Dul gezmekden yaman ish yok,
Bir yanyoldash alsam diydim
Parhy bolmaz garamy ak
Bir yassykdash bolsam diydim.

Ynha bir gun bagtym ishlap
Duçar boldum bir zenana
Habar gatdym hyrçym dishlap
"Yoldash bolsañ yor bu yana".

Taze tapan yarym bilen
Gol tutushyp oye geldim
Goya alma-narym bilen
Bir dushekde dem-dynç aldym.

Ertir turup, gozum açsam
Alma:da yok narymam yok
Sandykdaky puljagazym
Taze tapan yarymam yok.

Ynha meniñ tapan yarym
Bar zadymy alyp gitdi
Kim diñlejek ahy-zarym
Samsyklygymam bilip gitdi.

Edebiýat, soho tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir