Iň gowy blog nähili ýazylmaly?

Salam hormatly saýt agzalary we myhmanlary! Her bir bloga şu söz bilen başlamagy halaýan. Elbetde ýazmasamam BISMILLÄHIERRAMANIRRAHYM diýýän. Sebäbi salam Allanyň ady. Indi başdan akyl satyp oturmaýynda blogymy ýazyp başlaýyn.Ine men ilkinji temamy " Iň gowy blog nähili ýazylmaly?" diýip başlamak isledim.
Blog ýazmak barada meniň hem üýtgeşik bilýän zadym ýok ýöne bilenjelerimi siziň bilen paýlaşmak isledim. "Blog " sözüni ýönekeý dilde " Gündelik " diýip düşündirse bolar. "Blogger" bolsa " Gündelikçi,gündelik ýazýan" diýmek bolýar. Elbetde gündelige nämeler ýazylýan bolsa bloglara hem şol zatlary ýazybermeli. Gündelik bolan wakalary, ýakymly ýatlamalary, arzuwlyňy, durmuşda bolup geçen täsin, gyzykly wakalary garaz näme barada ýazasyň gelse ýazybermeli. Bloggeriň iň eý görýän zady ýazmak bolmaly . Elbetde esasy zat ýazmak. " Suw akar daş galar" diýlişi ýaly gowy bloglary halk saýlaýar.Ýazjak bolsaň hem özüňi gaty erkin duýup öz duýgylaryňy erkin beýan etmeli, erkin ýazmaly. Haýsydyr bir düşünjä eýerip ýa-da haýsydyr bir adama meňzäp ýazjak bolmak biredeklik. 3-4 ýyl bäri saýt açmak bilen gyzyklanýan we geçen ýyl alaşyp wpmavi.com saýtyna düşdüm. Ynanyň bular ýaly blog saýty öň gabat gelmändim. Ine hakyky bloggeriň bloglary. Ol saýtda wordpress-den saýt açmak barada hemme zat ýazylypdyr. Hemme zat diýip ýalňyş ýazýandyryn öýtmäň ynanyň "HEMME ZAT" ýazylypdyr .Soňky oturyna, soňky nokadyna çenli . Ýagny meselem (düşündirmänede ýaltanýan dogrusy) "Wordpress -den saýt açmak . Başlangyç" atly bir bloga girýäň. Başyndan gysgaça düşündirişden başlaýar giňişleýin düşündirşe çenli hatda soňuna çenli okamana ýaltanýaňyz. Gaty köp wagt iş edinip ýazylan bloglar . Arasynda "Iň gowy wordpress temalary" ýa-da "iň arzan hosting firmalary" ýaly şol bloga degişli ýazan beýleki bloglarynada baglanşyk berýär. Elbetde suratly widioly düşündirişem bar. Ynanyň şonyň ýazan blogyny okap "düşünmedim" diýdirmeýär.
Ine hakyky bloggerleriň ýazýan bloglary. Men hem şolar ýaly blog ýazmak maksady bilen şu saýty açdym . Ýöne entek meniň geljegim ,görjegim iň gowy ýazjak bloglarym öňümde .

Hormatmak bilen : Gerçeknazar Amannazarow ,blogger(jik)

Çeşme : https://internet.7wk.ru/

Täzelikler, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir