Garybyñ ýanynda puldan söz açyp
Öwünüp mes bolup kemin gözleme
Baýlyk garyplygam Allañ peşgeşi
Gopbansyrap baýlygyndan sözleme
Ýolda yzda duşaýsañ eger hassa
Bedeninden sagat yerin gözleme
Özüñden söz açyp ulydan uly
Sagdyn diyip saglygyñdan sözleme
Perzent dowamatdyr adama dowam
Çagasyzdan ogul-gyzyn gözleme
Zürýatsyza çagalaryñy öwüp
Meñkiler şeýleräk diýip sözleme
Ýetimiñ ýanynda söz açsañ eger
Doldurup bolmajak zatlar gözleme
Ene-atañ orny hiç haçan dolmaz
Kemsinmesin olar hakda sözleme
Jeksparro 3 years ago- ++