Namart öýünde gabarlar,
Bir zerre ýakmaz iş bolsa;
Özüni bilmez, göterler,
Eger on öýe baş bolsa.

Öýde bolar gyňyr kişi,
Çöle çyksa, köp teşwüşi,
Namardyň edejek işi —
Saklar, gorkusyz goş bolsa.

Namart owal öýden gitmez,
Eger gitse, goşdan ötmez,
Goç ýigit hergiz gaýytmaz,
Döndermez ýüz, müň baş bolsa.

Namartlar sözün zikr eder,
Gitdikçe özi pikir eder,
Hudaga ýüz müň şükr eder,
Duşman arasy daş bolsa.

Namartlaryň huşy göçer,
Lebi gurar, gany gaçar,
Goç ýigitler serden geçer,
Güýçli ganyma duş bolsa.

Namart şonda ýere döner,
Güwşi salyk hara döner,
Goç ýigitler şire döner,
Şol meýdanda söweş bolsa.

Zelili diýr, muhannesler,
Ýow görse, titrär namartlar,
Mestana ýöreýip mertler,
Islär, günde döwüş bolsa.



Gurbandurdy ZELILI

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir