Häzirki wagtda Parižiň alamaty hökmünde dünýä meşhur bolan Gýustaw Eýfeliň bu diňini ilkibada ykrar hem etmändirler. Fransiýanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary oňa biderek zat hökmünde seredipdirler. Ýöne tiz wagtdan onuň şöhraty diňe Pariže ýa Fransiýa sygmandyr. Ol dünýäni aňk edip başlapdyr.

Bu diň 1889-njy ýylda Beýik rewolýusiýanyň 100ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Bütindünýä sergisine gabatlap dikeldildi. Dünýäniň hiç bir ýerinde entek görülmegik bu gurluşygy dikeltmek bilen Üçünji respublikanyň hökümeti öz döwürdeşlerini haýran galdyrmagy karar etdi. Gizedäki uly piramydanyň beýikligi 146 metre ýetýär. Kýölndäki ybadathananyň boýy 159 metr, Pariždäki Bütindünýä sergisiniň öň ýanynda beýiklik rekordyny Waşingtondaky obelisk (beýik daş sütün) eýeledi, onuň boýy 175 metrdir. Ýöne Gýustaw Aleksandr Eýfel 300 metrlik demir diňiň taslamasyny hödürläpdir. Ol şol wagta çenli adam eli bilen gurlan ähli desgalaryň beýikligini ýetip geçip, rekord goýmagy maksat edinýärdi.

Gýustaw Eýfel özüniň öňki gurluşyklarynda toplan tejribesine daýanyp, şeýle beýik binanyň taslamasyny teklip edende hiç bir zatdan çekinmändir. Bütindünýä sergisine taýýarlyk işleriniň başynda girdejililigi şübheli bolan bu gymmatbahaly binany dikeltmek üçin iň amatly pursat döredi. Adatça, täjirçilik dünýäsinde diňe hökmany peýda getirjegi görnüp duran kärhanalara pul goýulýar. Bu binadan girdeji diňe sergä gelýänlerden, soňra bolsa syýahatçylardan garaşylýardy.

Ýöne bu diň asyl-ha gurulmasa gurulmazdam. Çünki ol hakdaky dürli hili bulaşdyrylan maglumatlaryň metbugatda peýda bolmagy Parižiň ýaşaýjylaryny howatyrlandyrypdy. Entek Eýfel öz işdeş ýoldaşlary bilen diňiň bölekleriniň taslamasynyň üstünde işleýärkä serginiň direktory Alfandyň adyna sungat işgärleriniň bir topary «Sungat işgärleri Eýfel diňine garşy» atly manifest bilen ýüzlendi. Onda şeýle sözler bardy: «Biz — ýazyjylar, hudožnikler, skulptorlar, arhitektorlar — Parižiň öňki owadanlygynyň ölermen aşyklary fransuz milliliginiň, sungatynyň we taryhynyň hatyrasyna şol taslama garşy çykýarys we biziň gözel paýtagtymyzyň edil merkezinde betnyşan we peýdasyz Eýfel diňiniň dikeldilmegi hakyndaky taslama özümiziň güýçli gahar-gazabymyzy bildirýäris… Şu wagta çenli Pariži owadanlykda dünýäde başga bir taýy bolmadyk şäher hökmünde tanalýandygyny we dünýäniň ähli künjegindäki adamlar-da gelip görmäge höwes döredýändigini we haýran galdyryandygyny hemmeleriň eşider ýaly edip aýtmaga biziň hakymyz bar… Emma, hatda täjirçiligiň iň ösen ýurdy Amerikanyň hem boýun gaçyran Eýfel diňi, gürrüňsiz, Parižiň öňki abraýyny döker. Daşary ýurtlular biziň üstümizden gülmäge hukuk gazanarlar… Köp ýyllaryň dowamynda, edil syýa daman ýaly, şäherimize ýigrenji diňden ýigrenji saýa düşer durar».

Alfand bu resmi kagyzy, aýdylyşy ýaly, «çekerine taşlap goýupdyr». Eýfel bolsa «Tan» gazetine interwýu berip, özüne edilýän «hüjüme» «gaýtawul» berýärdi. Şol bir wagtda Marsaw meýdançasynda işler başlanypdy. Onuň binýady goýulýarka Senanyň derejesin-den 5 metrçuňlukdan başlanan, 10 metr galyňlykdaky bloklar goýuldy. Çünki onuň berk durjakdygyna başga bir zat bilen kepil geçip boljak däldi, diňiň aýaklarynyň durjak dört binýadyň hersinde ýük göterijiligi 800 tonna bolan gidrawliki pressler oturdyldy. Olar taslama agyrlygy 500 tonna bolan diňiň dikligini takyklamaga niýetlenendir.

Diňi ýygnamak üçin 1200 sany düzüm bölegi gerek bolupdyr. Onuň üç sany serediş meýdançasy — platformasy bar, iň aşaky meýdança 60 metr belentlikde, ikinjisi 140 metr, üçünjisi 275 metr belentlikdedir. Köp adam göterýän bäş lift göz öňünde tutulandyr. Olaryň dördüsi her aýagyň içi bilen ikinji meýdança çenli barypdyr. Bäşinji lift bolsa ikinji platformadan üçünji platforma çenli barypdyr. llkibaşda liftler gidrawliki usul bilen işleýärdi, ýöne XX asyryň başlarynda olar elektrikleşdirildi.

Ortasynda uly boşlugyň barlygyna seretmezden, birinji platformanyň peýdaly meýdany 4000 inedördül metre barabardyr. Ikinji platformanyň meýdany 1400 inedördül metrdir. Üçünji platforma inedördül görnüşde bolup, onuň her tarapy 18 metrdir. Ol iki gatdan durýar, onuň bir gaty aýna bilen ýapylan, beýleki gaty açykdyr. Diňiň in ýokarky, takmynan, 50 metr beýikligi bolan maýakly bölegi üçünji platformadan, ýagny 275 metr belentlikden başlanýar (Şonlukda diňiň beýikligi 325 metrdir). Ol bu ýerde kiçijik bolup görünýär, ýöne ony şäheriň bir künjeginde ýerde goýsaň welin, gaty beýik diň bolardy. Üçünji platformanyň ýokarsynda uly bolmadyk laboratoriýa bar, ol hut Eýfeliň özi üçin niýetlenipdir, ondan ýokarda kiçijik serediş meýdançajygy bar, maýagyň çyralary hem şonuň aşagynda ýerleşýär.

Ýyllaryň geçmegi bilen döredijilik intelligensiýasynyň çykyşlary yzda galdy, ýatdan çykdy. Diňiň iň bir otlukly garşydaşlarynyň biri Gi de Mopassan soňra bu ýerde köňlüniň rahatlygyny tapypdyr, onuň restoranynda naharlanmagy gowy görüpdir.

Soňlugy bilen Eýfeliň diňine diňe bir öwrenişmän, eýsem, ony gowy gördüler. Ýöne welin, 1900-nji ýyllarda ony tas söküp aýrypdylar, ony radionyň döremegi halas etdi. Ol radioalypeşitdirişler, soňra telewideniýe we radar gullugy üçin anten bolup hem hyzmat etdi. P.Pikasso, A.Marke, Utrillo ýaly hudožnikler bu demir täsinliginiň ajaýyp suratyny çekdiler, Apolliner, Prewo, W.Maýakowskiý, Ž.Kokto ýaly şahyrlar ony goşgularynda wasp etdi. Ž.Kokto ony «Parižiň koroly» diýip atlandyrdy.

Täzelikler, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir