Akyllylygam edil akmaklyk yaly adama tebigat tarapyndan berlen pay. Yone akyllylygyñ akyllylyk derejesini saklamak uçin alada etmeli, taplap durmaly. Akmaklyk welin aladasyny etmeseñem, oz derejesini yitirmeyar.

Akmaklyk bolmadyk bolsa akyllylygyñ derejesini olçar yaly dereje-de bolmazdy.

Dana adam akmak bilen jedelleshende akmaklyk derejesine çenli ashak dushmeli bolyar. Yone ol hem akmagyñ danalyk derejesine çenli goteriljek bolshundan yeñil dushmez.

Akyllynyñ akyllydygyna akyl yetirip bilmezlik ayyp dal. Onuñ bashartmazlygy hem mumkin. Yone akmagyñ akmaklygyna akyl yetiryan, gaty kan zat utduryarys.


Atajan Tagan (40 yylda yazylan kitap)

Bilim, soho tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir