Şükür etmegiň manysy: Dabanyňdan depäňe çenli Allanyň beren
nygmatlaryna çümüp oturan bolsaň, bu nygmatlary bereniň Alladygyny ýadyňdan
çykarmazlykdyr.
Siz Ýaradanyň beren nygmatlaryny sanap, soňuna ýetip bilmersiňiz: beden
saglygy, ýurt asudalygy, saçagyňda iýip-içgiň, süňňüňde egin örtgüň barlygy, dem
alara howa, ganara suw tapdyrýan bolsa, dünýäniň wajyp nygmaty seniň eliňde
eken, sen bolsa bu zatlary duýmaýarsyň. Sen ýaşap ýörsüň, ýöne özüňde bar
zadyň gymmatyny bilmeýärsiň, "Allatagala sizi aýdyň we pynhan nygmatlar bilen
bezedi: iki gözüň bar, bir diliň, iki dodagyň bar, iki eliň, iki aýagyň bar - "Siz
Allanyň beren haýsy nygmatyny inkär etjek (görmejek) bolýarsyňyz?". Aýaklaryň
bilen ýöräp gidibermek aňsat meselemi, kyn zat däldir, ýöne eger aýaksyz galan
bolsa, alajy näme? Tirsekleriňe daýanyp, garyňa galarsyň, eger gollaryň kesilen
bolsa näme? Sen dünýäni unudyp, gözleriňi ukudan gandyrýansyň, aladasy,
agyrysy başdan agyp, ukusy gözden uçanlar näme? Işdämenlik bilen iýýän
naharyň, ganyp içýän sowuk suwuň nygmat dälmi, ol ýerde duz dadyp bilmän,
dert-yza zerarly işdäsi tutulyp, bogazyndan bir damja suw geçmeýänler bar ahyry?!
Gulagyň eşidip duranlygyny ýadyňa sal, Alla seni kerlik, güňlük keselinden aman
saklap ýör. Gözüň görüp durandygy hakda pikir et, Alla seni körlük apatyndan
gorap ýör. Sagdyn süňňüňe seret, Alla seni pislikden, heýwereden abat saklap ýör.
Akyl-huşuňa, aňyňa göz aýla, Alla seni öz akylyňda, öz aýagyňda saklaýar, däli-
mejnun, akylyndan azaşan etmändir ahyry.
Bir gözüňe derek daglar ýaly altyn hödürleseler çalşarmydyň? Eşidiş ukybyňa
derek gowak doly kümüş teklip etseler satarmydyň? Diliňe derek bag-bossanly,
gül-çemenli köşkleri satyn alyp, lal galasyň gelermi? Gatbar-gatbar merjen
monjuklara, dür dänelerine derek golak galasyň gelermi? Sen şeýle bir bol-telki
nygmatyň, jan saglygynyň içinde ýaşaýarsyň, ýöne bu zatlara ähmiýet
bermeýärsiň. Elmydama aladaly, ünjüli, gaýgy-gamly, tukat gezip ýörsüň.
Saçagyňda ýyljak çörek, howzuňda sowuk suw, düşegiňde rahat uky, süňňüňde
saglyk barka, özüňde ýok ýa-da elden gideren zatlaryň hakda uly pikir edip,
özüňde bar zatlar üçin şükür etmeýärsiň. Eliňde bagtyň açary, haýyrly işleri
bitirmäge ukybyň, akylyň, Alla tarapyndan berlen zehiniň we ýene-de bähbitli
birnäçe zatlar barka, maddy ýitgiler üçin ynjalykdan gaçýarsyň. Pikir et we şükür
et! "Hatda özüňizde hem bihasap nygmatlar bardyr, siz ony henizem göreňzokmy,
duýaňzokmy?". Özüň hakda, maşgalaň, çagalaryň, öýüň, iş-amalyň, saglygyň,
dostlaryň, töweregiňde öz dünýäň barlygyny akylyňa aýla we şükür et! "Allanyň
nygmatlaryny bilip, soňra ony unudýan" adamlardan bolma!.
Taýarlan: Arslan Alaýew