Bu eýýamda saňa beýik diýmezler
Dagyň depesine çykanyň bilen.
Ynanyň, şahyram bolup bolanok,
Diňe bir edebi lakamyň bilen.

Görgä goýup ýörmäň ýakyn-ýadyňy,
Özüňjik tap öz ýitiren zadyňy.
Il-gün saňa bermez pälwan adyny,
Özüňden ejizi ýykanyň bilen.

Dag däl-dä — bolmasa, dag göwresem bar,
Bagşy däl-dä — ýogsam ýetik sesem bar,
Bolasy ýok senden Mahmyt Esembaý,
Guwdurap bihada bökeniň bilen.

Ullakan däl zady ulaldyp bolmaz,
Aýdan-günden bölüp ýyl edip bolmaz.
Il-günüň göwresin ýyladyp bolmaz,
Ýol üstünde tezek ýakanyň bilen.

Daş depäňe gaçar ýokaryk atsaň,
Yzyňa göz aýla, öňe-de gitseň.
Kerwenbaşy bolmaz ahyr her keseden,
Boýnuna näçe jaň dakanyň bilen.

Bir agsagyň ile bildermez süri,
Çopan çaşy bolsa — şol ýaman ýeri.
Şunça yhlas edip dökseňem deri —
Depizde zat bitmez ekeniň bilen.



Berdinazar Hudaýnazarow

Edebiýat, sapalybegenjow000000 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir