Adamzat dünýä inende onuň ýüreginde bir duýgy "meniň" duýgusy peýda bolýar.Meniň ejem,meniň doganym,meniň şokaladym....
Adam aň ýetirme ukuby arkaly özüne degişli we degişli bolmadyk predmetleri saýgaryp bilýär.Eger-de şolaryň arasynda "meniň" diýip biljek zatlar bar bolsa,onda awtomatik ýagdaýda gorag instinkti herekete gelýär.Meniň oýunjagym we men oýunjagymy goramaly,men oýunjagymy goramasam,ony başga çagalar alar.99% ýagdaýda adamlarda özüne degişli bolan predmetlere howp abananda,gorag instinkti peýda bolýar.Mysal üçin:Siziň eliňizdäki telefony nätanyş bir adam eliňizden kakyp alyp barýar,siz şol ýagdaý-da nähili hereket edýäňiz?Şol adamyň yzyndan sessiz garap galýarsyňyzmy ýa-da özüňize degişli bolan predmeti yzyna gaýtaryp almaga synanyşýaňyzmy?
Edil şonuň ýaly size degişli bolan köçä,oba,tirä,welaýata,döwlete hüjüm edýän adama garşy gorag instinkti ýüze çykýar.Hüjüm dürli ýagdaýda bolmagy mümkün,ýarag bilen,dil bilen,hereket bilen.Hat-da haýwanlaram özüne degişli bolan çagalaryny gorap bilýän ýagdaýda, akyl-huşly adam bolup,özüňize degişli hasap edýän zatlaryňyzy goramazlygyňyz mümkün?

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir