Salam eziz doganlar, men uzyn wagt yzynda zar bolup, günüň nuruny telefonyň yşygyna çalyşyp gözlän käbir zadym bar. Mümkin bolsa kömek edäseňiz?🤗
1-Goçmyrat aganyň okan goşgylarynyň içinde öýkeleşeli diýip bardy. Ana şol wideo iň bolmanda audiasyny tapyp beräýseňiz ýa kimde sosýal ulgamlary bar bolsa şol ýerde Goçmyrat aga haýyş edip beräýseňiz?
2-Tamdyra boýum ýetenok… diýip bir liriki şygyr bolmaly. Şol goşgy halk döredijiligine mahsusmy ýa eýesi barmy? Asyl türkmen goşgymy ýa özbekmi? Hem kimiň ýadyna düşýän bolsa ýazaýyňda doly topbagy unutdym.
Minnetdar, hatda üstünden oýlanyp geçen bolsaňyzam🌿👏

Sorag-jogap, Lalehan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir