelse geçiler
Sen öküz dek ýele garşy zyňyp git
Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al
Ylgap baryp saglyk bilen erki al
Ýany bilen çuwal çuwal gülki al
Soň tapylar galan zady zyňyp git
Dost paýlansa äber diýip gysganma
Alaňdan soň gysgaltma hem gysganma
Dileg etse gözleriňide gysganma
Birin berde biri bilen oňup git
Ha çaryk geý, ha çokaý geý ,telpek geý
Parhy ýokdur geýseň bolar erkek deý
Ýone welin şyppyllama çepek deý
Aýna gonuşly ädik ýaly doňup git
Sorosaň aýdaýyn kyýamat nedir
Erkekler oglasa kyýamat şodur
Her başy telpekläp goýmagyn gadyr
Bäş telpegi bir gyňaja daňyp git
Gözelligi sor bagryňa öýkeniňe
Söýülseň söý söýülmeseň sükenme
Söýgide goşgydyr kişä öýkinme
Öz möhrüňi öz köziňi goýup git
Ýeňip ýaşa ahyrda ýeň başda ýeň
Tomusda ýeň ýazda,güýzde.gyşda ýeň
Söýgiňde ýeň,gaýgyňda ýeň, işde ýeň
Bir oguldan ýeňilip hem ýeňip git
Ýeňsin ogul dil bilen däl iş bilen
Seňkä görä has ýitiräk huş bilen
Aýak dälde parasatly baş bilen
Ýeňse ogul gözüň rahat ýumup git
Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna
Bir aglapdyň indi bir aglama
Öz balaňy eliň bilen jaýlama
Nobatyňda mele ýere siňip git
Dünýä gelmegiňde nobaty ýagşy
Ýene ölmegiňde nobaty ýagşy
Men diňe birzatda nobata garşy
Dost öýünde islän çagyň bolup git
Başarsaň köplügiň içine garyş
Tanyşdan dost tutun ýatlardan tanyş
Ziguliň içinden gözleme durmuş
Köplük bilen awtobusa münip git
Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman
Ýary işçi bolsun ýarysy daýhan
Elbetde alymam şahyram höhman
Üýşip çaşyp çar tarapa eňip git
Şeýle dostlar bilen gezseň bir sellem
Ýetersiň iň uly matlaba çenlem
Gadamyň giden bar entekler elleň
Hol öňdele ýaş hakynda dymyp git
Haly wagtyň meňzemegiň pilime
Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme
Öçen wagtyň öýkünmegiň çilime
Içi közli ojar ýaly sönüp git
Ýene bir söz,nygtalmak dal ,öwit dal
Mazaryňa daş oturtmak sargyt däl
Mele ýeriň astyndada daş gyt dal
Bakylyk şol şo daşlara siňip git
soňky setirleri gaty täsirli setirler
-
Nechka94
14 years ago
- ÖMRÜME PENT
Şahyr şahyrlygyň çyn bolýan bolsa
Sönüp ýanyp ýene sönüp ýanyp git
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa
Gara ýere çümüp çykyp çümüp git
Hem akyl ber hem iliňden akyl al
Kitapdan däl gara ýerden nakyl al
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al
Soň ýenede ýeriň süýdün emip git
Dag ýoluna çöl ýoluna belet bol
Dag ýolunda çat açmaýan polat bol
Çöl ýolunda tirkeş tirkeş bulut bol
Teşne görseň dodagyna damyp git
Ýol agyrdyr müň ýanylar öçüler
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler
Ýene ýygna şaglap gelse geçiler
Sen öküz dek ýele garşy zyňyp git
Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al
Ylgap baryp saglyk bilen erki al
Ýany bilen çuwal çuwal gülki al
Soň tapylar galan zady zyňyp git
Dost paýlansa äber diýip gysganma
Alaňdan soň gysgaltma hem gysganma
Dileg etse gözleriňide gysganma
Birin berde biri bilen oňup git
Ha çaryk geý, ha çokaý geý ,telpek geý
Parhy ýokdur geýseň bolar erkek deý
Ýone welin şyppyllama çepek deý
Aýna gonuşly ädik ýaly doňup git
Sorosaň aýdaýyn kyýamat nedir
Erkekler oglasa kyýamat şodur
Her başy telpekläp goýmagyn gadyr
Bäş telpegi bir gyňaja daňyp git
Gözelligi sor bagryňa öýkeniňe
Söýülseň söý söýülmeseň sükenme
Söýgide goşgydyr kişä öýkinme
Öz möhrüňi öz köziňi goýup git
Ýeňip ýaşa ahyrda ýeň başda ýeň
Tomusda ýeň ýazda,güýzde.gyşda ýeň
Söýgiňde ýeň,gaýgyňda ýeň, işde ýeň
Bir oguldan ýeňilip hem ýeňip git
Ýeňsin ogul dil bilen däl iş bilen
Seňkä görä has ýitiräk huş bilen
Aýak dälde parasatly baş bilen
Ýeňse ogul gözüň rahat ýumup git
Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna
Bir aglapdyň indi bir aglama
Öz balaňy eliň bilen jaýlama
Nobatyňda mele ýere siňip git
Dünýä gelmegiňde nobaty ýagşy
Ýene ölmegiňde nobaty ýagşy
Men diňe birzatda nobata garşy
Dost öýünde islän çagyň bolup git
Başarsaň köplügiň içine garyş
Tanyşdan dost tutun ýatlardan tanyş
Ziguliň içinden gözleme durmuş
Köplük bilen awtobusa münip git
Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman
Ýary işçi bolsun ýarysy daýhan
Elbetde alymam şahyram höhman
Üýşip çaşyp çar tarapa eňip git
Şeýle dostlar bilen gezseň bir sellem
Ýetersiň iň uly matlaba çenlem
Gadamyň giden bar entekler elleň
Hol öňdele ýaş hakynda dymyp git
Haly wagtyň meňzemegiň pilime
Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme
Öçen wagtyň öýkünmegiň çilime
Içi közli ojar ýaly sönüp git
Ýene bir söz,nygtalmak dal ,öwit dal
Mazaryňa daş oturtmak sargyt däl
Mele ýeriň astyndada daş gyt dal
Bakylyk şol şo daşlara siňip git
soňky setirleri gaty täsirli setirler
-
Nechka94
14 years ago
- kop durtaýdim öýtýän
-
hallboy
14 years ago
- Ay bu goshgylary näche okasañam az. 6 klass wagtym ömrüme pent goshgyny sungat bayramynda yatdan aydyp 1-oruny alypdym. Häzir sho döwürlerim yadyma düshdi
-
Goool
14 years ago
- Super goshgular! www.turkmenedebiyaty.com
Girip gorüñ, gowy gosgular bar
Nechka94 14 years ago- WESÝETLER BOÝUNÇA
Çagakak aglamak utaýç diýdiler
Jahylkak allamak utanç diydiler
Şeýdip endik etdik aglamazlyga
Şeýdip endik etdik allamazlyga
Diýdiler köplükde gägirmek aýyp
Diýdiler köçede sygyrmak aýyp
Diýdiler meýlisde geçmäkäň töre
Hakyň bamy törüň özünden sora
Ýenede diýdiler ulamy kiçä
Öljegiňi bilseňde ýalbarma kişä
Diňe bir adama ýalbar diýdiler
Onuňam adyna Dilber diýdiler
Aýyp däl näzin çekmek diýdiler
Näzden ýüzün sowan akmak diýdiler
Ýene iki merde ýalbarmak bolar
Diýdiler enedir atadyr olar
Ataňa ýalbarsaň galkynar ruhy
Eneňe ýalbarsaň kemeler ahy
Kim etse şolara tagzym diýdiler
Işi rowaç ýaşy uzyn diýdiler
Ýene kän edepleň tutdylar adyn
Diýdiler gabanma özgäň şöhradyn
Gabanma zehiniň ezenligini
Gabanma öz joraň gözelligini
Gabanma öz äriň gerçekligini
Gabanma öz gelniň alçaklygyny
Ne näzlerin nede sözlerin gaban
Diňe oýnaklatsa gözlerin gaban
Diýdiler erkekden belentdir aýal
O name üçin diýip berdiler sowal
Jogabyn berdiler gutaryp ömrüň
Ýagty dünýa bilen hoşlaşsaň bir gün
Aýal är ojagyny haklar diýdiler
Söýgiňi müň kerem haklar diýdiler
Çagalaryn iýdir geýdir diýdiler
Şeýdip ýaş ömrüni köýdir diýdiler
Emma beýdip bilmez erkek diýdiler
Bu babatda pesdir erkek diýdiler
Altmyşdan, ýetmişden geçsede saly
Gözlerin ýumdymy eziz aýaly
Ýatdan çykyp wepa ygrar diýdiler
Ikinjiň gözlegine ylgar diýdiler
Diýdiler, diýdiler, diýdiler kän zat
Käbiri aňsat köpüsi kyn zat
Aňsadyn hemmeler başar diýdiler
Kynyn başarmakda iş bar diýdiler
Kynam bolsa şudur wesýet diýdiler
Dine kyn zat şol mukaddes diýdiler
(Kerim Gurbannepesow)
Kyn zadam durmuşda bagytly bolmak şonuň üçinem ähliňize bagtly bolmagy arzuw edýän