Sen her gün hakda şeýle pikir et!
Säher bilen sag-aman ören bolsaň, garaňky agşamyň aladasyna baş agyrtma.
Sen diňe şu günüňi bilip ýaşa. Haýry-şeri geçip giden düýn barada hem, heniz
gelmedik ertir hakda hem agyr oýlara batma. Bu gün seniň üçin dogdy. Bu gündiz
seniň üçin ýagtyldy. Sen bir günlük ömür berlen adam mysaly hereket et. Şu
günde bitirjek işleriňi ebedilik durmuşyň maýasy hökmünde gör. Sen şu gün bilen
dogulmaly, şu gün bilenem ýaşamaly, şonda seniň durmuşyň geçmişiň galagolply
gyk-wagyna, gaýgysyna, gamyna büdremez. Geljegiň howsalalay göz öňüne
getirmelerinden, gorkuly salgymlaryndan, heniz bolmadyk we aslynda hem
bolmajak ýasama tümlüklerinden dowla düşmez. Diňe şu günüň üçin yhlas et!
Sebäbi bu gün seniň üçin! Bu seniň günüň! Ähli hyýalyňy, ünsüňi, oýlap
tapyjylygyňy, pikirleriňi, aň zähmetiňi we yhlasyňy diňe şu günüňe gönükdir. Sen
hut şu gün üçin hökman namazyňy köňlüň bilen berlip oka, kitabyňy düşünip we
amal edip oka, çuňňur oýlan, ýüregiňi dolduryp zikir et. Işleriňde sazlaşygy sakla,
ýagşy gylykly we kysmatyňa razy bol, geýim-gejimiňe üns ber, bedeniň
sagdynlygyny sakla, köpe bähbitli işiň başyny tut.
Seniň ýaşaýan şu günüň seniň günüňdir. Sen bu günüň sagatlaryny bölüşdir.
Onuň minutlaryndan ýyllary, sekuntlaryndan aýlary ýasa. Bu günde ýagşylyk
tohumlaryny ek. Abraýly işleri ornaşdyr, sogaply amallary ýola goý, haýyr işi
ugrukdyr. Şu gün günäleriň ötülmegini dile. Perwerdigäriňi ýatla. Gozganmaga,
hereket etmäge, çynlakaý işlemäge taýýarlan. Şu günüňi şatlykly we şadyýan,
asudalykda we arkaýynlykda geçir. Şu günki rysgyňa razy bol. Ýanýoldaşyň,
çagalaryň, wezipäň, öýüň üçin, ylmyň we ýeten derejäň üçin şükür et ­ Allanyň
sözleri ýadyňda bolsun: "Berenlerimi al we şükür et". Sen bu güni gaýgy-gamsyz,
darykmasyz, öýke-kinesiz, ýaramaz niýetsiz we göriplik etmän geçir.
Sen ýüregiň törüne, kalbyň tagtasyna, hatda oturýan stoluňa hem bir bölek
jümläni ýaz "Bu gün seniň bagtly günüňdir". Sen şu gün mele-myssyk çöregi iýýän
bolsaň, düýn iýlen gaty çörek nädip zelel bersin ýa-da gelerine garaşylýan, ýöne
heniz gelmedik ertiriň çöregi zyýan edip bilermi? Eger şu gün ýakymly, ýokumly
we dury suw içýän bolsaň, näme üçin düýnki günüň duzly, läbik suwuny ýatlap,
birahat boljak ýörjek? Ýa-da ertiriň gyzgyn suwuny göz öňüne getirip, örtenjek
oturjak?!
Sen bu polat, gaýduwsyz, çydamly, dözümli erkiňe ýüregiň bilen ynansaň,
"Ol bagtly güne çenli ýaşap bilmerin" diýen batyl garaýşy dyza çökerersiň. Şol
pursatda şu günüň her bir pursadyny öz dünýäňi gurmagyň, özlügiňi berkitmegiň,
ukyp-zehiniňi ösdürmegiň, ruhuňy taplamagyň, nebsiňi päklemegiň ugruna bagyş
edersiň. Her pursady netijeli ulanmaga çalşarsyň. Sen özüňe aýt: "Gel, şü gün:
gowy we ýakymly gürlemäge endik edeýin, paýyş sözleri dilime almaýyn,
çylkasyz gürlemäýin, sögünmäýin, gybat etmäýin. Gel şu günlükçe: öýümi we iş
stolumy tertibe salaýyn. Özüme agram salmazdan, duýgularymda büdremezden, şu
günüň işlerini höwes bilen ýerine ýetireýin. Bu nyzamlylyk we tertiplilikdir. Men
diňe şu günüm üçin ýaşaýyn! Şu gün ýuwunaýyn, bedenimi arassalaýyn, özüme
seredeýin, üstüme serenjam, syratyma üns bereýin. Ýöreýşimde, gürleýşimde, her
bir hereketlerimde sazlaşygy, sypaýylygy we syrdamlylygy saklaýyn.
Diňe şu gün üçin Perwedigärimiň tagaty üçin yhlas bilen ybadat edeýin.
Borçlarymy (namazlarymy) kämil we doly ýerine ýetireýin. Nepil namazlaryny
hem okaýyn. Kurana berileýin. Kitaplaryma göz aýlaýyn. Gymmatly
maglumatlary belläp alaýyn. Peýdaly kitaplary okaýyn.
Diňe şu gün üçin ýaşamaly bolsa, goý şeýdeýin. Gel, şu gün ýüregime
mertebe nahallaryny oturdyp, haýyr hasylyny gämikledeýin. Ol ýerdäki şer
daragtyny we onuň ulumsylyk, özüňe göwnüýetijilik, ikiýüzlülik, göriplik,
kineçillik, içi kitüwlilik, gözboýagçylyk, zannyýamanlyk ýaly tikenli şahalaryny
köki bilen sogrup çykaýyn.
Men şu gün özgelere peýda bermek, ýagşylyk etmek üçin ýaşaýyn. Her kese
haýyr-yhsan, gözel işler edeýin. Syrkaw-hassalaryň halyny soraýyn. Kazasy
dolanlaryň, jynazasyna görüneýin. Azaşanlara ýol görkezeýin. Açlary doýraýyn.
Gaýgyly adamlary gaýgysyndan açaýyn. Naçar-mazlum bilen bile duraýyn. Ejize
şepagat edeýin. Agyr güne uçranlara duýgudaşlyk, teselli bereýin. Alymlary
hormatlaýyn. Kiçilere rehim edeýin, ululary sylaýyn.
Diňe şu gün üçin ynam bilen ýaşaýyn, diňe şu gün üçin yhlas edip işläýin.
Eý ötüp giden, tamamlanan, ýok bolan geçmiş. Sen şol batan günüň ýaly
bolup meniň dünýämden, aladalarymyň arasyndan aýrylyp ötägit. Men seniň üçin
aglamaryn, gideniňe gözýaş dökmerin. Mundan soň seni ýatlap durandygymy bir
gezegem görmersiň. Sebäbi sen bizi taşlap, bizi terk edip, bizden uzaklaşyp gitdiň
we biziň ýanymyza indi ömyralla hem gaýdyp gelmersiň.
Eý gelejek! Sen heniz gaýyp älemde, men hyýaly arzuwlar we garabasma
düýşler bilen iş salyşmaýaryn. Men özümi heniz bolmadyk, belki-de, asla bolmajak
gorkulara, howsalalara eýeletmerin. Men heniz ýaradylmadyk zatlary tapmaga,
almaga howlukmaryn. Sebäbi ol heniz ýaradylmadyk zat, ol entek aslynda ýok we
hiç ýerde ýatlanylmaýan zatdyr.
Şu gün seniň günüňdir, eý ynsan! Durmuşy hakyky öz ajaýyplygynda we
gözelliginde görmek isleýän adamyň bagtyýarlyk sözlügindäki iň owadan jümleler
şular bolmalydyr: Bu gün seniň günüňdir! Sen ony diňe gowulyk we gözellik bilen
ötür! Diňe şu günüň üçin yhlas et, çünki bütin gelejek her günki "şu günlerden"
ybaratdyr.
Taýarlan: Arslan Alaýew

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir