Tomus gününiň öýläni bolsada men şeýle bir üşäp başladym.gözümiň öňünde nämedir bir zatlar gaýmalaýardy.asyl üşäýşimden ýaňa, seniň maňa durmuşa çykyp bilmejekdigiň bilen baglanyşykly hatyn hem agralyp elimden gaçarly göründi.
   Asman zemin garpyşdy,töwerek boşap galdy, bütin dünýäde ýeke-täk bir özüm galdym.Ýaşaýyş gutardy,saralyp galan dünýäde hiç bir zat görünmedi.Meni ýekelik gaplap aldy.Ýöremäge ne ýol galdy ne-de ýoda. Indi näme etmeli, nireden ýol saýlamaly hemme zat kerebe çolaşan boldy.
  Daýy sizden gaçdy diýip bir oglanjyk ýere gaçan hatly kagyzymy elime uzadanda ukudan oýanan ýaly bolup aýňaldym daýanyp duran ýeke aýagym ýadapdyr pişegime söýenip gapdaldaky oturgyçda oturdym. Ýene soňzuz pikirler meni gaplap aldy. Öz ýüregine iň ýakyn bolan adamdan şeýle haty almak nähili erbet bolýar. Gerek bolsa meniň üçin şirin janyndan geçmäge taýýar gyza näme boldy.iki ýyl garaşdyň dogry indi toý tutmagymyza wagt az galdy hemme zat tersine boldy duruberdi,eger şol wagt batly gelýän maşynyň öňünden seni ylgap baryp iteklemedik bolsam nähili bolardy,göz öňume gelenok. Sen bolsa telefonyňda bir zatlar ýazyp uly ýola gireniňi hem bilenokdyň.
Näme üçin ol Indi meni söýmeli ýogsa-da seni kakmaly maşyn meniň bir aýagymy aldy. Bitin bolup ýarty adamy söýmelimi ýok beýle zat bolmaz men öýke hem etmäýin.sebabi seniň aýaksyz bolsaň hem barjak diýen wada ýok.
Ondan bäri köp ýyl geçdi meniň bagtym açylyp öýlendim hudaýa şükür ykbaldan nägile däl.öz başarýan işim boýunça işleýän öýe gelsem çagalarym gujagymda

Edebiýat, Aristokratka_a tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir