Kabul edilen çaklmaalara görä Fales b.e.öň 620-nji ýyl töwerekleri Kiçi Aziýanyň /Anadolynyň/ günbataryndaky Milet şäherinde dünýä gelýär.
Falesiň ýaşan ýerleri hakynda kän bir maglumat ýok, ýöne çeşmelerde bolup geçen wakalaryň taryhy ýazgylarynyň kömegi bilen çaklap bilýäris. Geredotyň ýazmagyna görä Fales b.e.öňki 28-nji ýylda we 585-nji ýylyň maýynda Günüň tutulandygyny çaklapdyr. Laeritos Diogeniň Afinaly Apolloderustan ýazgy görnüşdäki beýanynda Fales 58-nji Olimpiýada döwürlerinde b.e.öňki 548-545-nji ýyllarda 78 ýaşynda dünýeden ötüpdir.
Laertius Diogeniň gözleglerine görä Falesiň ata-baba gelip çykyşy, asyl köki Sur şäheriniň Finikýaly mifologik şazadasy Kadmosa çenli uzaýan Eksamýes we Kleobuline baryp direýär.
Diogen soňra biri-biri bilen gabat gelýan gözlegleri orta goýýar. Ýagny Fales birine öýlenipdir we Kybisfus atly bir ogly bolupdyr, ýa-da şol Kybisfus atly ýegenini ogullyga alypdyr. Ikinji gözleglere görä bolsa hiç haçan öýlenmändir, ejesine bolsa öýlenmek üçin juda irdigine, garrap başlanyndan soň bolsa has garrandygyny, hiç kimiň gyz bermejekdigini aýdypdyr.
Has öňler Plutarh hekaýanyň şu wersiýasyny düşündirýär. Solon Falesi görmäge baranynda näme üçin sallah gezýändigini soraýar. Fales çaga-çugalaryň, maşgalanyň aladasyny etmegi halamaýandygyny aýdyp beripdir.
Birnäçe ýyl soň bolsa, maşgala gurmak üçin ýegeni Kybisfusy ogullyga alypdyr.
Fales täzeçilligi bilen birnäçe zatlaryň üstüni açypdyr. Käbirleri hiç ýazgyly çeşme galdyrmandygyny, ýa-da tapylmaýandygyny aýdýarlar, käbirleri bolsa ''Gündogmagy we Ekinoksyň üstünde'' atly eser galdyrypdyr. Oňa degişli hiç bir çeşme biziň döwrümize çenli gelip ýetmändir.
Laertios Diogen Falesiň iki hatyndan alyndy görkezýär. Biri Ferekidese din bilen baglanyşykly ýazan kitaby gözden geçirmegi üçin ýazan haty, beýlekisi bolsa Solona Afinada ýoldaş bolmak üçin ýazan haty bardyr. Fales Miletlileri Afinaly koloniýaçylardan galan diýip hasaplaýar.
Falesden öň Grekler Hemme zadyň ýaradylyşyny we dünýä ugrunda goýulan maddasyny; Mif, Taňrylar we gahrymanlar bilen baglanyşdyryp aýdyp bererdiler. Ýer ýüzündäki Ýaradylyş /Ýer titremeler, şemal we ş.m./ Taňrylar bilen badaşdyrylýardy.
Fales hem suwy esasy madda hökmünde düşünip, hemem Ýaradylyş we Döreýiş wakalaryny birleşdirip açyklaýar. Döreýiş wakalarynyň sebäplerini adam şekilli Taňrylardan beter Döreýişiň içinde gözlegleri edipdir. Mifiki açyklamalar bilen bolup biläýjek zatlaryň arasynda köpri gurýar. Falesden soň okuwçylary Anaksimandros we Anaksimenes hem şol bir okuwy dowam etdirýärler.
Her zadyň Taňrylar bilen doly bolandygyny ynanypdyr diýlip çak edilýär. Onuň pikiriçe Dünýäde Taňryçyllyk bolmazdan hiç bir zat ýok diýip bildirýär. Taňryçyllyk güýji daşdaky çekme kuwwaty ýaly durmuşyň güýji /ruh/ hökmünde ýorumlanypdyr /Käbirleri ruhuň ölümsiz bolýandygyny aýdan ilkinji kişi Falesdir/.
''Suw her bir zadyň sebäbidir''
Fales maddanyň ilkinji çeşmesi suwy esas edipdir. Ilkinji dörän suw bolandygy üçin topragyň suw üstündedigini dünýäniň padnos ýaly bir zatdygyny we suwuň üstünde ýüzýändigini aýdypdyr /Dünýä gämi ýaly hereket edýär we suwuň joşmagy bilen gämide sarsgynlar bolup geçýär diýip adamlar hasaplapdyrlar/.
Geredotyň we Ewdemosyň pikiriçe b.e.öňki 585-nji ýylyň 28-nji maýynda bolup geçen Gün tutulmasyny öňünden hasaplap habar beripdir.
Bu hasaby ylmy güýji bilen hasaplaman Wawilona syýahat eden wagty we şol wagtlarda edinen maglumatlardan peýdalandygy çak edilýär.
Astronomiýa ýykgyn edip, Günüň dönüşini öňünden hasaplap bilen astronomdyr.
Falesiň bir külbeden, deňizdäki gämileriň uzaklyklaryny geometrik usul bilen hasaplap bilip bolýandygyny aýdypdyr. Kölegämiziň kömegi bilen biziň näçe santimetr uzynlykda bolýandygymyzy hasaplapdyr.
Nil derýasynyň ulalmagynyň şemal bilen baglanyşykly bolýandygyny hem açypdyr.
Matematika ylmynda çygyrlary açan Falesdir. Gadymy grek alymlaryndan Kallimakhosyň gözlän bir düşünjelerine görä deňizçilere demirgazyk toparly ýyldyzlaryndan Uly aýynyň ýerine Kiçi aýa seredip ýol ugruny hasaplamagy öwredipdir.
Müsürlilerden Geometriýany öwrenip greklere öwredipdir.
Peýdalanylan edebiýatlar:

1. J Longrigg, Biography in Dictionary of Scientific Biography (New York 1970-1990)

2. Lawson, Russell. "Science in the Ancient World: An Encyclopedia

3. Frisinger, H. (1971). meteorology before Aristotle. Bulletin of the American meteorological society, 52(11), ss. 1078-1081, Makala.

4. http://www.iep.utm.edu/t/thales.htm

5. http://en.wikipedia.org/wiki/Thales

6.http://plato.stanford.edu/entries/presocratics/#Mil

7.http://www.mathopenref.com/thales.html

8.http://www.philosophy.gr/presocratics/thales.htm

9. http://www.iep.utm.edu/t/thales.htm




Terjime eden: Jeksparro

Bilim, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir