Samsung Electronics” kompaniýasy şu ýylyň ikinji çärýegi üçin maliýe hasabatyny çap etdi, oňa görä, kompaniýanyň girdejileriniň rekord derejede ýokarlanandygy belli boldy, ýagny görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 20 göterim ýokarlanyp, 55,6 millard dollara deň boldy.

Şunlukda kompaniýanyň sap girdejisi 73 göterim artyp, 8,4 millard dollara ýetdi. Kompaniýa bu ösüşiň esasy sebäbini soňky döwürde ýat kiçigurluşlarynyň satuwynyň artmagy hem-de olaryň nyrhynyň ýokarlanmagy bilen baglaýar.

Çeşme: turkmenistan.com

Täzelikler, Mr.WriTer tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir