Dünýäde her bir kişiniň on iki synasy sag bolup, mukaddes maşgalasyny özüne pena tutunyp bilmegi öçmejek bagtyň aýnadaky sudurymy-ka diýýän. Emma bu bagt ujypsyzja bolsa-da hemme kişä miýesser etmeýär eken. Şu ýerde sözüm gury bolmaz ýaly bir keç ykbally tanyş dostum hakynda gürrüň bermek isleýän. Onuň boý-syraty, tertibi, endigi tüýs özüňe görelde alaýmaly diýilýänlerdendi. Ýöne, ,, ýönesiz'' gowulyk bolmaz diýilişi ýaly, ol gepläp bilmeýärdi. Käwagtlar ol ýörite ýanyma gelip, gitarada saz çalyp bersem aýdym aýtjakdygyny özboluşly hereketler bilen düşündirýärdi. Çekýän derdiniň awusyndan datmasam-da, men onuň derdine düşünýärdim. Aýdyşy ýaly gitara çalýardym, ol bolsa düşnüksiz sesler bilen gygyryp, aýdyma hiňlenen bolýardy. Şeýle ýagdaýda aý-ýyllar ötdi, juwanlyk döwrümiz jahyllyk bosagasyna gadam urdy. Ýyllar kerweninde menem öz göwün söýen ýaryma duşdum. Lal dostum bolsa söýmekden göwni geçip, diňe meniň söýgime guwanmak bilen göwnüni hoşlaýardy. Ol her gün gelerdi-de maňa öz söýýän gyzyň barada gürrüň ber diýerdi. Ýöne, ine bir gün ol demi-demine ýetişmän, howlukmaç halda ýanyma geldi. Men birbada hiç zada düşünmedim. Az wagtdan ol jübüsinden el telefonyny çykardy-da, ,,Ol meni söýýär, dostum, menem indi bagtly bolaryn, ol meniň üçin ähli zada kaýyl, ýatsa-tursa meni ýatlaýar''- diýip çalt-çaltdan ýazdy. Lal dostum begenjinden uçaýjak bolýardy, emma men ondanam beter şatlyk donuna örtünipdim. Şol gün ol ilkinji duşuşyga gidipdi. Egnindäki gara penjegine serenjam berip, hoşamaý ysly atyr sepinip, uly ynam bilen ýola düşen ýigit örän tolgunýardy. Men oňa bagt diläp, dostluk goly bilen ellerini gysdym... 
Agşamyň agylynda ýyldyzlaryň alawlan çagy süýji ukuda ýatyrkam, dostum maňa sms ýazdy. Men her näçe sms-i okajak bolsamda ukymdan ejiz gelip, düşegimden galyp bilmedim. Ertesi daň saz berende ejem meni aýylganç sesi bilen oýardy.
- Oglum, tur oglum, dostuň... dostuň...
- Näme diýýäň, eje, gyz alyp gaçypdyrmy- men degişen bolup ýylgyrdym.
- Ol... özüne kast edipdir...
Şol pursat üstümden gaýnap duran suw guýlan ýaly boldy. Ýüregim çalt urup, agzymdan çykaýjak bolupdy. Men özüme erk edip bilmän gözümin ýaşyny ukudan dokunan garaklarymdan sil kimin akdyrmaga başladym. Birdenem, agşamky sms ýadyma düşüp, telefona ýapyşanymy duýman galdym. Haçanda sms açylanynda serimi duman gaplap alypdy... Ol sms-de şeýle sözler bardy:
,,Dostum, bu dünýäde maňa senden özge hiç bir kişi düşünip bilmedi. Sen meni her işiň gyrasyna baranymda bar güýjiň ýetdiginden goldadyň. Gijäniň bir wagty seni bimaza edýänim üçin bagyşla, çünki men öz ýüregimiň derdini paýlaşmasam hiç çydap bilemok... Ol gyz meniň laldygymy bilip, menden ýüz öwürdi. Ol meniň iň soňkuja umydymdy, ahyrky söýegimdi. Ýöne her näme bolsa-da men özümiň ol gyz ýaly ýalan sözäp bilmeýän lal ýigit bolup dogulanyma buýsanýaryn. Indi bolsa maňa hälden bäri işigimde asyp goýan syrtmakly ýüpüm garaşýar. Men iň bolmanda şoňa ynam baglap bilerin, ol meni taşlamaz... hoş gal, dostum. Eger seni ynjydan bolsam bagyşla!''

Hawa, kim oňa biwepalyk eden bolsa-da, berk düwülen syrtmakly ýüp oňa beren wadasynda durupdy.

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir