Bu ― oňa Aksoltanyň öz eden pendi. Ýagny, ugratjak wagty ol maý tapyp, özüniň gelejekki giýewsine: «Adyna hat ýazyp, suwjuk çözler bilen gyzy uýada goýup ýörme, Böri jan, öýüňize ýazaňda bize-de salam aýt, boldy şol. Biz düşüneris» diýipdi. 
Asyl ol başda-da Gökbörä: «Halaşdyňyz, taň etdiňiz. Men garşy däl. Birentekleri ýaly duşuşjak, öpüşjek bolup, harabadan-haraba bukdaklaşyp, haýatdan-haýata bukulyşyp ýörmäň. Şü öýde, men gözümiň alnynda görşüp, gürleşip ýörşüňiz besdir. Şeýtseňiz soň durmuş süýji bolar. Gadyr-gymmatyňyz artar» diýipdi. 
Zerkäkiliň özem şol düzgüni kem görenokdy. 
Soňabaka muňa Gökböriniň özem öwrenişdi. Pynhan sakladygysaýy söýgüsiniň has möwç alýandygyny duýdy. 
...Onuň iberen salamy şol gün agşam eneli-gyz üçin ullakan şatlyk boldy. Begençlerine bir wagtlar, bir ýerlerde bukup goýan bir düwür gantlaryny çykaryp, tä ýarygijä çenli süýjüli çaý içdiler. Ýekeje gezek ady tutulmadygam bolsa, bu üýtgeşik çaý içişligiň kimiň hatyrasyna gurnalandygyny eneli-gyzyň ikisem juda ýagşy bilýärdiler. 

6. 

Şeýdip, aradan bir ýarym ýyldanam gowrak wagt geçdi. 
Bir günem, güýz aýlary bolsa gerek. Towşan gum içindäki daşgynrak garyndaşlarynyň biriniňkä toýa gitdi-de, «gyzyl tapan gyrnak» ýaly ýyljyraklap geldi. Gelşi ýalam egen-tegeniň içinde kakasy bilen çaý içip oturan ogly Aždaryň ýanyna girdi. Onuň elindäki içi eşrepi ýaly gyzyl hem gyzgyn çaýly käsesini garbap diýen ýaly aldy-da: 
― Men-ä ahyr seniň ýitigiňi tapandyryn, jan oglum... ― diýdi. «Şirp» etdirip bir gyrasyndan çalarak owurtlady. ― Edil, şolar ýaly gyzyň bir ýerlerde bardygyny bilip garaşan ýaly-da sen... 
Peleň awçy bir zatlar diýdi. Onuň bir wagtlar Aždaryň Gökbörä: «Seň halanyň bilen ol göwnejekmişinmi» diýşi ýaly, adatça aýdylaýmaly zady aýdandygyny Aždar-a çak etdi, esasy dilmajy bolan Towşan bolsa magat bildi. 
Şonuň üçinem ol demi-demine ýetmän, «has-has» edip oturyşyna: 
― Göwnär, näme göwnemän! Meň Aždarym ýaly ýigit tapsa göwnemejek gyz bolmaz. Onsoňam men eýýäm olaryň agyzlaryny ysgadym. Görgüliler ogul-gyzlaryny basymrak ile-güne goşubilseler kaýyl asyl. Ho-ol, geçhä-geçlikde baýlar bilen Eýrana, ondanam Owgana geçenler bar-a, ana, şular-da, şolar. Ynjalman gaýdypdyrlar... Esasanam gyzlary ýetişenden soň bilipdirler, ýalňyşanlaryny... ― Ol indi ogluna tarap öwrüldi. ― Gyz welin gyz jan-da! Şoňa göwnüň ýetmese hiç kime-de ýetmez. 
Peleň awçy bir zatlar diýdi. 
Towşan başyny ýaýkady. 
― Ýok, toý edenler olar däl. Toý edere bu wagt olaryň ýagdaýlaram ýok. Zordan özlerini atypdyrlar. Watan küýsäp gaýdypdyrlar. «Özümizi şo topraga, iliň-günüň içine atsak bolýa, galanynyň bir alajy bolar...» diýipdirler. Hökümet rugsat berse, oba siňäýmek hyýallaram ýok däl... 
Aždar gorsanyp ugrady. 
― Eje, sen maňa birinjiden-ä olaryň salgysyny ber, ikinjidenem barar ýaly bir bahanajyk tap. 
― Wiý-ý... Bahanaň-a honha, Habyp daýyň toýuny gutlap barybermeli. Galanyny olaň özleri oňararlar. Aýdyp gaýdandyryn... 
«...Iki günde gelerin» diýip giden Aždar üç gündenem köp eglendi. Aýdyşyna görä, Habyp daýylary oň ejesiniň aýdyşyndanam gowy garşylapdyrlar. Gyz bilen emin-erkin duşuşdyrypdyrlar, gürleşdiripdirler. 
Netije garaşylyşyndanam gowy bolupdyr. Aždar-a gyz entek günortanaralar eli setilli suwa geçip barýarka, gara öýüň gözeneginden görkezişleri ýaly: «Tü-üýs, meň diýýän gyzym şü...» diýip, duran ýerinde «diriň-diriň» böküberipdir. Ony telim wagt bäri gözläp ýörendigini duşuşyk mahaly gyzyň özüne-de aýdypdyr. 
Gyzam gaty bir geregini artdyrjak bolubam durmandyr. «Tas ýat illerde galypdym. Hern-ä öz ilime gowuşmak nesibäm bar ekeni. Şoňa-da şükür. Toýa gelende ejeňem ejem daga duýdurypdyr. Gowy gyzyňyz bar ekeni, garyndaşlygy täzeläýsek ýagşy bolardy» diýipdir. Biziňkilerem «Nesibedir, göreli, näwagt, näzamana, soraşyp ideşeli, ýaşlaram görüşsünler, birki agyz söz alyşsynlar. «Soňky gün «Meni öz eliňiz bilen ýakdyňyz» diýmesin» diýipdirler. Ine, bizem duşuşdyk. Men-ä garşy däl. Senem şol pikirde bolsaň, bar-da aýdaý, gelibersinler. 
Daşyndan seredeniňde diýseň dymma görünýän gyzyň edil erkek adam ýaly mert, pert-pert gürläp durşy Aždary diýseň hoşuna geldi. Gyzyň akýagyz, daýaw göwresine gelşik berip duran çomuç deý bilekleri, kösük deý barmaklary, her sözünde yranjyrap, dem alanda özüne tarap owsunjyrap gidýän gaba göwüsleri, ak alkymyň üstünde hasam gara görünýän örümli saçlary, balkyldap bäri bakanda nazaryny sowmaga mejbur edýän ala gözleri welin, bir demde Aždary otlara salyp, ýüreginiň ysgynyny alan, şunça ýyllap nähili agyr ýüküň yşgynda gezendigini bildiren bolsa gerek, çünki, ol dolanyp gelende gidendäkisinden has sus geplemezek bolup geldi. Ýygy-ýygydan sowuk demini aldy. Zol-zol guma, düýn-öňňinjik gidip gelen ýoluna tarap garady. Basymrak toý sähediniň bellenerini, ejesiniň diňe şol hakda gürlemegini isledi. 
Towşan ýene ýyl ýarymjyk garaşyp, Gökböri gelenden soň goşa toý etmek baradaky girizen teklibini halamady.

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir